"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaş zehinleriň üstünligi

Türkiýe Respublikasynyň Samsun welaýatynda ýakynda geçirilen tehnologiýa festiwaly «TEKNOFEST-de» ýurduň Kastamonu welaýatyndan mekdep okuwçylary Melike Büşra Diri, Beýza Gökmen we Elif Gökçe ösümlikleriň duçar bolan kesellerini anyklaýan täze tehnologiýany hödürlediler. Bu tehnologiýada emeli aň ulanylyp, ol ösümlikleri surata düşürip, olaryň haýsy kesele duçar bolandygyny we ondan halas bolmak ýollaryny ulanyjylara habar berýär. Tehnologiýany oýlap tapyjylaryň aýtmaklaryna görä, bu tehnologiýa ösümliklere ýalňyş berilýän dermanlary azaltmakda we olaryň ömrüni uzaltmakda ýardamçy bolýar.

TMCELL täze internet nyrhnamalaryny hödürleýär

«Altyn asyr» ÝGPJ-i ilatyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan başlap, täze internet paketlerini müşderilerine hödürleýär. Täze internet paketlerine laýyklykda, «Altyn Asyr» ÝGPJ-iň abonentleri şu aşakda görkezilen möçberlerde töleg ederler:

Sanly ulgam durmuşymyza işjeň ornaşýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň durnukly ösüşlerini  kepillendirýär. Ýurdumyzyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek.  Sanly ulgam döwrebap ösüşleriň tizligini üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary ähmiýete eýediginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip bellemegi hem sanly ulgamy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini äşgär edýär. Ýurdumyzda milli  ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda esasy ugurlarda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler hem şaýatlyk edýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň şertleriniň gün-günden durmuşymyza aralaşmagy t

Ra­sio­na­li­za­tor­çy­lyk işi­niň hu­kuk bin­ýa­dy

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy, täze senagat pudaklaryny döretmekde milli Maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylma uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylmyň-bilimiň ösüşinde görýäris. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»: «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli innowasiýa ulgamyny kemala getirmek maksady bilen ylmy-barlag işleri hem-de täze oýlap tapyşlar we tejribeler üçin maliýe serişdelerini goýbermegi dowam etdirmek, ylmy köp talap edýän we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleri höweslendirmekden ybaratdyr» diýlip bellenendir. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä tejribesinden peýdalanyp halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

AŞTU müşderiler üçin goşmaça amatlyklary girizýär

Indi müşderiler özleriniň öýjükli telefonlary arkaly 0787 belgä öý telefon belgisini görkezip SMS habaryny ýollamak arkaly, bu ýaşaýyş salgyda ulanylýan simli telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we Internet hyzmatlarynyň online ýagdaýyndaky hasaplaryny anyklap bilýärler. Bu bolsa öz gezeginde müşderilere ulanýan hyzmatlarynyň hasaplaryny wagtynda doldurmak bilen, bökdençlikeriň bolmazlygyna kömek eder. Şeýle hem, müşderiler öz hasaplaryny bilmek üçin 083 serwis ýa-da 09 sorag-jogap gulluklaryna ýörite jaň etmek zerurlygyny aradan aýyrmak bilen hasaplaşyk aýlaryň ahyrlarynda aragatnaşyk ulgamlaryna we operatorlara düşýän agramlygy azaldar. Müşderilere goşmaça amatlyklary berjek bu hyzmatyň programma üpjünçiliginiň AŞTU-nyň öz hünärmenleri tarapyndan düzülip işe girizilmegi guwançly ýagdaý bolup durýar.     0787 belgä öý telefon belgiňizi SMS ýollamak bilen öýüňizde ulanýan ähli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasaplaryny online biliň!

Milli ykdysadyýetimizde sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny we elektron senagatyny kämilleşdirmek, şäherleriň hem-de obalaryň sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde bolan aratapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we zerur bolan beýleki şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr. Häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi ol

Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

Tehnologik täzeçillikler sportuň keşbini düýpgöter özgerdýär. Olar türgenleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga, türgenleriň beden hem ruhy taýýarlygyny gowulandyrmaga, tehniki serişdeleriň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda ylgaw, suwda ýüzmek, welosiped sporty üçin niýetlenen ýörite egin-eşikler, aýakgaplar, sport lybaslary kämilleşdirilýär. Seljeriş maglumatlarynyň peýdalanylmagy her bir türgeniň özboluşly aýratynlygyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn nusgalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Tehnologik täzeçillikleriň täsiri türgenleriň görkezýän netijelerinde şöhlelenip, uzak wagtdan bäri saklanyp gelýän rekordlary täzelemäge, şikeslenmeleriň öňüni almaga, sportda hünär ýolunyň dowamlylygynyň uzamagyna ýardam berýär.

