Ene toprak — bereket çeşmesi

13 Sentýabr 2024
40

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmek boýunça pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar we beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi.

«Nesil».
Beýleki habarlar