Enjamyň döreýiş taryhy

25 Noýabr 2022
1035

Zenanlaryň durmuşymyzyň döwrebaplaşmagy üçin eden açyşlarynyň köpdügi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda öý bikeleriniň iň uly kömekçisi hasaplanýan gap-gaç ýuwujy enjamyň taryhy öz gözbaşyny XIX asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýar. Bu enjamyň zenan oýlap tapyjy tarapyndan döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Eýsem, gap-gaç ýuwujy enjamyň geçen asyrlarda ykbaly nähili bolduka?! Geliň, bu baradaky maglumatlar bilen tanyş bolalyň.

Ilkinji mehaniki gap-gaç ýuwujy enjam 1850-nji ýylda ABŞ-da zenan oýlap tapyjy Joel Houton tarapyndan ygtyýarnama alynýar. Ol agaçdan ýasalyp, gap-gaçlary suwy pürkmek (sepmek diýseň-de bolar) arkaly ýuwmak üçin niýetlenendi. Ol örän haýal işleýän eken. Bu enjam bilermenleriň we oýlap tapyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Olar bu oýlap tapyşyň üstünde işlemekligi dowam etdirmeli diýen netijä gelýärler. Wagtyň geçmegi bilen oýlap tapyjylar gap-gaçlara zeper ýetirmezden, ýuwup biljek enjamlaryň birnäçesini döredip, ulanmak üçin howpsuzlygyny anyklamak maksady bilen, birnäçe barlag işlerini geçirip başlaýarlar. Gap-gaç ýuwujy enjam ilkinji gezek 1887-nji ýylda satuwa çykarylýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Selbi ALTAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar