Mapuiniň öýi

2 Ýanwar 2021
2110

Jek LON­DON, ame­ri­kan ýa­zy­jysy

Gabarasynyň kiçi-girim däldigine garamazdan, «Aorai» gämisi pessaýja şemalyň ugruna çakganlyk bilen ýüzüp barýardy. Gämibaşy labyr taşlamazdan ötri gämini adanyň golaý-goltumynda, tolkunlaryň heniz göterilip ýetişmeýän ýerinde saklady. Ini-boýy ýigrimi mil bolan, suw joşan mahaly ondan bary-ýogy dört-bäş fut ýokarda galýan Nikuery adasynyň tutuş erňegi ýüz ýard giňlikde üwelen merjen çägesiniň halkasy bilen gurşalypdy. Düýbi görnüp duran dury suwly ýalpak aýlag dür balykgulaklaryndan doludy, gäminiň gerşine çyksaň, halka görnüşli merjen adasynyň aňyrsynda suwa çümüp-çykyp ýören dür gözleýjilere gözüň düşýärdi. Ada has golaý barmaga söwda gämisi hem milt edip bilmeýärdi. Çaklaňrak kürekli gaýyklara ugurdaş ýeliň öwüsýän wagty egrem-bugram bogazyň üsti bilen ada aralaşmak başartsa-da, gämiler sesýetim aralykda labyr taşlap, kenara gaýyk ugratmak bilen çäklenýärdiler.

Rus dilinden terjime eden Jumageldi MÜLKIÝEW
Beýleki habarlar