"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Üzärlik Bu giňiş sähraTutuş gülzarlyk.Bu üýtgeşik ot,Seret — üzärlik.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda

Bagt bakyp, döwlet ýoksun, il-günüm bagtyýar bolsun,Dostluk hakda söz sözläniň sözünde ygtybar bolsun,Zybanymda şirin kelam, serim bagtdan humar bolsun,Her gadamda, her tutumda ösüşler bize ýar bolsun,Älem içre parahatlyk hem dostluk berkarar bolsun,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda! Derýalarmyz bolsun joşly, çeşme-çaýlar tereň-tereň,Goý, eçilsin berekedin, goja Zemin-ene ýerem,Çogly bolsun tämiz sähram, Garagumum-Hydyr gören,Gunçalasyn hem gül açsyn gözel Diýar – bagy Erem,Ata Watan, öňküden-de men seni eziz görerem,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda!

Daňlak (Hekaýa)

Men daň atmagyna howlugýan. Sagadyma-da seredemok, daşaryk gözüm düşenden, wagtyň nä çenräkdigini dessine aňlaýan. Şonda-da: «Entejig-ä wagt bar eken» diýip, düşegime geçip, ynjalyp bilemok, derrew daraklygyma basyp, açyk eýwana tarap ýelk ýasaýan. Gulagymda galypdyr: «Säher bilen üstüne Gün dogurtman ören kişä perişdeler rysky iki esse köp paýlarmyş» diýip. Ondanam-a tamakin bolman duramok weli, meniň daňlak görmekden binesip bolasym gelenok. Onuň dogjagynam guşlar buşlap ugraýarlar. Beýik jaýymyzyň onunjy gatyndan el uzatsaň ýetäýjege meňzäp duran bagzarlygyň içinden ilki meniň ýaly has howlukmajrak, soň «menem senden galmaýyn» diýýän ýaly oňa goşulyşýan, yz ýanam bazar söwdasyna eňen ýaly birden gürre göterläge-de, sazlaşyp goşulyp gidiberýän guşlaryň owazy gulaga gelip ugrar. Ömrüň täze dogup gelýän gününiň ýene bir tükeniksiz lezzetiniň el-ýüzüňe tämiz suw degirmezden owal gulagyňy guşlaryň sesine ýuwmakdygyny sizem bilýänsiňiz-le. Pah, onuň lezzeti, berýän keýpiçaglygy aňyrdandyr. Ol owaz Erem bagyndan gelýän ýaly göni gulakdan girip, on iki süňňüňi bogunma-bogun yzarlap barşyna, göni ýürege baryp ornaýar. Berdinazar şahyrda bardyr-a şeýle setirler:

«Dikuçar» lakamly pälwan

Adatça il içinde giňden tanalýan adamlaryň öz adyndan lakamy ýörgünli bolýan halatlary duşýar. Jumabaýyňky hem şeýle boldy. Ol gulagyna azan aýdylyp dakylan Jumabaý ady bilen däl-de, lakamy bilen meşhur boldy. «Dikuçar» pälwan diýseň, türkmen milli göreşiniň janköýerleriniň arasynda ony tanamaýan bolmaz. Ýöne Jumabaý pälwan diýseň, «Haýsy Jumabaý, hä ol dikuçar pälwanmy?!» diýerler. Onuň bu lakamy almagyna obamyzdaky toýda bolan bir waka sebäp bolupdy. «Goňşy obadaky Mürze çopan inisini öýerip, toýy uludan tutjakmyş, at çapyşygyna, göreşine uly baýraklar goýjakmyş» diýen habar oba ýaýrady. Bu habar pälwanlaryň, seýisleriň aladasyny artdyrdy. Toýuň sähedi bellenilip, oňa taýýarlyk işleri ýaýbaňlandy. «Toý obanyňky» diýen ynama uýýan oba adamlary üýşüp, ýowara çykdylar. Obanyň gaýrasyndaky boşlukda at aýlawy guraljak, göreş tutuljak ýerlerde birkemsiz taýýarlyk işleri geçirildi. Göreş tutuljak ýere ýumşak ak çäge düşeldi.

Ylham ýaýlasy

ARKADAG AT BEREN ÝYLLAR NURANA Başymyz belentdir dünýäň alnynda,Ýagşylyk bar ruhumda, ganymda,Dost-dogana paý bar desterhanynda,Arkadag at beren ýyllar nurana.

Danalar kitap hakynda

Her bir sahypasy misli bir aýna,Dünýäni görkezer, açan ynsana.Resul Gamzatow. * * *

Kanagatly kişi

Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Halaç etrabynyň Etbaş obasynyň bir çetinde Hudaýguly atly ezber bagban ýaşapdyr. Onuň uly bagy bar eken. Miweli daragtlar hasyl berip başlandan soň obanyň käbir ýaş-ýeleňleri gijelerine baga girip, bibaşlyga ýüz urup başlapdyrlar. Ýere garylyp depgilenilen miweleri, döwlüp ýerde ýatan şahalary görüp, bagbanyň nebsi agrapdyr. Ol obanyň kethudasynyň ýanyna baryp, her günki ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir, ýöne ogrynyň kimdigini bilmek islemeýändigini aýdypdyr. «Olar öz obamyzyň oglanlarydyr, soň men olary ömürlik ýadymdan çykaryp bilmän kösenerin. Şonuň üçin hem sizden bir haýyşym bar. Kime alma, erik, garaly, üzüm ýa-da başga miwe gerek bolsa ýanyma gelibersin. Men olara daýhanyň, Hudaýyň haky üçin mugtuna bererin. Ýöne gijelerine gelip, agaçlaryň şahalaryny döwmesinler. Şu habary adamlara ýetirip berseňiz!» diýip, haýyş edipdir. Obanyň kethudasynyň we ýaşulularyň kömegi bilen bu habar tizden il arasyna ýaýrapdyr. Şondan soň ogurlyk edilmändir. Uly-kiçi bagbanyň ýanyna gelip, gerek miwesini sorap mugtuna, köpräk gerek bolsa arzan bahadan satyn alyp başlapdyr.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Birek-biregi ýyllaryň gelmegi bilen gutlamakdaky gymmatlygyň aňyrsyna göz ýetmez. Muny diýmek bilen men nämäni ýaňzytjak bolýan. Kesgitli ömrüň her bir pursadyna gadyr goýmagymyz gerek. Şol zerurlyga düşünmek birimize däl-de, barymyza hökmany. Toýly günleriň gujagyndan jyda düşürmesin Biribar. Türkmene düşen nazary hemişelik bolsun! Onda asudalyk, abadanlyk, imisalalyk, gözellik, reýhanlyk bar. Ömür bar, döwür bar. Şol lezzeti, eşreti eçilýän hormatly Prezidentimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan bimöçber işleri rowaçlyklara beslensin!

Gar adamy (Hekaýa)

Her bir ynsanyň durmuşynda bolan wakalaryň ählisi ýadynda galyp baranok. Käbir wakalar welin, haýsy ýaşda bolandygyňa garamazdan, ömrüniň ahyryna çenli ýadyňda hemişelik galýar. Meniň hem çaga wagtym gar adamy bilen baglanyşykly bolan bir waka ömürlik ýadymda galypdyr. Fewralyň ilkinji dynç günüdi. Okuwa gitmeli däldigimi bilsem hem ir turupdyryn. Gerinjiräp äpişgäniň öňüne baryp, perdäni syranymda, gözüm gamaşyp gitdi. Gözlerimi süzgekledip seretsem, galyň düşen gardan ýaňa daşary ap-ak bolup durdy. Gyşyň başyndan bäri beýle gar ýagmandy. Şonuň üçin hem galyň eşiklerimi, aýagyma ädigimi, elime elligimi geýip, daşaryk çykdym. Ejem bolsa-da bilmedim, kakam bolsa-da, olaryň bir-ä eýýäm howlynyň ýöreläýjek ýeriniň, jaýyň düýpleriniň, mal ýataga barýan ýodajygyň garyny aýrypdyr. Men bolsa arassalanan ýerden ýöremän, göni garly ýerden ýöräp, howludan çykdym. Töweregime seretsem, öz yzlarymdan başga yz ýok. Gar şeýle bir ýagypdyr welin, seretdigimçe seredesim gelip dur.

