Rubagylar
Watan ykballara ak ýoly açdy,Bagt guşumyz gökde erkana uçdy.Onuň galkyndyran ýyly mähiri,Ýürekleň törüne ýagty nur saçdy.* * *Ýaşa, bu asmany, zemini söýüp,Olary söýmäni ýaşamak aýyp.Bagtlysyň munda borjuň bitirip,Hem gitseň nusgalyk işlerňi goýup.* * *Ençe ykbal, ençe syr bar toprakda,Tarypyny etseň azdyr ol hakda.Tebigaty adalatly bolansoň,Oňa söýgi orun aldy gursakda.* * *Bu pasyllar bir-birini goldaýar,Olar bir-birinden üzňe bolmaýar.Şonuň üçin rysgal ýagyp asmandan,Zemin üsti her baharda gülleýär.* * *Dürs çalnyp aýdylsa aýdym-sazymyz,Gül açyp, gülleýär göwün ýazymyz.Durmuş küşt oýny deý, käte «dürs göçmän»,Şowsuzlyga sebäp bolýas özümiz.* * *Eý, dostum, oýlan-da bir käri belle,Iki garpyz tutdurmazmyş bir elde.Tebigat özbaşdak oýlansyn diýip,Her kime beripdir üýtgeşik kelle.* * *Zehin berilmese bolmak kyn bagşy,Her bir zat tebigy dörese ýagşy.Sungatam ösmeli, şoň üçin döwür,Bizden talap edýär täze bir «nagşy».* * *Her bir zadyň bilip ýagdaýyn, tabyn,Awçy bilmelidir awlajak awun.Öz süýjüsi özün ýarýar kämahal,Ýolunmany galsa ir bişen gawun.* * *Bürgüde diýýärler daglaryň guşy,Daglardyr olaryň göwnüniň hoşy.Beýikler