Elektron söwda — ösen döwrüň talaby

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ilata edilýän hyzmatlaryň tölegleri sanlylaşdyrylyp, sanly marketing, sanly täjirçilik, sanly aragatnaşyk ýaly möhüm ähmiýetlii işler durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň amatly mümkinçilikleriniň hatarynda elektron söwda hyzmaty halkymyz üçin örän bähbitli hem elýeterlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda internet söwda dükanlary döredilip, onlaýn söwda hyzmatlary giň gerimde ýola goýuldy. Elektron söwda ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny öz içine almak bilen, örän ýokary depginlerde ösdürilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky internet dükanlarynyň üsti bilen dürli azyk önümlerini, hojalyk harytlaryny satyn alyp bolýar. Döwrebap söwda hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler öýde oturan ýerlerinden, internet arkaly haýsy dükanda nähili önümleriň hödürlenýändigi, olaryň görnüşleri we bahalary bilen tanşyp, sargyt edip bilýärler. Şäheriçi eltip bermek hyzmatlarynyň mugt amala aşyrylmagy elektron dükanlaryň müşderileriniň artmagyna getirýär. Bu hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň, esasan hem, öý bikeleri üçin ama

Enjamyň döreýiş taryhy

Zenanlaryň durmuşymyzyň döwrebaplaşmagy üçin eden açyşlarynyň köpdügi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda öý bikeleriniň iň uly kömekçisi hasaplanýan gap-gaç ýuwujy enjamyň taryhy öz gözbaşyny XIX asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýar. Bu enjamyň zenan oýlap tapyjy tarapyndan döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Eýsem, gap-gaç ýuwujy enjamyň geçen asyrlarda ykbaly nähili bolduka?! Geliň, bu baradaky maglumatlar bilen tanyş bolalyň. Ilkinji mehaniki gap-gaç ýuwujy enjam 1850-nji ýylda ABŞ-da zenan oýlap tapyjy Joel Houton tarapyndan ygtyýarnama alynýar. Ol agaçdan ýasalyp, gap-gaçlary suwy pürkmek (sepmek diýseň-de bolar) arkaly ýuwmak üçin niýetlenendi. Ol örän haýal işleýän eken. Bu enjam bilermenleriň we oýlap tapyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Olar bu oýlap tapyşyň üstünde işlemekligi dowam etdirmeli diýen netijä gelýärler. Wagtyň geçmegi bilen oýlap tapyjylar gap-gaçlara zeper ýetirmezden, ýuwup biljek enjamlaryň birnäçesini döredip, ulanmak üçin howpsuzlygyny anyklamak maksady bilen, birnäçe barlag işlerini geçirip başlaýarlar. Gap-gaç ýuwujy enjam ilkinji gezek 1887-nji ýylda satuwa çykarylýar.

Innowasion tehnologiýalar hem-de döwrebap geljek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň sany barha artýar. Bilim ulgamy üçin derwaýys hem-de ýaramly bolan innowasion tehnologiýalar işi ýeňilleşdirýär we oňat netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Tehnologiýalaryň ýokary çaltlykda ösýän zamanasynda innowasiýany ulanmagyň pedagogik esaslaryny öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wajyp meseledir. Tutuş adamzat durmuşy, ýaşaýşy tehnologiýalar, kompýuterler bilen üznüksiz bagly. Şonuň üçin gu-ralýan sapaklarda multimedia enjamlary giňden ulanylýar. Bilim ulgamynda inno-wasion ösüş ylmy-tehniki syýasatymyzyň esasy daýanjydyr. Okuw işinde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak mugallymlar üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi häzirki zaman ýaşlarynyň aňy döwre görä çalt ösýär. Şonuň üçin-de mugallymlaryň guraýan sapaklarynyň dünýä tejribesine esas-lanýan milli ruha ýugrulyp, ýaşlaryň örän çalt ösýän aňyna oňyn tasirini ýetirmegi-ni gazanmak bilim işindäki gaýragoýulmasyz zerurlykdyr. Ýaşlara döwrebap bilim bermek islendik mugallymyň mukaddes borjudyr. Mekdebimiziň mugallymlary sapaklarda talyba berilýän nazary bilimleri has-da çuňlaşdyryp öwretmek üçin görkezme esbaplary, maketleri, şeýle hem sapaklara degişli wideo şekilleri ulanýarlar. Wideoşekilleriň we animasiýa

Täzeçilligiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli düzümleri bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem işini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ulgamyň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, şahsy düzümiň ýokary derejede gulluk alyp barmagynda oňyn häsiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde bu düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzümi ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky merkezlerde, bölümlerde, ähli gümrükhanalarda, barlag-geçiriş ýerlerinde, gümrük nokatlarynda täze tehnologiýalar, «akylly» enjamlar işjeň peýdalanylýar. Şonuň netijesinde sanly ulgam arkaly barlag-goýberiş işlerini ýerine ýetirmek, öňde goýlan wezipelere görä sanlylaşdyrylan programma üpjünçiliginden peýdalanmak, uzak aralykda alnyp barylýan işlere wideoaragatnaşygy arkaly göni ýagdaýda gözegçilik etmek gümrük gullukçylarynyň işini hil we mazmun taýdan baýlaşdyrýar.

Welaýatyň täze merkezi — «akylly» şäher taslamasy

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde guwandyryjy üstünlikleriň gazanylmagy durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilik döredýär. Sanly ykdysadyýetiň depginli ösmegi netijesinde sanly tehnologiýalar durmuşymyza giňden ornaşýar we bu ugur iri şähergurluşyk maksatnamalarynda mynasyp orna eýe bolýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarda «akylly» gurluşyk taslamalary ulanylyp başlandy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gurluşyk pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada aýratyn belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz «akylly» şäher we «akylly» öý taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Bu babatda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini möhüm talaplaryň hatarynda görkezdi. Bu iri taslama bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanylýar. 19-njy noýabrda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda, şol sanda bina edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde, çagalar bagynda işleriň alnyp barlyşy bilen t

Sanly tehnologiýalar — ösüşleriň özeni

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň döw­re­bap ulag dü­zü­mi­ni, ara­gat­na­şyk hem-de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de ýo­la goý­ýan iş­le­ri di­ňe bir mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň iler­le­me­gi­ne däl, eý­sem, se­bi­tiň ro­waç­ly­gy­na uly iter­gi ber­ýär. Mu­nuň özi ul­ga­myň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy hem-de ös­dü­ril­me­gi bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň ho­wa, de­ňiz ýol­la­ry, de­mir ýol we aw­to­mo­bil ulag­la­ry pu­da­gyn­da döw­re­bap san­ly in­tel­lek­tu­al teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy içer­ki we hal­ka­ra gat­naw­la­ryn­da ýo­ka­ry hil­li, ne­ti­je­li, howp­suz ýol-ulag dü­zü­mi­niň eme­le gel­me­gi­ni çalt­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ýo­lag­çy hem-de ýük do­la­ny­şy­gy­nyň muk­dar, hil gör­ke­zi­ji­le­ri­niň art­ma­gy­na, ha­sa­bat­ly­ly­gyň ta­kyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Sanly bilim — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejesinde uly abraýdan peýdalanýar. Häzirki wagtda bilim edaralaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykylmagyny üpjün edýär. Şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin maglumat programmasy işe girizildi

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda halkara üstaşyr gümrük ulgamyndan geçýän harytlar barada deslapky maglumatlary ugratmaga mümkinçilik berýän programma işe girizildi. Bu barada Russiýanyň “Mir 24” teleradiokompaniýasy penşenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň bäş gümrük nokady halkara sanly ulgama birikdirildi. Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) ýük daşaýjylara bu programmany ulanmagy maslahat berýär. Geljek ýyldan başlap ýükleriň serhetden üstaşar geçirilmegi üçin deslapky maglumatlaryň berilmegi bu programmanyň üsti arkaly amala aşyrylar.