Täze ýylda

Possunym akSakgalym gar.Ýanymda-daAgtygym bar. Egnimdäki Horjunymda.Bagt baryDoly onda.

Buýsançnama

Çuňňur manydyr her bir setiri,«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi».Durşuna pähimdir paýhasyň düri,«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi». Ruhy dünýämize etdirýär seýran,Many hem mazmuny galdyrýar haýranBuýsançly mirasym edip dur aýan,«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi».

Mapuiniň öýi

Jek LON­DON, ame­ri­kan ýa­zy­jysy Gabarasynyň kiçi-girim däldigine garamazdan, «Aorai» gämisi pessaýja şemalyň ugruna çakganlyk bilen ýüzüp barýardy. Gämibaşy labyr taşlamazdan ötri gämini adanyň golaý-goltumynda, tolkunlaryň heniz göterilip ýetişmeýän ýerinde saklady. Ini-boýy ýigrimi mil bolan, suw joşan mahaly ondan bary-ýogy dört-bäş fut ýokarda galýan Nikuery adasynyň tutuş erňegi ýüz ýard giňlikde üwelen merjen çägesiniň halkasy bilen gurşalypdy. Düýbi görnüp duran dury suwly ýalpak aýlag dür balykgulaklaryndan doludy, gäminiň gerşine çyksaň, halka görnüşli merjen adasynyň aňyrsynda suwa çümüp-çykyp ýören dür gözleýjilere gözüň düşýärdi. Ada has golaý barmaga söwda gämisi hem milt edip bilmeýärdi. Çaklaňrak kürekli gaýyklara ugurdaş ýeliň öwüsýän wagty egrem-bugram bogazyň üsti bilen ada aralaşmak başartsa-da, gämiler sesýetim aralykda labyr taşlap, kenara gaýyk ugratmak bilen çäklenýärdiler.

Ýüpek jiltge

Wan MEN, hytaý ýazyjysy Bu köneje ýüpek jiltge aslynda täzejedi. Köneje diýilmegi, könelişen biçüwde tikilenligi üçin däl-de, ýigrimi alty ýyllap eýesiniň sandygynda ýatanlygy sebäplidi. Zenanlar üçin ýigrimi alty ýaş ömrüň iň bir gaýtalanmajak bahary bolsa-da, geýim-gejimleriň munça ýylda halys sary gidip, öňküligi galmaýan eken. Lowurdap duran jiltge ne-hä ile meňzeş geýlip eýesiniň egnine gelşik berdi, ne-de ony yssydan-sowukdan gorap bildi. Garaz, gerek wagty derde ýarap bilmedi-dä. Şeýdip bu owadan lybasa ýigrimi alty ýyl boldy.

Satlyk düýeguşlar

Her­bert WELLS, iň­lis ýa­zy­jy­sy Eger guşlaryň bahasy barada gürrüň etmeli bolsa, onda men üç ýüz funt sterlinge satylan düýeguşy gördüm. Ynanýaňyzmy, üç ýüz funt — diýip, dünýäniň dört künjüni torç eden gäp ussasy ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, äýneginden üstaşyr maňa seretdi.

Täze ýyl gijesinde

Olek­sa NO­SEN­KO, uk­ra­in ýa­zy­jy­sy  Syrgyn gijesi bilen köşeşmän geçdi. Wsewolod Karpowiç oýanan mahaly içeri ýaňybir agaryp ugrapdy. Aşhanada eýýäm «hemişelik assistent — kömekçi» lakamyny alan keýwanysy Walentina Kuzminiçna, şonuň ýaly-da aýaly bilen deň-duşrak öý hyzmatkäri, maşgalanyň bir agzasyna öwrülip giden Odarka gydyrdanyp ýördi.

