"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Paýtagtymyzda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi

Şu gün — 19-njy awgustda Aşgabat şäheriniň «Garagum» myhmanhanasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin!» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Geçirilýän halkara sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu sergide çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!»

Hut şeýle at bilen halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şu gün — 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda badalga alan «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!» atly birinji halkara sergi-ýarmarkasy hem ýurdumyzyň çagalary we olaryň ene-atalary üçin uly baýramçylyk sowgady boldy. Bu ýerde ilki bilen ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli milli harytlary, şeýle-de dünýäniň dürli döwletleriniň çaga oýunjaklaryny we okuw esbaplaryny öndürmekde meşhurlyk gazanan kärhanalarynyň harytlary ünsüňi özüne çekýär. Dil öwrenmek üçin niýetlenilen dürli öwredijilik ähmiýetli oýunlaryň ençeme görnüşi bagtyýar çagalarymyza hödürlenildi. Çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, gözýetimini çuňlaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan oýunlar surat çekmegiň, sowal-jogap alyşmagyň üsti bilen ýerine ýetirilip, olaryň oýna işjeň gatnaşmagy gazanylýar. Bu sergi-ýarmarkasynda görkezilen oýun şüweleňleri ýaş nesillerimiz üçin diýseň täsirli boldy. Ýatdagalyjy, ajaýyp pursatlaryň şaýady bolan jigilerimiziň şadyýanlyga, bagtyýarlyga beslenýän pursatlaryny synlanyňda, ulularyň hem çagalyk dünýäsine dolanasy gelýär.

Döwletli ýollar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize eýerilip, her bir halk bähbitli iş Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligi, işe geňeşli başlamak däplerini aýdyň görkezýän iň ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky arabaglanyşygyň berk binýady bolup durýar. Bu umumymilli forumyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular we ýaşlar döwletimiziň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuňňur düşünýärler.

Halk häkimiýetiniň kämil nusgasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarym ýyllygynyň jemini jemlän Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek baradaky tabşyrykdan ugur alyp, şu günler bu foruma taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden taryhy çykyşy külli türkmen halkyny buýsandyrdy hem-de durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz esasynda hem-de täze döwrüň talabyna laýyklykda, 24-nji sentýabrda geçiriljek ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halk häkimiýetiniň kämil nusgasy bolup, taryha altyn harplar bilen ýazylar.

Ähli gowy zatlar — çagalar üçin

Durmuşymyzyň güllerine deňelýän çagalar her bir ata-ene üçin iň eziz barlykdyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Diýarymyzda ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy, kadaly ösüp kemala gelmegi üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Düýn — 19-njy awgustda paýtagtymyzda açylan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy bilen tanşanyňda hem bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda geçirilen sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köpsanly ildeşlerimiz gatnaşdy. Dabara hormatly Prezidentimiziň «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine ynam bildirilýär.

“Ýaňlan, Diýarym! — 2024”

ÖKDELER ÖŇE SAÝLANDY Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň milli medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmegine, ösmegine aýratyn üns berilýändigini ýakynda welaýatymyzdaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen “Ýaňlan, Diýarym! — 2024” telebäsleşiginiň welaýat tapgyryndan hem görmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen bu bäsleşik uly şatlyk-şowhuna beslendi.

Dabaraly çäre

Biz — şadyýan körpeler TMÝG-niň Wekilbazar etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 1-nji, 2-nji, 3-nji çagalar baglaryndaky körpeleriň arasynda “Biz — şadyýan körpeler” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 1-nji, 2-nji, 3-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri, körpejeleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

YHLASLY IDEG — BEREKETLI HASYL Üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jogapkärli möwsümi — pagta ýygymy golaý gelýär. Pagta ýygymyna taýýarlykly baryp, ony guramaçylykly geçirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şu meselä bagyşlanyp, etrabyň Çerkezköl geňeşliginde “Yhlasly ideg — bereketli hasyl” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, Çerkezköl geňeşligi tarapyndan guralyp, oňa Sakarçäge, Agzybir geňeşlikleriniň işgärleri, oba ýaşaýjylary we kärendeçiler gatnaşdylar.

Ýaş nesil röwşen geljegimizdir

Çaga – durmuşymyzyň güli, röwşen geljegimiziň eýesi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýagty ertirimiziň dowamaty bolan eýjejik çagalarymyzyň  bagtyýarlykdan balkyldaýan gözlerinde, şadyýan ýaňlanýan gülki seslerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň nurly kuýaşy bar. Ynha, şu gün – 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär» diýen dürdäne sözleri ýurdumyzda körpe nesil baradaky üns-aladanyň dowamlydygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy.

Çäre geçirildi

Biz — bagtyýar nesiller TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşi bilen — Arkadagyň bagtyýar nesileri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Biz — bagtyýar nesiller” ady bilen türkmen milli oýunlaryny oýnamak we köpçülikleýin medeni sport çäresi geçirildi. Çärä welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir Golaýda şeýle at bilen TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstanlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 7. GOLDŞTERNIŇKIDE MYHMANÇYLYKDA

Döwletlilik ýörelgeleri rowaçlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, Watanymyzyň beýik ösüş-özgertmelerini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen Ak bugdaý etrabynda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan etrabyň çägindäki medeni ojaklarda, edara-kärhanalarda wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, maslahatlar we söhbetdeşlikler guralýar. Milli “Ak bugdaý” muzeýinde, welaýat kitaphanasynda guralan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler has-da täsirli boldy. Olaryň barşynda Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändigi, ajaýyp üstünlikleriň gazanylýandygy, berkarar Watanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalanýandygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Halk häkimiýetiniň milli nusgasy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Halk wekilçiligi, onuň gelip çykyşy, taryhy kökleri gadymydyr. Halkymyz ata-babalarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirip, halk häkimiýetiniň häzirki zaman milli nusgasyny döretdi. Bu ýol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we ýörelgeleri özünde jemledi. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, türkmen halky adamzat paýhasynyň, dünýä ösüşiniň ýoluny saýlap aldy. Häzirki wagtda döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýady pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, adatlaryny, durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygyny görmek bolýar.

Döw­let­li mas­la­ha­ta taý­ýar­lyk

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň dur­mu­şyn­da ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­na taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bol­mak bi­len, dö­wür­le­riň aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy­ny hem-de ne­sil­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny, Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re, saý­lap alan dö­re­di­ji­lik­li ýo­lu­na yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

«Türkmenistan Sport» halkara žur­na­lynyň tä­ze sa­ny

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň üç aý­da bir ge­zek ne­şir edil­ýän «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da­ky 2-nji sa­ny oky­jy­la­ra go­wuş­dy.

Döwrebap harytlar hödürlenilýär

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerinde mekdep bazarlaryna möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky iri söwda merkezleriniň, bazarlaryň ýanynda döredilen göçme söwda nokatlarynda ildeşlerimize mekdep harytlarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işläp başlamagy ata-eneleriňdir çagalaryň, talyp ýaşlaryň täze okuw ýylynda gerek bolan harytlary bir ýerden satyn almagyna ýardam edýär. Bu bazarlar zerur harytlar bilen üpjün edilendir.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Bagtyýar çagalaryň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň sagdyn ösüp-ulalmagy, sowat öwrenmegi, bilim almagy üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Eziz körpelerimiz — durmuşymyzyň gül-gunçalary, bagtyýar şu günümiz, nurana geljegimiz. Täze okuw ýyly hem barha golaýlaýar we oňa guramaçylykly girişmek babatda giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bilim işgärleri tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly usuly-okuw maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Bilim bermek işine okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion usullaryny, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň tehniki ulgamlardan, maglumat gorlaryndan peýdalanmak başarnygyny, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, körpeleriň ak mekdeplere taýýarlykly barmaklaryny gazanmak, ýaşlary döredijilik işlerine ugrukdyrmak babatda söhbetdeşlikler guralýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilýändigi, döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklarynyň yzygiderli alnyp barylýandygy, täze umumybilim berýän orta mekdepleriň ulanylmaga berilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda oňyn tejribelere, milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, okuw g

Milli demokratiýanyň ýoly bilen

Ata Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramyna barýar. Bu uly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda il-ýurt bähbitli möhüm meselelere garalar, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşde ýeten belent derejeleri barada gürrüň ediler, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Demokratik ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmakda, berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär» diýip belleýär.