«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala-Lumpur şäherine goşmaça uçuşa başlady

2 Maý 2024
622

«Türkmenistan» awiakompaniýasy maý aýynyň başyndan Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuşa başlady. Bu barada awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Täze uçuş her sişenbe güni amala aşyrylar we türkmen howa ýollarynyň Malaýziýanyň paýtagtyna gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar. Goşmaça uçuşy ýola goýmak karary iki ýurduň arasyndaky barha artýan howa syýahatyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin kabul edildi.

Beýleki habarlar