Seýil edeliň bu jahana!

15 Maý 2024
563

Kazanlylaryň buýsanjy

«Lazurnyýe nebesa» atly bina Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheriniň Sowetskiý etrabynda ýerleşýär. Bu desga şäheriň iň beýik binasy hasaplanýar. Beýikligi, takmynan, 120  metrden gowrak bolan bina 2013-nji ýylyň 29-njy noýabrynda açylyp ulanylmaga berildi. 37 gatdan ybarat bolan desgada birnäçe ýaşaýyş jaýlary, dükanlar, kafeler we ýerasty awtoulag duralgasy bar. Bu bina özüniň ajaýyp binagärligi, owadanlygy we täzeçilligi bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar