"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hat­ly buk­ja­lar ha­bar ber­ýär

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 To­mus pas­ly­nyň ör­kü­jin­de hem­me iş­ler gy­zyş­ýar. Or­ta mek­dep­ler­de tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gö­rül­se, ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de okuw­çy­la­ryň wagt­la­ry­nyň gy­zyk­ly geç­me­gi üçin alada edil­ýär. Sport mek­dep­le­rin­de we et­rap­dyr şä­her­ler­dä­ki be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lüm­le­rin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek, ola­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek bo­ýun­ça gyz­ga­laň­ly iş al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri bol­sa äh­li ul­gam­lar­da­ky iş­ler­de iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler.

Türkmen saçagynyň berekedi

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Süýt we süýt önüm­le­ri türk­men ta­gam­la­ry­nyň ara­syn­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri mö­hüm or­ny eýe­le­ýär, çün­ki süý­düň örän ýo­kum­ly mad­da­la­ra baý­dy­gy, onuň adam be­de­ni üçin peý­da­ly­dy­gy ir za­man­lar­dan bä­ri mä­lim bo­lup­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň baş­lan­gy­jy bi­len ne­şir edi­len «Be­re­ket­li türk­men sa­ça­gy» at­ly ki­tap­da süý­düň äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da şeý­le di­ýil­ýär: «Öz ewol­ýu­si­ýa­sy­nyň äh­li dö­wür­le­rin­de türk­men­le­riň dur­mu­şyn­da süýt iň­ňän wa­jyp or­ny eýe­läp­dir. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de süý­di gaý­ta­dan iş­le­me­giň tä­sin teh­no­lo­gi­ýa­sy dö­räp­dir. Süý­düň özi hem iç­gi hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr, on­dan köp gör­nüş­li önüm­ler, Gü­nüň aşa­gyn­da gu­ra­dy­lan gurt­lar taý­ýar­la­ny­lyp­dyr».

Ak arzuwlaryň mekany

Häzir ýurdumyzda dürli maksatly täze binalaryň köp sanlysy gurulýar, ilatly nokatlaryň, şäherleriň çäkleri giňeldilýär. Täze obalardyr şäherçeler gurulýar. Gysga wagtda tarpdan gurlup, döwre mahsus aýratynlyklary we alamatlary bilen tapawutlanýan täze şäheri görmek örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Arkadag şäheri Türkmenistanyň, diýmek, dünýäniň hem kartasynda örän gysga wagtyň içinde peýda boldy. Munuň özi milli şähergurluşykda görlüp-eşidilmedik wakadyr, düýpgöter täze sepgitdir! Şu ýylyň aprel aýynyň başynda türkmen topragy ýaz gözelligine beslenende, Arkadag şäherinde gezim etmäge çykdym. Şol gün howa örän ýakymlydy. Kiçiräk ak bulutlar gök asmanda erkana ýüzýärdi, adaja şemal ýüzüňi sypap geçýärdi. Köpetdag şaýoly Köpetdagy gapdallap uzap gidýär we bu görkana şähere eltýär. Dag eteklerinden bu mekan örän owadan we köpöwüşginli görünýär.

Hünär derejeleri ýokarlandyrylýar

Awiasiýa pudagynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokary derejede saklamak, ýolagçylaryň, daşalýan ýükleriň, howa ulagynyň infrastrukturasynyň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, işgärleriň hünär kämilligini ýokarlandyrmak ösüşleri gazanmagyň möhüm şertleri bolup hyzmat edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi hem öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda guraýar. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ýakynda hem «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi.

Hoşniýetli gatnaşyklarda täze sahypa

Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler. Soňra hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Bedenterbiýe we sport

Ýaşlaryň sporty gündelik hemrasyna öwürmeginde sport mekdeplerine möhüm orun degişlidir. Ine, sport mekdebimizde hem ýaryşlarda mynasyp çykyş etmäge ukyply türgenler kemala gelýär. Bu ýerde sportuň birnäçe görnüşinden türgenleşik işleri geçirilýär. Biz bu ýerde geljegini saýlap alan sport görnüşinde görýän ýaşajyk türgenleriň ilkinji ädimlerini ynamly ätlemeginden başlap, olaryň ähmiýetli ýaryşlara uzaýan ýolunyň binýadyny goýýarys. Türkmen ýaşlarynyň sportda barha kämilleşmegi, ajaýyp netijelere eýe bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.

