Astanada «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammiti dowam edýär

2 gün öň
52

Häzirki wagtda Astanadaky «Garaşsyzlyk» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygy dowam edýär. Munuň özi şeýle formatdaky ikinji duşuşykdyr. «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli altytaraplaýyn gepleşikleriň ilkinjisi geçen ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilipdi.

Sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols gatnaşýar. Maksatnama laýylykda, wekiliýet Baştutanlary çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan edýärler. Söwda-ykdysady, maýa goýum, tehnologiýalar, ulag-kommunikasiýa we beýleki ileri tutulýan ugurlarda amaly özara hereketleri giňeltmek nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesidir.

«Türkmenistan»
Astana ş.
Beýleki habarlar