"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Dünýäde iň çuň mawy gowak

Seýil edeliň bu jahana!

Kazanlylaryň buýsanjy «Lazurnyýe nebesa» atly bina Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheriniň Sowetskiý etrabynda ýerleşýär. Bu desga şäheriň iň beýik binasy hasaplanýar. Beýikligi, takmynan, 120  metrden gowrak bolan bina 2013-nji ýylyň 29-njy noýabrynda açylyp ulanylmaga berildi. 37 gatdan ybarat bolan desgada birnäçe ýaşaýyş jaýlary, dükanlar, kafeler we ýerasty awtoulag duralgasy bar. Bu bina özüniň ajaýyp binagärligi, owadanlygy we täzeçilligi bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.

Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär

Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär. Bu barada Şanhaý şäheriniň Medeniýet we syýahatçylyk müdirligi habar berýär. Bu maksatnama Ctrip ady bilen belli bolan Trip.com Group syýahatçylyk platformasy tarapyndan ýola goýuldy hem-de tölegsiz ulag, ýolbelet, internet, daşary ýurt puluny çalyşmak ýaly hyzmatlary göz öňünde tutýar.

Braziliýada howa menzilini we uçarlary suw basdy

Braziliýanyň Portu-Alegri şäheriniň Salgadu Filýu howa menzili güýçli ýagyşlardan soňra suwa gark boldy. Bu barada «CNN Brazil» habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoda uçarlaryň we howa menziliniň suwuň içinde galandygy görünýär. Howa duralgasy işini 30-njy maýa çenli togtatdy.

Seýil edeliň bu jahana!

Täsin myhmanhana Londonda ýerleşýän gök reňkli «Shard» binasy 72 gatdan ybarat bolup, onuň gurluşygyna 2009-njy ýylda başlanyp, 2012-nji ýylyň iýul aýynda açylyp ulanmaga berilýär. Diňe aýna bilen örtülen binada birnäçe ofisler, myhmanhanalar we 7 sany restoran bar. Beýikligi 309,6 metr bolan ajaýyp binanyň binagäri italiýaly Renzo Pianodyr. Ussat binagär öz täsin taslamasyny «Dik şäher» diýip atlandyrýar. Binanyň özboluşlylygy, täsinligi köpleriň ünsüni çekýär.

Jümle-jahan habarlary

Iň köp ýagyş ýagýan ýer

807 million amerikan dollary möçberinde girdeji aldy

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Gruziýa syýahatçylyk pudagyndan 807,7 million amerikan dollary möçberde girdeji aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,5 göterim ýokarydyr. Ýeri gelende bellesek, ýurda, esasan, Russiýadan, Türkiýeden, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Ysraýyldan we Azerbaýjandan has köp jahankeşdeler barýar. Maglumat üçin, 2023-nji ýylda Gruziýanyň syýahatçylyk pudagyndan alan girdejisi 4,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirýär

Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini birtaraplaýyn ýönekeýleşdirýär. Bu barada Eýranyň söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalyk edarasynyň başlygy Samad Hassanzade Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Tähranda geçirilen duşuşykda mälim etdi diýip, «Tahran times» habar berýär. Saman Hassanzade Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdany giňeltmegiň iki ýurduň arasynda ýeňillikli söwda ulgamynyň döredilmegine baglydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-eýran söwda dolanyşygy häzirki wagtda ýyllyk 450 million amrikan dollara deň bolup, geljekde bu görkezijini has artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bardyr.

Türkmenistana «Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy geldi

«Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy 1-nji maýda türkmen-özbek serhedinden geçip, 2-nji maýda Aşgabat şäherine geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gelýän otluda ýedi ýurtdan 97 syýahatçy bar diýip, HHM ýazýar. Syýahatçylar toparynda ABŞ, Hytaý, Kanada, Russiýa, Singapur, Beýik Britaniýa we Wengriýa ýaly ýurtlardan wekiller bar.

Aşgabat — London gatnawy boýunça petekler onlaýn satuwa çykarylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasynda Aşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady. 2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 TMT, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399.7 TMT. Şeýlelik bilen, ikitaraplaýyn petekleri 10017,6 TMT satyn alyp bolar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde «Airbus» we «Boeing» uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Türkiýäniň Milli awiagatnadyjysynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Bolat habar berdi diýip, TASS ýazýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala-Lumpur şäherine goşmaça uçuşa başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy maý aýynyň başyndan Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuşa başlady. Bu barada awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi. Täze uçuş her sişenbe güni amala aşyrylar we türkmen howa ýollarynyň Malaýziýanyň paýtagtyna gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar. Goşmaça uçuşy ýola goýmak karary iki ýurduň arasyndaky barha artýan howa syýahatyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin kabul edildi.

