"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Möhüm meselelere bagyşlandy

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň giň mejlisler zalynda köp adamly işjeň maslahat boldy. Möhüm meselelere bagyşlanan bu maslahatyň işine welaýatymyzyň medeniýet, sungat, teatr, kitaphana ulgamynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap häkimleriniň şu ugra gözegçilik edýän orunbasarlary gatnaşdylar. Işjeň hem ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guramaçylykly geçen bu maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa giriş sözi bilen açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň nurana kalbyna deňelýän medeniýetimizi we sungatymyzy düýpli ösdürmek, ajaýyp nusgalyk kitaplaryny çuň öwrenmek we köpçülige wagyz etmek, «Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip mynasyp atlandyrylan ýylymyzyň her bir gününi zähmet ýeňişleri bilen bezemek, halkymyzyň baş mukaddesligi bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň şu ýyl uly dabaralara beslenip belleniljek şöhratly 30 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly öňde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli çözmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdi. Öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli we öz wagtynda amal etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr diýip, A.Durdyýewa aýratyn nygtady.

Döwrümiziň zehin uçgunlary

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň saýasynda bu günki gün bagtyýar körpeleriň şatlykly owazlary joşgunly ýaňlanýar. Ýurdumyzda ýaş oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýän zehinli nesiller ajaýyp döwrümizi buýsançly wakalara besleýärler. Her ýyl zehin ýyldyzjygy bolup şöhle saçýan şadyýan çagalaryň ençemesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşurylýar.

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

DOKUZYNJY SAHYPADAN SOŇ Kitap okap otyrkam ol kitapda kitap okamaga dahylly şeýle sözlere duşdum: «Döredijilik öýünde ýanyma Aleksandr Bek geldi:

Täze ýylda täze bagt ýa-da bagtly bolmagyň 5 sany esasy şerti

Dünýä döräli bäri ynsan oglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy «Bagtly bol!», «Alnyň, bagtyň açyk bolsun!» diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syry nämede?! Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlardan başlap, ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen söz ussatlarynyň, akyldarlaryň aýdyp geçen dana pähimlerine, beren öwüt-ündewlerine, pikirlerine, şeýle hem nazary garaýyşlaryna salgylanmak arkaly özüniň «Durmuşda bagtly bolmagyň 5 şerti» atly kitabyny ýazýar. Bu kitap durmuşyň iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde hem iň möhüm esaslaryny beýan edýär. Ol her bir adamyň şu aşakdaky 5 ýörelgäni berjaý eden halatynda özüne ebedi bagtly durmuşy gazanyp biljekdigine ynanýar.

Tymsallar

IŇ YGTYBARLY DOST Bir gezek Nejmeddin Kubranyň ýanyna gelip, bir ýaş ýigit özüniň dost tutunmakda ýalňyşýandygyny, nähili adamy dost tutunsa oňat boljakdygyny sorapdyr.

Ajaýyp mekan

Uly joşgun bilen garşylanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gözel şäherimizde gurulýan her bir desganyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen kämil derejede sazlaşmalydygyny, onuň ähli babatda dünýä nusgalyk derejede bolmalydygyny nygtaýar. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Şunda Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar — 12 gatly ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi, Parahat 7, «Täze zaman», Çoganly ýaşaýyş toplumlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 14, 15, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gurlan desgalar, döwrebap ýollar, olaryň ugurlarynda ýetişdirilen täsin baglar, al-elwan güller bu gün paýtagtlylaryň hem-de myhmanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwrülýär. Paýtagtymyz Aşgabatda bina edilýän her bir desgada halkymyzyň abadan we medeniýetli ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işler uly rowaçlyklara beslenýär. Paýtagtymyzyň ösüşinde häzirki zam

