Beýik işleriň şuglasy

8 Ýanwar 2021
1230

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen gözel paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, onda-da ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi diňe bir paýtagtymyzyň däl, tutuş ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda mähriban halkymyzyň, şol sanda telekeçilerimiziň, gurluşykçylarymyzyň agzybirlikli çekýän asylly zähmetine buýsanjyň has-da artýar. Aýratyn hem, ak şäherimiziň nurana keşbinde, ýollaryň ugurlarynda, çatryklarda oturdylan mahabat şitlerine, monitorlara bezeg berýän türkmeniň bitewüligini, agzybirligini, milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan özboluşly şekillere, haly göllerine, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleriniň suratlaryna, binagärligiň täsin görnüşlerine gözüň düşende kalbyňda ajaýyp duýgular peýda bolýar. Aşgabat — ajap eýýamyň şuglasy, beýik ösüşlerimiziň kerwenbaşysy. Baş şäherimizde bagtyýar ýaşaýyş üçin döredilýän ajaýyp şertleriň düýp mazmunynyň hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgesinde jemlenýänligi bolsa biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen täze gurulýan ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Şunda türkmen paýtagtynyň gazananlarynyň, rowaçlyklarynyň, şeýle hem ýaşyna görä her bir adam bilen bagly bolan durmuş düzümleriniň kemala getirilmeginiň özi onuň özboluşly aýratynlygydyr. Ak mermere bürenýän paýtagtymyzyň örän çalt depginlerdäki köpugurly ösüşleri halkymyzda hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine, eşretli we şöhratly geljege bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.

Dinara JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar