Türkmenistan — Owganystan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär

13 Sentýabr 2024
40

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar. Muňa 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralarynyň geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz mynasyp beýanyny tapýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar