Eddanyň öýlenişi

2 Ýanwar 2021
2290

Fransis BEBEÝ, kamerunly ýazyjy

Ýaşajyk Eddanyň iň uly arzuwy öýlenmek. Onuň öz jana-jan aýaly bolsa, öýüni tämiz saklap, biş-düş edip, umuman, aýal maşgala degişli işler bilen gydyrdanyp ýörse nähili gowy. Nkollonyňam gelinlik saýlasy gelýärdi. Elbetde, özi üçin däl, sebäbi Nkollo Eddanyň kakasydy, oglanyň ejesi bolsa entek diri. Erkek kişi yzyny ýöretjek ogul dogrup berip, özi bilen oňşugy ýaman däl keýwanysy dirikä, üstüne aýal almaýar. Öýüň erkek kişisi, galdyrara hiç emlägi bolmasa-da, mirasdüşer diýip ölüp-öçüp barýandyr. Hatda iň bir owunjak mör-möjegem özünden soň bu dünýäde nähilidir bir yz galdyrmak bilen meşgulka, soňky demi ähli umytlaryny öçürmezden ötri, adam ogluna-da kalbynyň töründäki bu duýga ýol arçamak mahsus.

Rus dilinden terjime eden Juma MÜLKAMAN
Beýleki habarlar