Röwşen geljegimiziň şuglasy

18 Awgust 2024
192

Bagtyýar çagalaryň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň sagdyn ösüp-ulalmagy, sowat öwrenmegi, bilim almagy üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Eziz körpelerimiz — durmuşymyzyň gül-gunçalary, bagtyýar şu günümiz, nurana geljegimiz. Täze okuw ýyly hem barha golaýlaýar we oňa guramaçylykly girişmek babatda giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bilim işgärleri tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly usuly-okuw maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Bilim bermek işine okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion usullaryny, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň tehniki ulgamlardan, maglumat gorlaryndan peýdalanmak başarnygyny, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, körpeleriň ak mekdeplere taýýarlykly barmaklaryny gazanmak, ýaşlary döredijilik işlerine ugrukdyrmak babatda söhbetdeşlikler guralýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilýändigi, döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklarynyň yzygiderli alnyp barylýandygy, täze umumybilim berýän orta mekdepleriň ulanylmaga berilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda oňyn tejribelere, milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, okuw gollanmalarydyr kitaplary mazmun taýdan baýlaşdyrmak babatda hem derwaýys işler alnyp barylýar.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar