«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!»

19 Awgust 2024
320

Hut şeýle at bilen halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şu gün — 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda badalga alan «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!» atly birinji halkara sergi-ýarmarkasy hem ýurdumyzyň çagalary we olaryň ene-atalary üçin uly baýramçylyk sowgady boldy. Bu ýerde ilki bilen ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli milli harytlary, şeýle-de dünýäniň dürli döwletleriniň çaga oýunjaklaryny we okuw esbaplaryny öndürmekde meşhurlyk gazanan kärhanalarynyň harytlary ünsüňi özüne çekýär. Dil öwrenmek üçin niýetlenilen dürli öwredijilik ähmiýetli oýunlaryň ençeme görnüşi bagtyýar çagalarymyza hödürlenildi. Çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, gözýetimini çuňlaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan oýunlar surat çekmegiň, sowal-jogap alyşmagyň üsti bilen ýerine ýetirilip, olaryň oýna işjeň gatnaşmagy gazanylýar. Bu sergi-ýarmarkasynda görkezilen oýun şüweleňleri ýaş nesillerimiz üçin diýseň täsirli boldy. Ýatdagalyjy, ajaýyp pursatlaryň şaýady bolan jigilerimiziň şadyýanlyga, bagtyýarlyga beslenýän pursatlaryny synlanyňda, ulularyň hem çagalyk dünýäsine dolanasy gelýär.

«Güneş».
Beýleki habarlar