"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýer gatlagynda nebitiň emele gelşi we ýerleşiş şertleri hakynda

Nebitiň genetiki tebigatyny we onuň emele geliş şertlerini öwrenmek birnäçe döwre bölünýär. XX asyryň 50-nji ýyllarynda dünýäde dürli suw howdanlarynyň (köl, aýlag, deňiz, umman) çökündilerinde nebit uglewodorodlarynyň açylmagy bilen rus alymy A.Gorskaýa, amerikan alymy F.Şmit tarapyndan 5-nji döwür başlanýar. Ilkinji organizmlerde, çökündileriň we jynslaryň organiki maddalarynda hem-de känlerden alnan dürli nebitlerde uglewodorodlaryň we olaryň biohimiki deslapkylarynyň (progenitor) molekulýar düzüminiň düýpli öwrenilmeginiň netijesinde nebitiň enelik maddasynyň biogen tebigaty barada ynandyryjy subutnamalar alyndy. Hakykatdan-da, biogen tebigaty bolan örän özboluşly, köplenç, çylşyrymly gurlan molekulalar gurluşlaryň — hemofissiliniň nebitiň düzüminde tapylmagy babatda has-da möhüm açyş boldy. Nebitiň litogenez netijedigi hem anyklandy. Nebit suwda çöken çökündilerde organiki maddanyň (kerogeniň) önümleriniň filizasiýalaşan (jaýlaşdyrylan) girofet fazasyndan ybarat bolan suwuk zatdyr. Nebitiň emele gelşi uzak, köp million ýyla çekýän proses bolup, birnäçe döwre bölünýär. Taýýarlaýyş döwründe biohimiki we biokatalitik faktorlaryň täsiri bilen enelik dag jynslarynda diffuz halda pytran nebit (mikronebit) emele gelýär. Baş döwürde bitumlaşma netijesinde, mikronebitiň esasy bölegi emele gelýär, ol «bişip ýetişýär», düzümi boýunça hakyky nebite golaýlaşýar, soňra ýerasty dag jyns

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty abraýly sanawda

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy agza hökmünde girizildi. «The Times Higher Education World University Rankings 2025» diýlip atlandyrylýan sanaw ýakynda düzüldi. Ýer ýüzüniň 150 döwletinden 2 müňden gowrak ýokary okuw mekdebini öz içine alýan sanawda 2025-nji ýyl üçin dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleri görkezilýär. Täzelenilen sanawda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-sine «Habarçy agza» derejesi berildi. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem bar.

Halypa alymyň düýpli açyşlary

Alym Amanmämmet Paşanaýew iki sany monografiýa häsiýetli kitabyň, bir okuw gollanmasynyň, 75-den gowrak ylmy hasabatlaryň awtorydyr. Onuň awtorlar köpçüligi bilen bilelikde taýýarlan ylmy makalalarynyň sany 70-e golaýlaýar. Bu sanlar alymyň ylymdan ýüküniň ýetikdiginiň, bu ugra tutuş düýrmegi bilen gulluk edýändiginiň güwäsi. Türkmen politehniki institutyny 1965-nji ýylda tamamlap, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda işe başlan alymyň zähmet depderçesinde başga ýazgy ýok. Ol bu ýerde dürli ýyllarda inžener, uly inžener, kiçi we uly ylmy işgär, senagat geofizikasy bölüminiň başlygy, nebitsenagat geologiýasy we geofizikasy barlaghanasynyň müdiri bolýar. 2008-nji ýyldan bäri bolsa şol barlaghananyň esasy ylmy işgäri. 1972-nji ýylda geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alan alym 1981-nji ýyldan bäri uly ylmy işgär diýen adyň eýesi. 2017-nji ýylda A.Paşanaýewiň gatnaşmagynda taýýarlanan «Senagat geofiziki maglumatlar esasynda Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly ýataklarynda gorlaryň parametrlerini hasaplamagyň kesgitlenişi» atly okuw gollanma kitaby Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenip, «Ylym» neşirýatynda çapdan çykýar. Bu kitap, esasan, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň uglewodorodly ýataklarynyň gyzyl reňkli çökündileriniň kollektorlarynyň doýgunlyk häsiýetini anyklamakda, nebitgazly gatlaklaryň galyňlygyny

Sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Munuň özi berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyklarynyň we dostlukly gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem halkara guramalary, daşary döwletleriň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, eksport mümkinçilikleriň ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw maslahaty geçirildi. Sanly ulgam arkaly guralan bu okuw maslahata Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ýaponiýaly hünärmenler Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny ornaşdyrmakda amala aşyrylmaly işler bilen bagly soraglaryň üstünde jikme-jik durup geçdiler.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

ÝAŞ ALYM PEDERLERIMIZIŇ BINAGÄRLIK SUNGATYNDAKY AÝRATYNLYKLARYNY ÝÜZE ÇYKARDY

YNAM GÜÝÇLÜMI, YLYM?

OKAMAK HEMIŞE GEREK

Käteler ýaşaýyş üçin ilkinji zerur zatlary ýatlaýarlar: howa, suw.., galan ähli zatlar bulardan soňa goýulýar. Emma şol zerurlyklaryň hataryna goşulmaga mynasyp ýene bir zat bar, oňa Kitap diýilýär. Tehnikadyr tehnologiýanyň hernäçe ösýändigine garamazdan, kitabyň ornuny tutup biljek başga bir gymmatlyk ýok. Okamak – aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýäsi giň, ruhy belent, ýüregi kararly bolýar. Onsoňam, her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar, ýogsam şol kitap öňem öwran-öwran okalan bolaýsyn, her gezekde “bäh” diýdirýän täsin bir zadyň, jümläniň, paýhasyň, durmuş wakasynyň üstünden barýaň. Okasaň, köňül gözi ynjalykly, göwün mädäň dok bolýar. Onsoňam, okamak kär-hünär dannaýan zat däl, haýsy ugurda zähmet çekip, der dökýän bolsaňam, iňňän gerekli zat. Öz zähmet çekýän ugruňda kämilleşmek üçinem hökman okamaly. Sebäbi adamyň ruhuny kitap okamakdan üzňe göz öňüne getirip bilemok.

Yl­my ýy­gyn­dy ne­şir edil­di

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp taý­ýar­la­ny­lan «Sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik — döw­rüň şy­ga­ry, äle­me nus­ga­dyr da­na Py­ra­gy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň ma­ka­la­lar ýy­gyn­dy­sy res­mi ne­şir edil­di. Yl­my ýy­gyn­da Türkmen döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ry­nyň, ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň yl­my iş­gär­le­ri­niň, hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan yl­my ma­ka­la­la­ry gi­ri­zil­di.

Oba hojalygy: döwrebap tejribeler. giň mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak boýunça utgaşykly, ylmy esasly döwlet syýasaty halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň hem-de howpsuzlygynyň kepilidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýetilýän sepgitleri mübärekläp: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk pudagynyň işini halkara derejede ösdürmek, ony dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşdyrmak, türkmen daýhanlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçireris. Oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri dowam etdirmek bilen, tohumçylyk işini döwrüň talabyna görä kämilleşdireris» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylygyny ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işler kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan azyk bolçulygyny üpjün etmekde belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyz diňe bir azyk

Ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi

Institutymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde guralan maslahata baýry bilim ojagymyzyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda professor-mugallymlaryň ylmy çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä edebiýatynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrülendigini we adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga hyzmat edýändigini hem-de türkmen diliniň ösmeginde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şeýle-de beýik akyldaryň döredijiliginiň ýaşlara bahasyna ýetip bolmajak mekdepdigi aýratyn bellenildi.

Halypa geolog

Berdi Myradowiç Täçmyradow öz döwründe Türkmenistanyň belli we baý tejribeli geologlarynyň biri bolmak bilen, onuň ýokary derejede iş başarjaňlygynyň netijesinde Gündogar Türkmenistanda gazly we gazkondensatly känleriň senagat gorlaryny hasaplamak boýunça hasabatlarynyň 20-ä golaýynyň (Demirgazyk Ojak, Naýyp, Demirgazyk Balguýy, Tejen we Gündogar Tejen, Mollaköl we Şorköl, Üçajy, Seýrap, Gündogar Üçajy, Malaý, Gazlydepe (Gagarin), Ýolguýy, Çartak, Çägelik, Bäşgyzyl (Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy) we Kükürtli) Gorlar baradaky Döwlet toparynda tassyklanandygyny bellemek gerek. Hasaplanan gaz gorlary ýokary derejede tassyklanyşy bilen häsiýetlenýär. Tanymal geologyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda belli bolan goteriw ýarusynyň «şatlyk» önümli gorizonty boýunça uly kän hasaplanýan Malaý käniniň demirgazyk-gündogar böleginde onuň gazly meýdanynyň artmagyna mümkinçiliginiň bardygyny göz öňünde tutup, ol ýerlerde seýsmiki barlag işlerini geçirmek teklip edilmek bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär. Soňra ol işleriň netijelerine laýyklykda, meýdanda birnäçe gözleg-barlag guýularyny burawlamak teklip edilýär. Goşmaça burawlanan guýularyň netijesinde käniň şol böleginde täze gümmeziň bardygy ýüze çykarylýar hem-de käniň gaz gorlary 14 milliard m3 golaý artdyrylýar.

Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwrebap tehnologiýalar we ýokary innowasiýalar durmuşymyza tiz aralaşýar. Bilim ulgamynda iň häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösüşiniň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze mümkinçiliklerini açýar.

Ählumumy tagallalara goşant

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Onuň işine baýry ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, käbir döwletleriň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Iki tapgyrdan ybarat bolan maslahatyň birinji tapgyrynda institutymyzyň rektory, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsirine ünsi çekdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa sowatlylygyny kämilleşdirmek bu ýagdaýlaryň öňüni almakda möhüm ädim bolar.

