"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly tehnologiýalar — geljegiň giň mümkinçilikleri

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa bu ýerde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň söwda merkeziniň, özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan myhmanhananyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalary boýunça umumybilim berýän merkeziň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar.

Siziň bilen gülleýär bu eziz diýarymyz, ýaşa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze derejesi 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, sanly ulgam arkaly, gatnaşdy. Şol gün bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund hem gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işler

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Belent üstünlikleriň beýany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan daşary syýasat netijesinde ösüşiň täze belentliklerine göterilýän Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda döwrebap hyzmatdaşlyklar üstünlikli ýola goýulýar. Ösen döwletler bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň kuwwatynyň halkara derejesinde pugtalandyrylmagy netijesinde, parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy berkitmekde beýik işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar döwrebap ösdürilýär. Şeýle hem dünýäniň ençeme abraýly guramalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli ýakyn hyzmatdaşlyklarynyň täze tapgyrynyň rowaçlanmagy ýurduň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan demokratik ýurt hökmünde belende göterilmegini alamatlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda içeri we daşary syýasatyň esasy özeni bolan hemişelik Bitaraplyk derejesi iki ýola ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan döwleti bu gün ösýär, özgerýär we dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny tapýar.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar

15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Berkararlygyň dünýä ýaýraýan şuglasy

Ýakynda «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi, şäheriň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Şonda ýurdumyzyň Arkadag şäheriniň 3 sany baýraga — «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp bolmagy, şunlukda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy bütin türkmen halkynyň buýsanjyna buýsanç goşan waka boldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan «akylly» şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

16-njy sentýabr hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 437-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 437-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi

16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, akademik Iwan Kuzmin bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi we obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňra geňeşiň başlygy, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk ministriniň orunbasary Wladimir Grakun çykyş edip, Arkalaşyga agza ýurtlarda seçgiçiligiň we tohumçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň oba hojalygy pudagy üçin, hususan-da, önüm öndürmekde we onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Astanada «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammiti dowam edýär

Häzirki wagtda Astanadaky «Garaşsyzlyk» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygy dowam edýär. Munuň özi şeýle formatdaky ikinji duşuşykdyr. «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli altytaraplaýyn gepleşikleriň ilkinjisi geçen ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilipdi. Sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols gatnaşýar. Maksatnama laýylykda, wekiliýet Baştutanlary çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan edýärler. Söwda-ykdysady, maýa goýum, tehnologiýalar, ulag-kommunikasiýa we beýleki ileri tutulýan ugurlarda amaly özara hereketleri giňeltmek nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesidir.

Durnukly ösüş — özgertmeleriň baş maksady

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

«Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykaran 437-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Serdar Berdimuhamedow Olaf Şols bilen duşuşdy

Şu gün «Merkezi Aziýa — Germaniýa» dialogynyň çäginde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Astanada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutany bilen ilkinji duşuşygydyr. Hormatly Prezidentimiz bu duşuşygyň türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, ony mundan beýläk-de ösdürmek we mazmun taýdan baýlaşdyrmak babatda oňat mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Şunda, ilkinji nobatda, syýasy dialoga üns çekildi. Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn, uzak möhletleýin esasda ösdürilip, dürli ugurlarda ylalaşykdyr şertnamalaryň 90-sy bolan pugta hukuk binýadyna daýanýar.