Adam hakdaky aladanyň aýdyň beýany

7 Ýanwar 2021
1460

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigini geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyndan hem görmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, islendik ulgamda ösüş gazanmak üçin ýaş, öz işinden gowy baş çykarýan, döwrebap hünärmenler gerek. Ýaşlary zähmete höweslendirmek barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şunuň bilen bagly Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde hem möhüm wezipeleri goýdy. Şol wezipeleriň hatarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek işiň netijeli bolmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki halypa diňe bir iş öwrediji däldir, ol gerek bolsa ýaş hünärmene özüniň paýhasly öwüt-ündewlerini hem ýetirip durmalydyr, bökdençlik bolan ýerinde ony goldamalydyr.

Nartäç KAIPOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar