Ählumumy tagallalara goşant

12 Sentýabr 2024
37

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Onuň işine baýry ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, käbir döwletleriň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Iki tapgyrdan ybarat bolan maslahatyň birinji tapgyrynda institutymyzyň rektory, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsirine ünsi çekdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa sowatlylygyny kämilleşdirmek bu ýagdaýlaryň öňüni almakda möhüm ädim bolar.

Ogulşat HUDAÝBERENOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar