Beýik ösüşleriň döwri

10 Iýul 2024
191

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bagtyýarlygyň, abadan durmuşyň, beýik ösüşleriň zamanasyna öwrüldi. Bu ösüş-özgerişleriň netijelerini her ädimde, her bir işde, durmuşyň her bir pursadynda duýýarys. Bu işleriň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäniň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ugruna öwrülmeginiň netijesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tarypa mynasyp wakalary hem buýsanç bilen aýtmaga mynasypdyr. Şeýle tagallaly tutumlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gündelik alyp barýan işleriniň mazmunynda hem aýdyň görünýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň kabul edýän taryhy kararlarydyr maksatnamalaryny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde, düşündirmekde işjeňlik görkezýärler.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmak hyjuwy bilen zähmet çekýän ildeşlerimiziň täze eýýamda bolelin durmuşda ýaşamagy, döredijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Meretbibi DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň esasy hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar