Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Döwlet gurluşynyň ýörelgelerini we halkymyzyň gymmatly demokratik tejribesini özünde jemleýän ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen hem-de Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes baýdagynyň döredilen gününi özboluşly mazmun bilen birleşdirýän umumymilli baýramçylyk jebisligimizi şöhratlandyrýar, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar döwrümize, ýagty geljegimize şaýatlyk edýän, agzybirligimizi, buýsanjymyzy görkezýän milli gymmatlyklardyr.