"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Owganystan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Muňa 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralarynyň geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz mynasyp beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

Ene toprak — bereket çeşmesi

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmek boýunça pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar we beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Türkmenistan — Owganystan: hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

11-nji sentýabrda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdy. Ir bilen Mary welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna bardy. Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bu ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň Molla Mohammad Hasan Ahundy bilen duşuşygy boldy.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Dost-doganlyk gatnaşyklary

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Ilçi işe başlady

12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Iş maslahaty geçirildi

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýožef Rožany Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň belent şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize meniň iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.

Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýožef Rožany Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň belent şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize meniň iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Täze taryhy tapgyryň gözbaşy

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň syýasy zehininden kemal tapyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän «Açyk gapylar» syýasaty döwletleriň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna barylýan günlerde, has takygy 11-nji sentýabrda hem şeýle taryhy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk.

«Akylly» şäheriň dünýä şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan döreýän her bir eser ýüreklerde orun alýar. Olardan diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä ynsanlary ylhamlanýar. Milli Liderimiziň binagärlik ylhamyndan kemala gelen Arkadag şäheriniň owadan dünýäsi-de bu gün Zemine şugla çaýýar. Arkadag şäheriniň ulus-il bolup, dünýäniň çar künjünden myhman çagyrylyp, toý desterhany giňden ýazylyp açylanyna ýaňy bir ýyl gowrak bolandygyna garamazdan, gözel künjekde mekan tutan akylly şäher eýýäm kalplara aralaşdy.

Belent maksatlary nazarlap

Garaşsyz Diýarymyzda halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegi, ornaşdyrylýan täzeçillikler, innowasion özgerişler netijesinde milli ykdysadyýetimizde ägirt uly ösüşler gazanyldy. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijileriň biri hem maýa goýum işjeňligidir. Paýtagtymyzda 10-11-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi hem ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Dünýäniň abraýly bilermenleriniň, nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçen bu iri forumda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän daşary we içeri syýasatyň netijesinde ýurdumyzda maýa goýumlarynyň ýokary depginli ösüşiniň gazanylandygyna aýratyn üns gönükdirildi. Şeýle gysga döwürde ýüzlerçe önümçilik desgalarydyr durmuş-medeni maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly eden Çykyşynda: «Durnu

Ynamdan gül açýan ýollar

Taryha şan berýän döwrümizde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi-de muňa şaýatlyk edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habar bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr» diýen sözleriniň bu günki gün iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyny dünýä äşgär etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny goldaýar, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent maksatlarynyň bähbidine bilelikde işlemäge, BMG-niň öňün