«Dünýä Syýahat» täze ýola goýan hyzmaty barada habar berýär

«Dünýä Syýahat» hojalyk jemgyýeti täze hyzmaty — howa menzilinden myhmanhana ýa-da müşderiniň islegi boýunça başga bir salga alyp gitmek hyzmatyny ýola goýdy. Bu hyzmat dünýäniň islendik howa menzilinde elýeterlidir. Täze hyzmat syýahatçylara barmaly ýerlerine amatly we arkaýyn barmaga mümkinçilik berýär.

Seýil edeliň bu jahana!

Bereketli bazar Özbegistanyň Daşkent şäheriniň Almazar etrabynda ýerleşýän «Çorsu» bazary Merkezi Aziýada iň uly bazarlaryň biri hasaplanýar. XV asyrda gurlan bu bazaryň depesi owadan nagyşlar bilen örtülen ýapyk görnüşli bolup, umumy meýdany 75 metre barabardyr. Ilatyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu bazar 3 gatdan ybarat bolup, aşaky gatda ýerzemin, dynç alyş otaglary, ýokarky gatlarda bolsa dükanlar ýerleşýär. Bazarda söwda nokatlary satylýan harytlaryň görnüşlerine görä bölünýär.

Jümle-jahan habarlary

Bütindünýä binagärlik paýtagty

Rus kruiz gämisi 2025-nji ýylda Hazaryň bäş ýurduny birleşdirer

2025-nji ýylda täze «Wladimir Žirinowskiý» gämisi Hazaryň kenarynda ýerleşýän bäş döwleti – Türkmenistany, Russiýany, Azerbaýjany, Eýrany we Gazagystany birleşdirýän ugur boýunça syýahata başlar. Bu barada «TASS» Russiýa Federasiýasynyň Dumasynyň Syýahatçylyk komitetiniň agzasy Alekseý Woloskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär. Astrahanyň «Lotos» gämi zawodynda gurulýan dört palubaly gämi 2024-nji ýylda ulanylmaga berler. 2025-nji ýylda bu gäminiň Wolga derýasyna hem-de Hazar deňziniň kenarýakalaryna, Hazarýaka döwletleriň bäşisini hem öz içine alýan ugur boýunça aýlaw görnüşli syýahatçylyk saparlaryny guramakda ulanylyp başlamagyna garaşylýar.

Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar

Dubaý ýylda 260 million ýolagça hyzmat etjek dünýäde iň uly aeroport gurmak barada maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada «Business Insider» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Emirligiň hökümdary Şeýh Mohammad ben Raşid Al Maktumyň beýanatyna görä, «Al Maktoum International Airport» atly äpet awiahabyň gurluşygyna öňdäki 10 ýylda 128 milliard dirhem (34,9 mlrd dollar) bölnüp berler. Howa menziliniň ýolagçy münüp-düşýän 400 geýti we bäş uçuş-gonuş zolagy bolar.

«Turkish Airlines» 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi

Türkiýedäki flagman «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2023-nji ýylda 83,4 million ýolagçy gatnadyp täze rekord goýdy. Bu 2022-nji ýyldakydan 16,1 göterim köpdür. Geçen ýyl halkara ýolagçy gatnawy 27,1 göterim artyp, 29,8 million adama ýetdi. Mundan başga-da, awiakompaniýanyň uçarlarynyň sany 440-a ýetdi. Geçen ýyl olaryň üsti täzeleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.

Keşt eýleseň bu Diýara...

Türkmenistan — taryhy-medeni ýadygärliklere, tebigy gözelliklere baý ýurt. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhy ýadygärlikler, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrýan içerki we daşarky syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň wajypdygyny belleýär. Bu babatda 1994-nji ýyldan bäri jahankeşdelere hyzmat edip gelýän «Aýan» hojalyk jemgyýeti hem göreldeli işleri alyp barýar. Kärhananyň alyp barýan işleri barada hojalyk jemgyýetiniň giriş syýahatçylygy bölüminiň müdiri Abdul-Samet Ablesenow:

Suwasty muzeý

2010-njy ýylda Meksikanyň Kankun şäherinde ilkinji suwasty muzeý açyldy. Muzeý Isla Muheres adasyndan daş bolmadyk Karib deňziniň 4 metrden 8 metre çenli çuňlugynda ýerleşýär. Ol ululygy hem-de içindäki eksponatlaryň sany, köpdürlüligi boýunça-da beýleki suwasty muzeýlerden tapawutlanýar. Muzeýde adamlaryň, binalaryň, ulaglaryň we başga-da köp zatlary sypatlandyrýan eksponatlar bolup, olar asyl ululykda bolşy ýaly sergilenýär. Muzeý adamzat bilen tebigatyň sazlaşygy, adamlaryň daşyny gurşap alýan tebigata aýawly çemeleşmegi, suwasty baýlyklary hem-de haýwanat dünýäsini goramagy ündemek üçin gurlupdyr. Şol sebäpden eksponatlarda ýörite suwasty haýwanat wekilleri üçin «öýjükler» hem göz öňüne tutulyp, taýýarlanypdyr.