Arkadag şäherinde ajap geljek gurulýar

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz şäheriň ikinji tapgyrynda binalary we desgalary gurmak hakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Ulgam gurluşyk», «Kent gurluşyk», «Türkmen bina gurluşyk», «Ajaýyp bina», «Döwlet gurluşyk», «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleridir «Gurat gurluşyk», «Mukaddes gün», «Ýakynkent», «Aga gurluşyk» hususy kärhanalaryna ynanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen telekeçileri «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň düýpli gurluşyklaryna işjeň gatnaşdylar. Türkmen işewürleriniň tutanýerli zähmeti bilen gurlup, bu günki gün «ýaşlaryň, ýaşlygyň, geljegiň şäheri» diýlip tanalýan Arkadag şäheriniň at-owazasy bütin dünýä ýaýraýar. Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän ajaýyp şäherde ýaşamak, işlemek, okamak, döretmek üçin ähli amatlyklar we şertler bar. Häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň gysga wagtda we ýokary hilli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ulgam gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp zäh

Aý­dyň gel­je­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­lyk

Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we pug­ta­lan­dyr­mak açyk­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne berk eýer­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz 1992-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­mak bi­len, ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da äh­li halk­la­ryň deň­li­gi we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ut­gaş­dyr­ýan eda­ra hök­mün­de bu iri gu­ra­ma­nyň ab­ra­ýy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär. 5 — 7-nji iýul­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry hem iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. 6-njy iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bi­len bu iri dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy­nyň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­myz­da­ky «Oguz­kent» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len iki­çäk gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, daş­ky gur­şaw, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek üçin Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len al­nyp ba­ryl­ýan gat­na­şyk­la­ry has-

Türk­me­nis­tan ma­ýa go­ýum­lar üçin açyk­dyr

Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ösüş mak­sat­na­ma­la­ry, se­na­gat öz­gert­me­le­ri, işe­wür­lik üçin dö­re­dil­ýän oňyn şert­ler da­şa­ry ýurt­la­ryň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bo­lan Ýa­po­ni­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len bu ba­bat­da top­la­nan tej­ri­be­ler gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­ma­ga amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ka­wa­sa­ki Heavy In­dust­ries Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň stra­te­gik me­se­le­ler bo­ýun­ça uly ge­ňeş­çi­si Tat­su­ýa Wa­ta­na­be we kom­pa­ni­ýa­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Kend­zi Sa­na­da hem-de «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Bek Jung-Wan bi­len ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ryn­da-da hut şu me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns çe­kil­di. «Ka­wa­sa­ki Heavy In­dust­ries Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dyp, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di we öza­ra işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­

Baş baý­ly­gyň go­ra­gyn­da

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri hä­zir­ki dö­wür­de gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­ne ge­lip, Türk­me­nis­tan­da dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na iş­jeň gat­naş­ýan «Rö­ne­sans Hol­ding» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­jak bi­len gür­rüň­deş bol­dy. Ol hä­zir­ki dö­wür­de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­na yna­ny­lan gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi we bi­na­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na de­giş­li çyz­gy­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Luk­man Ar­ka­da­gy­myz tas­la­ma­lar bi­len tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di. Bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da mil­li ýö­rel­ge­ler bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de gu­rul­ma­gy­nyň, des­ga­la­ryň bel­le­nen möh­let­ler­de ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man gör­ke­

Ar­ka­dag şä­he­ri — Ar­ka­dag­ly za­ma­na­nyň par­lak ýyl­dy­zy

29-njy iýun­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ýyl ýaz­gy­sy­na mö­hüm sa­hy­pa bo­lup ýa­zy­lan, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň aja­ýyp ny­şa­ny­na öw­rü­len Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy­na bir ýyl dol­dy. Bu şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýer­de da­ba­ra­ly çä­re­ler we baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Şol gün Ar­ka­dag şä­he­rin­de äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na gö­çüp ge­len ýa­şaý­jy­lar jaý to­ýu­ny tut­du­lar. Bu ýer­de ha­ky­ky baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di, aý­dym-saz­lar ýaň­lan­dy. Tä­ze jaý­la­ra gö­çüp ge­len­ler ýa­şaý­jy­lar üçin iň ýo­ka­ry ra­hat­ly­gy üp­jün ed­ýän «akyl­ly» öý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ar­tyk­maç­lyk­la­ry ba­ra­da buý­sanç bi­len gür­rüň ber­di­ler. «Akyl­ly» öý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ula­ny­lyp gur­lan 5, 7 we 9 gat­ly, köp öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, 2 gat­ly kot­tej­ler Arkadag şä­he­ri­niň aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Mu­nuň özi öýi do­lan­dyr­ma­gyň in­tel­lek­tual ul­ga­my­dyr. Ol in­ter­net to­ry ar­ka­ly öý­le­riň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň, howp­suz­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry­nyň aw­to­ma­tik we saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün ed­ýär.

De­mok­ra­ti­ýa. Giň bäs­deş­lik. Aýan­lyk

7-nji iýul­da ýur­du­myz­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 1-nji «Ga­raş­syz­lyk», 2-nji «Bi­ta­rap­lyk» we 6-njy «Kö­pet­dag» saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça Mej­li­siň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di. Saý­law­la­ra gö­zeg­çi­lik eden syn­çy­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu çä­re hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň oňyn sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­gyň, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň dur­mu­şy­nyň de­mok­ra­tik esas­la­ry­ny ber­kit­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky äh­mi­ýet­li ädim bol­dy. Ol türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýur­du­my­zyň we hal­ky­my­zyň röw­şen gel­je­gi­niň bäh­bi­di­ne döw­let iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di. Mil­li par­la­ment­de öz saý­law­çy­la­ry­na we­kil­çi­lik et­mek hu­ku­gy­na wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ara­syn­da uly hor­mat­dan we ab­raý­dan peý­da­lan­ýan ra­ýat­lar da­laş­gär­lik et­di­ler. Da­laş­gär­le­riň ha­ta­ryn­da döw­let eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, dür­li pu­dak­la­ryň hü­när­men­le­ri, yk­dy­sa­dy­ýet, bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­la­ry bar. Mej­li­siň de­pu­ta­ty­nyň bir or­nu­na sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar­dan, ra­ýat­lar to­par­la­ryn­dan bir­nä­çe da­laş­gär bel­li­ge alyn­dy. Şeý­le­lik­de, bu gün­ki saý­law­lar, ozal­ky­lar ýa­ly, giň bäs

Mu­kad­des top­rak­da haj zy­ýa­ra­ty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň zy­ýa­rat­çy­lar to­pa­ry haj par­zy­ny ber­jaý et­mek mak­sa­dy bi­len, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da bol­du­lar. 9-njy iýul­da bu to­pa­ryň ga­lan bö­le­gi Wa­ta­ny­my­za gaý­dyp gel­di. Mu­sul­man­la­ryň esa­sy baý­ram­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Gur­ban baý­ra­my­nyň mü­bä­rek gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň bäş we­la­ýa­ty­nyň we paý­tag­ty­my­zyň we­kil­le­ri dün­ýä­niň mil­lion­lar­ça zy­ýa­rat­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de mu­kad­des Käbä tag­zym et­mek we beý­le­ki däp-des­sur­la­ry ber­jaý et­mek üçin Mek­ge­de hem-de Me­di­ne­de bol­du­lar. Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry ýö­ri­te uçar­da Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di­ler. Soň­ra bol­sa döw­re­bap aw­to­bus­lar­da «Pa­ra­hat — 7» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da ýer­leş­ýän Hez­re­ti Omar met­ji­di­ne bar­dy­lar. Met­ji­diň ýa­nyn­da il­deş­le­ri­mi­zi do­gan-ga­ryn­daş­la­ry, dost-ýar­la­ry gar­şy­la­dy­lar. Olar ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän Arkadagly ha­jy Ser­da­ry­my­za we ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.

Welaýatymyzyň gallaçylary zähmet ýeňşini gazandylar

Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Ahal welaýatlary bilen birlikde lebaply gallaçylar hem ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini artdyrýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Gowaçaly pellerde

Bereket-bolçulyga goşant

Janypkeş daýhanlaryň döwrebap tehnikalardyr gurallar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olara tehniki hyzmatlaryň, tohumdyr dökünleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi, ýetişdirilen hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi, şeýle-de oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýer eýeleriniň topraga yhlasyny has-da artdyryp, bereket-bolçulygyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Galla oragynyň depginli dowam edýän günlerinde, ýagny 24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, onuň işi bilen tanyşlygynyň barşynda bu hakykat has äşgär duýuldy. Toplum birleşigiň iri we öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup, hut özüniň gatnaşmagynda 2012-nji ýylyň 23-nji noýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen toplum ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Elewator, un, çörek hem-de çörek önümleri, unaş we unaş önümleri ýaly bölümleri öz içine alýan kuwwatly kärhana doly güýjünde öndürijilikli işleýär. Ähli bölümlerde işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Däne kabul edilenden tä taýýar önüm öndürilýänçä, ähli iş kämil tehnologiýalaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Degişli bölümde däne gaýtadan işlenilip, uzak sakl

Dostluk. Abadançylyk. Bagtyýarlyk.

Türkmen ady bilen beýgelýär Watan ...Biz ýene heňňamlaryň hakydasyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp wakanyň şaýady bolduk. Sözüň, sazyň, medeniýetiň, sungatyň sarpalanýan, parahatçylygyň dabaralanýan döwründe beýik şahsyýetiň has belentliklerden-belentliklere barýandygyna göz ýetirdik... Ak ertirlere barýan ýollarymyza dost-doganlyk halklar bilen el-ele berip ýola düşdik.

Bileniň — baýlygyň

Bagban babanyň bellikleri Günortanyň garaňkysynda pagta güpbüli gawunyň goluny gaýtarýan kakama haýpym gelip «Kaka...» diýdim welin: «Salkynda biýara ter bolýar. Sen gowusy bagdaky çatma baryp, mis tüňçäni oda goý-da, bagbanyň bellik depderini oka! Belki peýdalanarsyň» diýdi. Okadym. Ine, olardan käbiri:

Beýik ösüşleriň döwri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bagtyýarlygyň, abadan durmuşyň, beýik ösüşleriň zamanasyna öwrüldi. Bu ösüş-özgerişleriň netijelerini her ädimde, her bir işde, durmuşyň her bir pursadynda duýýarys. Bu işleriň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäniň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ugruna öwrülmeginiň netijesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tarypa mynasyp wakalary hem buýsanç bilen aýtmaga mynasypdyr. Şeýle tagallaly tutumlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gündelik alyp barýan işleriniň mazmunynda hem aýdyň görünýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň kabul edýän taryhy kararlarydyr maksatnamalaryny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde, düşündirmekde işjeňlik görkezýärler. Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmak hyjuwy bilen zähmet çekýän ildeşlerimiziň täze eýýamda bolelin durmuşda ýaşamagy, döredijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Merkezi Garagum: ýurduň geografik jümmüşiniň ösüş mümkinçilikleri

Çölleri özleşdirmegiň sazlaşyk merkezi Garagum çarwalarynyň ilkinji şäherçeleriniň biri tebigy landşaft jähetdenem juda amatly ýerde ýerleşýär: Bokurdak hakyt 7 takyryň suwunyň jemlenýän ýeri ekeni. Indi bolsa paýtagtdan 100 kilometr gowrak gaýradaky takyrlyga Garagum derýasynyň suwy hem gelýär. Onsoň ýarym asyrda ilaty azyndan 10 esse köpelen bu şäherçäniň baş meýilnamasyny düzendigini söhbetdeşligimizde meşhur suratkeş hem şahyr Maral Annanurowanyň buýsançly ýanjanlygynyň özi taslamanyň binagäri bu ýeriň geljeginiň uludygyny öňden gören bolarly diýdirýär. Hawa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maral Annanurowanyň asyl käri — arhitektor.