Da­gyň ete­gin­dä­ki gud­rat

19 Maý 2024
427

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024

«Gud­rat gör­seň dag­la­ra bar» diý­le­ni... Bel­ki, bu jüm­le­de «gud­rat» diý­lip, te­bi­ga­tyň ýa­ra­dan peş­ge­şi göz öňün­de tu­tu­lan bol­ma­gy-da ah­mal. Ýö­ne şeý­le gud­rat­la­ryň bi­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len Kö­pet­da­gyň ete­gin­de el bi­len hem dö­re­dil­di. Ol — Gün­do­ga­ryň da­na­sy, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li. Türk­me­nis­ta­nyň halk nak­ga­şy, heý­kel­ta­raş Sa­ragt Ba­ba­ýe­wiň elin­den çy­kan bu ne­pis iş yn­san keş­bi­ni onuň duý­gu­dyr oý-hy­ýal­la­ry bi­len ber­mä­ge ukyp­ly bo­lan, bu ugur­da kän tej­ri­be top­lan us­sat se­net­kä­riň eý­ýäm bu gü­ne çen­li sun­gat­da uzak ýo­ly ge­çen­di­gi­ni me­sa­ňa gör­kez­ýär. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň iki ge­zek eýe­si Sa­ragt Ba­ba­ýew üçin bu şa­hy­ryň ýa­dy­gär­li­gi bo­ýun­ça il­kin­ji iş däl. Şa­hy­ryň go­ly ki­tap­ly be­lent­den türk­men top­ra­gy­na se­re­dip du­ran na­zar­la­ryn­da onuň wy­sal bo­lan ar­zuw­la­ry­na buý­san­jy­ny gör­mek bol­ýar.

Beýleki habarlar