Beýik işleriň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen gözel paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, onda-da ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi diňe bir paýtagtymyzyň däl, tutuş ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda mähriban halkymyzyň, şol sanda telekeçilerimiziň, gurluşykçylarymyzyň agzybirlikli çekýän asylly zähmetine buýsanjyň has-da artýar. Aýratyn hem, ak şäherimiziň nurana keşbinde, ýollaryň ugurlarynda, çatryklarda oturdylan mahabat şitlerine, monitorlara bezeg berýän türkmeniň bitewüligini, agzybirligini, milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan özboluşly şekillere, haly göllerine, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleriniň suratlaryna, binagärligiň täsin görnüşlerine gözüň düşende kalbyňda ajaýyp duýgular peýda bolýar. Aşgabat — ajap eýýamyň şuglasy, beýik ösüşlerimiziň kerwenbaşysy. Baş şäherimizde bagtyýar ýaşaýyş üçin döredilýän ajaýyp şertleriň düýp mazmunynyň hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgesinde jemlenýänligi bolsa biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen täze gurulýan ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Şunda türkmen paýtagtynyň gazananlarynyň, rowaçlyklarynyň, şeýle hem ýaşyna görä her bir adam bilen bagly bolan durmuş düzümleriniň kemala getirilmeginiň özi onuň özboluşly

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin düşümli bolar. Durmuşyňyzda boljak şowly pursatlar köpleri haýran eder. Hamallar geljek hepdede özlerini alyp barmakda ozalky ýörelgelerine eýermeli we sabyr-takatly bolmaly. Hepdäniň ikinji ýarymynda hamallara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Hepde at-abraýyňyzy galdyrmakda, kärdeşleriňiz bilen dil tapyşmakda has oňaýlydyr.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda her bir ýylymyz şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň makullamagy esasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň şeýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Ol biziň ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýylda hem ähli ulgamlarda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetiler. Bu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagyna buýsanjymyzyň, begenjimiziň çägi ýok. Biz — mugallymlara işlemäge, şeýle abadan durmuşda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Milli kanunçylygymyza buýsanç Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kanunlarynyň esasy özeni, ýol-ýörelgesi halallyk, adalatlylyk düşünjeleridir. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygyny gazanmak hakyndaky aladalary eziz Diýarymyzy ygtybarly özgertmeler arkaly öňe gitmegini üpjün edýär.

Öňdebaryjy ulgamyň uly geljegi

Islendik döwletiň ösüşli ýoluny ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösdürilmegi kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Milli Liderimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň uly orna eýe bolmagy bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýratynam, bu babatda sanly ykdysadyýetiň jemgyýetimizde durmuşa ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Arkadag Prezidentimiziň 2019 — 2025- -nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen gürrüňi edilýän meselede giň möçberli işler amala aşyrylyp başlandy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda kämil tehnologiýalar, innowasiýalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýetiň barha işjeň ornaşdyrylmagy wagtyň tygşytlanmagyna, bäsleşige ukyply önümleriň, harytlaryň öndürilişini artdyrmaga giň ýol açýar.

Möhüm meselä bagyşlanyldy

Täze ýyl baýramynyň yzysüre TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda okuw-maslahat geçirildi. Bu okuw-maslahat TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralyp, oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, pudaklaýyn geňeşleriniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw-maslahatda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr” at bilen geçirilen okuw--maslahatda milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda, olary ilkinji guramalaryň başlyklaryna, işjeň agzalaryna ýetirmekde, wagyz etmekde, olaryň işjeňligini has-da artdyrmakda çözülmeli möhüm meseleler barada pikir alşyldy.

Söýgüsi ― il, serpaýy ― alkyş

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Halaç etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan Berkarar zaman obasy diňe bir döwrebap keşbi bilen däl, eýsem, biri-birine barha ysnyşýan ýaşaýjylarynyň agzybirligi, ýürekdeşligi bilen hem göwnüňi göterýär. Ýaşaýjylaryň hersi bir ýerden göçüp gelen hem bolsalar, olar gysga wagtyň içinde ýürekdeş goňşulara, mähirli obadaşlara öwrülip gitdiler. Bu gün biri-biriniň toý-märekesinde hemmeleriň bilek çyzgap, hyzmat edip ýörenini göreniňde, göwnüň guş bolup uçýar. Men — eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu döwrebap obanyň ýaşaýjysy. Oba ilatynyň arasynda agzybirligi, jebisligi, ýaşlaryň arasynda edep-terbiýäni wagyz etmekde oba geňeşliginiň wekilleriniň hem uly paýy bar diýip düşünýärin. Ýaşulular bilen her gezek Geňeşligiň jaýyna baranymyzda, onuň hünärmenleriniň il-günüň aladasyna gurşalanlygyny görüp has guwanýarsyň. Gysga wagtyň içinde il-günüň ýüreginde ýer edip bilen hünärmenleriň biri-de Maýa Akyýewadyr.

Gül Watanyň goýnunda

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleriniň joşguny bagtyýar çagalaryň kalbyna ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etdi. Çagalaryň şadyýan gülkülerine şaýat bolanyňda olaryň bagtyýar döwrüň bagtly balalarydygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen eziz Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ady dünýä dolan ýurdumyzda ýaş nesiller üns-alada bilen gurşalýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sporta, sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek üçin dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi-de uly ähmiýete eýedir. Düýn Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan okuwda, döredijilikde, sportda we beýleki ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesine Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Olaryň ählisi hem mekdepde göreldeli okamak bilen birlikde jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolup, milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzyň abraýyny belende götermäge mynasyp goşant goşýan zehinli çagalardyr. Biziň welaýatymyzdan hem bagtyýar çagalaryň ýedisi bu baýraga mynasyp boldy. Olaryň eziz Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyş sözleri bolsa bu dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.

Ýylymyzyň ady — ýolumyza çyrag

Ata Watanymyz parahatçylyk ýoly bilen ösüşleriň belentliklerine, şanly üstünliklere barýar. Ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny päk niýetler, ýagşy arzuwlar bilen garşy aldyk. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýylymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň ýyly bolar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarydyr halypa mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda ýylyň nyşany, hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary, haly önümleri, dutar, gyjak, deprek ýaly milli saz gurallarymyz ýerleşdirilipdir. Şeýle-de keramika, mis küýzeleri we arheologiýa tapyndylar sergä özboluşly gözellik berip, bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi.

“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň Kararlary bar.

Zehin zehinden zyýada

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy. Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylymda, bilimde tapawutlanan çagalaryň has köp bolmagy ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

Abadan durmuşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär». Eziz Diýarymyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň manyly ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny dabaralandyrýar. Bu gün obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz täze, döwrebap keşbe girýär, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň — iri zawoddyr fabrikleriň hatary giňeýär, ilatyň ýokary amatlykly şertlerde zähmet çekmegine şert döredýän täze iş orunlary emele gelýär, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter ýokarlanmagyny üpjün edýär. Tamamlanan ýylda ýurdumyzyň çar künjeginde ajaýyp desgalaryň ençemesiniň gurlup, ilatyň hyzmatyna berlendigini nygtamak has-da ýakymlydyr. Ildeşlerimiziň sagdynlygyna, bagtyýarlygyna, ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen şeýle desgalaryň hatarynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki, «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş düzümine degişli döwrebap desgalar toplumyny

Halal zähmet — baky döwlet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet gullukçylarynyň halallygyny berkitmäge gönükdirilen kämil kanunlaryň biri-de, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Täze taryhy eýýamda bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýany duýdurmagyň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenilişi ýaly, korrupsiýa garşy göreş korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we üstüni açmak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak we günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek maksady bilen alnyp barylýar. Şeýle hem ol korrupsiýanyň ýüze çykmalaryndan gelip çykýan howplardan raýatlaryň hukuklaryny goramaga Türkmenistanyň milli howpsuzlygy, döwlet edaralarynyň, şonuň ýaly-da döwlet gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirýän adamlaryň hem-de olara deňleşdirilen adamlaryň netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir. Agzalan Kanunyň 2-nji maddasynda korrupsiýa

Adam hakdaky aladanyň aýdyň beýany

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigini geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyndan hem görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, islendik ulgamda ösüş gazanmak üçin ýaş, öz işinden gowy baş çykarýan, döwrebap hünärmenler gerek. Ýaşlary zähmete höweslendirmek barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şunuň bilen bagly Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde hem möhüm wezipeleri goýdy. Şol wezipeleriň hatarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek işiň netijeli bolmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki halypa diňe bir iş öwrediji däldir, ol gerek bolsa ýaş hünärmene özüniň paýhasly öwüt-ündewlerini hem ýetirip durmalydyr, bökdençlik bolan ýerinde ony goldamalydyr.