Ýer — ekeniňki...

Ýurdumyzyň oba hojalygynda peýdalanylýan ýerleriň gurplulygyny ýokarlandyrmakda, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmakda, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň seleksioner alymlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeli bolmagyny gazanmakda ekin dolanyşygynyň uly ähmiýeti bar. Ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygy talabalaýyk we ekinleriň görnüşlerine görä ýola goýlanda gowaçadan, bugdaýdan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik döreýär.

Ylym — köňülleriň çyragy

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda käbesi Ogulabat ejäniň gymmatly sargytlaryny ýatlaýar: «Ylym ― köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar. Kalbyňyzyň şamçyragy güýçli nur saçdygyça, gözýetimiňiz şonça-da uzaklary saýgarar». Ömür ýoluňa şugla saçjak bu pentlerde ylma bolan gadymdan gaýdan hormat-sarpanyň özenini görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimiň diňe bir maşgalada däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde ynsan köňlüni nurlandyrmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Hawa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diýarymyzda ýaş nesliň ýokary derejede, döwrebap bilim almagyny gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýaş alymlaryň, ylmy açyşlaryň, şeýle-de bilim ojaklarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Dünýä ölçeglerine laýyk ösdürilýän bu ulgamda iň kämil hünärmenleri taýýarlamak işi ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 ― 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik he

Ylym — ösüşlere badalga

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýöne ýere däl, çünki baş baýramyň öň ýanynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitlere nazar aýlap, geljek üçin çelgileri bellemek kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işleriň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygyny nygtaýar. Alym Arkadagymyz şeýle hem ýurdumyzda ýerine ýetirilýän ylmy barlaglaryň netijeli, geljegi uly ugurlara gönükdirmelidigini belläp geçýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem alym Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny ynam bilen dowam etdirip, ylmy barlaglaryň geriminiň giňelmegini we olaryň netijesindäki ylmy esaslandyrmalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny esasy wezipe hökmünde kesgitleýär. Öňde duran bu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen kabul edilen döwlet maksatnamalarydyr hojalyk hasaplaşygyndaky şertnamalar boýunça ýurdumyzdaky hereket edýän önümçilikleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Muňa mysal edip, «Sement önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak», «Ýerli çig mallaryň esasynda tebigy boýaglary almak we ulanmak», «Gidroar

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE Ýaş alym derýa gyrmançalarynyň çölleri özleşdirip bilijilik ukybyny ýüze çykardy

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýa özi bilen her ýyl ýüzlerçe tonna gyrmançany alyp gelýär. Bu gyrmançalar, birinjiden, derýa ýakasynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi üçin oňyn şertleri döredýän bolsa, ikinjiden, olar derýa ýakasyndaky çöl giňişliklerini özleşdirip, ekerançylyk ýerlerine öwürmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Rasul Toýmyradow öz ylmy gözleglerinde subut etdi. Ol bu iş bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşikde şu ýyl birinji ornuň eýesi boldy. Rasul mugallym munuň üçin 2019-njy ýyldan bäri derýanyň ýakasynda ylmy gözleglerini alyp barýar. Ol şol gözlegler üçin Amyderýanyň hanasynyň iň giň ýerleriniň biri bolan Dänew etrabynyň çägini saýlap aldy. Bu çäkde derýanyň giňligi 5 kilometre çenli ýetýär.

«Ylym okan ýol ta­nar»

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Ýurdumyzda Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýär. Däp bo­lup gel­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da her ýyl tä­ze okuw ja­ý­la­ry­nyň bi­na­la­ry gu­rul­ýar we ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Tä­ze okuw ýy­ly­nyň ba­şyn­da Wa­ta­ny­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we et­rap­la­ryn­da bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­ýär, ol çä­re­le­re ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we ýer­li ýa­şaý­jy­lar gat­naş­ýar­lar.

Yl­my-ama­ly mas­la­hat

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi

Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi baradaky çaklamalarda olaryň organiki we organiki däl emele gelşi barada aýdylýar. Nebitiň we gazyň organiki emele gelşine esaslanyp, iri nebit-gaz toplanan zolaklary açmakda uly işler edilip gelinýär. Nebitiň genetiki tebigatyny we onuň emele geliş şertlerini öwrenmekligi ylym birnäçe döwre bölýär. 1-si — ylmy garaýyşdan (1546 ý.) öňki döwür. 2-si ylmy çaklamalar döwründe 1759-njy ýylda rus alymy M.W.Lomonosow tarapyndan nebitiň organiki emele gelmesi baradaky pikir aýdyldy. Nebitiň emele gelşi baradaky ylmy çaklamalaryň 3-nji döwri nebit senagatynyň döredilmegi we ösdürilmegi bilen baglydyr. Bu döwürde nebitiň organiki däl (mineral) we organiki emele gelşi barada ençeme çaklamalar peýda boldy.