Eddanyň öýlenişi

Fransis BEBEÝ, kamerunly ýazyjy Ýaşajyk Eddanyň iň uly arzuwy öýlenmek. Onuň öz jana-jan aýaly bolsa, öýüni tämiz saklap, biş-düş edip, umuman, aýal maşgala degişli işler bilen gydyrdanyp ýörse nähili gowy. Nkollonyňam gelinlik saýlasy gelýärdi. Elbetde, özi üçin däl, sebäbi Nkollo Eddanyň kakasydy, oglanyň ejesi bolsa entek diri. Erkek kişi yzyny ýöretjek ogul dogrup berip, özi bilen oňşugy ýaman däl keýwanysy dirikä, üstüne aýal almaýar. Öýüň erkek kişisi, galdyrara hiç emlägi bolmasa-da, mirasdüşer diýip ölüp-öçüp barýandyr. Hatda iň bir owunjak mör-möjegem özünden soň bu dünýäde nähilidir bir yz galdyrmak bilen meşgulka, soňky demi ähli umytlaryny öçürmezden ötri, adam ogluna-da kalbynyň töründäki bu duýga ýol arçamak mahsus.

Syýagalam

Çand­ra­gup­ta WID­ÝA­LAN­KAR, hin­di ýa­zy­jy­sy Kişor şäher etegine gatnaýan otludan düşüp, beket jaýyndan geçensoň, demir ýol menziliniň ýanyndaky meýdança ýetdi. Emma o taýdan ýekeje-de taksi tapmady. Ýagyş eýýäm diňipdir, ýöne ýol entegem çalykmandy. Asmanyň ýüzi ýuwaş-ýuwaşdan açylyp başlapdy. Kişor sagadyna seretdi, görse, bäşe on minut galypdyr.

Asma sagat

Na­syr­jan Jo­ra­ýew, öz­bek ýa­zy­jy­sy Ol eli bilen diwardaky sagady görkezdi. Ene-atasy onuň näme diýjek bolýanyna düşündi. Diýmek, ogullary ýatmakçy bolýar. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, öz otagyna ýöneldi. Ol çagaka ukusy tutsa aglardy. Şeýdibem ýatmak isleýändigini duýdurardy. Agy-garany saýgaryp ugranyndan soň, has takygy, kakasy şu asma sagady getireli bäri, ol ýatmakçydygyny sagada ümläp düşündirerdi. Ene-atasy geplemekden dogabitdi mahrum ýalňyz ogullarynyň diňe bir bu hereketini däl, eýsem, her bir gymyldysyndan onuň näme diýmek isleýändigine düşünerdiler. Bu gün şol hereket ýene bir gezek gaýtalandy.

Tüpeň

Ýa­ros­law GA­ŞEK, çeh ýazy­jy­sy Woýsehiň kakalygy janyndan tamasyny üzüp barýardy. Iň bolmanda Zakalýankadakylaryň ählisi şeýle pikirdedi. Ol kiçeňräk külbede ojagyň ýanynda bir gapdalyndan beýleki gapdalyna agdarylyp, dymyp ýatyrdy. Onuň Ýuži hem Markus atly ýegenleri bolsa düýn obanyň aňyrsyndaky hojaýynyň tokaýynda gapanlaryna tokaý sakçysynyň ogullarynyň gulaklary kesilen, iki sany eldeki, ýaşajyk tilkisiniň düşendigi barada gürrüň edip otyrdylar. Ýuži bilen Markusyň ikisem bikanun aw edýärdi. Olar bir-de gülüşseler, bir-de gaharlanýardylar.

Bir müň bir arzuw

Rao Şüe Man, hy­taý ýa­zy­jy­sy —Şu köçeden göni gidersiň, soň sagyňa öwrülersiň, çepiňden üçünji gyzyl gapyly jaý Ji Feňleriň öýleridir — diýip, Ji Feňiň goňşusy salgy berdi.