Baş baý­ly­gyň go­ra­gyn­da

11 Iýul 2024
208

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri hä­zir­ki dö­wür­de gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­ne ge­lip, Türk­me­nis­tan­da dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na iş­jeň gat­naş­ýan «Rö­ne­sans Hol­ding» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­jak bi­len gür­rüň­deş bol­dy. Ol hä­zir­ki dö­wür­de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­na yna­ny­lan gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi we bi­na­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na de­giş­li çyz­gy­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Luk­man Ar­ka­da­gy­myz tas­la­ma­lar bi­len tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di. Bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da mil­li ýö­rel­ge­ler bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de gu­rul­ma­gy­nyň, des­ga­la­ryň bel­le­nen möh­let­ler­de ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man gör­ke­zi­ji­le­ri­ne la­ýyk ýag­daý­da en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy­na işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Beýleki habarlar