Belent üstünlikleriň gözbaşy

11 Iýun 2024
585

Ýurdumyzda innowasion ösüşiň ýoluna gadam basylmagy, durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň diňe bir giň nazaryýet gözýetimini däl-de, eýsem, dürli görnüşdäki hünär wezipelerini çözmäge döredijilikli çemeleşmegini talap edýär. Ýurdumyzyň geljegi ýaşlar bilen baglydyr, munuň özi olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagynyň zerurlykdygyny aňladýar. Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş alymlaryň, ylmy işgärleriň ylmy-barlag işlerini geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň yhlasly zähmeti, zehin baýlygy, maksada okgunlylygy bilen gazanýan bilimi we ylmy röwşen geljegimiziň ygtybarly gollardadygyny görkezýär. Okamaga, öz saýlap alan hünäriňe eýe bolmaga, döretmäge ähli ýollaryň açyklygy hormatly Prezidentimiziň

ýaşlar üçin edýän tagallalarynyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim-ylym ulgamynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilen ynsanperwer kadalarynyň durmuşa geçirilmegi, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, milli miras bilen döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ylym-bilimiň ähli ösüşlerimiziň gözbaşy bolup durýandygyny görkezýär.

Rejepgül HAIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti.
Beýleki habarlar