Döwrüň talaby – elektron ulgam

“Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir” diýilýär. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy... talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp potensialyny ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar. Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda ähli ugurlarda elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris. Hawa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda telemedisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek

Aragatnaşyk ulgamynyň kuwwaty innowasion ösüşiň özenidir

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly XV halkara sergisi hem-de ylmy maslahat üstünlige beslendi. Her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döretmek, ykdysady taýdan gülläp ösmek ýoly bilen ädýän täze üstünlikli ädimleri bilen tanyşdyrdy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmek bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezildi. Sergi Diýarymyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynda gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwrebap wideotehnikalar bilen üpjün edilen zallarda görkezilen örän uly monitorly, yşyklandyryjy bannerli we pannoly sergi diwarlyklary, sanly eşitdiriş hem-de wideo arkaly görkeziş, hemra, ykjam we elektron aragatnaşyk ulgamynda innowasion önümleriniň nusgalary, audio hem-de wideo ýazyjy we gözegçilik, howany çaklaýan serişdeler, kabel önümleri hem-de beýlekiler ýurdumyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynyň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly subutnamasydyr.

AŞTU-nyň «Şahsy otag» hyzmatyndan peýdalanmagyň aýratynlyklary

Internet, ýagny bütindünýä kompýuter torynyň örän uly gerime eýe bolmagy bilen bu ulgam arkaly adamyň gündeki we adaty hyzmatlardan peýdalanmagy has amatlaşdyrylan häsiýete eýe boldy. Öňler belli bir hyzmatlardan peýdalanmaga ýa-da ol hyzmatlara üýtgetmeler girizmegi isleg bildirýän potensial müşderi gerekli bolan kagyz görnüşindäki resminamalaryny jemläp, şäher içindäki hyzmat ediş nokatlaryna baryp, nobata durup we ol ýerde hem gerekli kagyz görnüşleri dolduryp, şertnama baglaşmak arkaly aňsat bolmadyk hem-de köp wagty talap edýän ýol bilen hereket etmeli bolýardy.  Türkmenistanyň Prezidentiniň «Döwlet adam üçindir» diýen belent şygaryndan ugur alyp hem-de ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek bilen bagly bolan çäreleriň çäklerinde, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan hödür edilýän hyzmatlardan peýdalanmakda müşderi üçin mümkin bolan ähli oňaýlyklary we amatlyklary döretmek, bu jemgyýet tarapyndan ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

Ösüşe giň ýol

Milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde edara-kärhanalaryň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak häzirki döwrüň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda dünýäniň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamy döredildi. «TürkmenÄlem 520E» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň işiniň ýola goýulmagy, bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň ep-esli giňeldilmegi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň giň gerimde özleşdirilýändigine aýdyň güwä geçýär. Bu bolsa şol bir wagtyň özünde döwrüň täze gazananlaryny önümçilikde netijeli peýdalanmaga, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge we ilatyň internet mümkinçiliklerine elýeterliligini pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. Aýry-aýry senagat pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak maksady bilen dürli programma-tehniki we maglumat serişdeleriniň üpjünçiligi hem ep-esli ýokarlandyrylýar. Bu işler welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň aratapawudyny aradan aýyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn özgertmeleri çalt depginde amala aşyrmaga hem uly şert döredýär. Şeýle innowasion mümkinçilikler ildeşlerimizi ylmyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmeklige, döwrüň belent ruhunda netijeli zähmet çekmeklige

Sanly ulgam ösdürilýär

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler uly üs­tün­li­ge eýe bol­ýar. Her bir ösü­şiň göz­ba­şyn­da bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yl­ma esas­lan­ýan baş­lan­gyç­la­ry, dö­red­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Hut şo­nuň üçin hem ylym-bi­lim döw­re­bap ös­dü­ri­lip, kä­mil hü­när­men­ler bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üp­jün edil­ýär. Kä­mil hü­när­men­le­riň ke­ma­la gel­me­gi san­ly ul­ga­myň hem ös­dü­ril­me­gi­ne oňat müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Döw­re­bap ösüş­le­riň üp­jün edil­me­gi bol­sa san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ýar. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga we peý­da­lan­ma­ga, ola­ryň esa­syn­da do­lan­dy­ry­şyň hem-de hal­ky­my­za edil­ýän dür­li hyz­mat­la­ryň hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet, yl­my dil­de aň­la­dyl­sa, eme­li aň-dü­şün­je­le­ri, in­ter­net mag­lu­mat­la­ry, yl­myň we teh­ni­ka­nyň ga­za­nan­la­ry­ny top­la­ma­gyň bir bi­te­wi elekt­ron ul­ga­my­dy