Milli ykdysadyýetimizde sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar

26 Noýabr 2022
758

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny we elektron senagatyny kämilleşdirmek, şäherleriň hem-de obalaryň sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde bolan aratapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we zerur bolan beýleki şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr.

Häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi olar döwrüň talaplaryna laýyk gelip bilmeýär, şonuň netijesinde bolsa pudak özüniň bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde, ilki bilen, döwlet dolandyryş edaralaryna we bank ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny gazanmaly, soňra şol tehnologiýalaryň degişli ykdysadyýetiň pudaklarynda we jemgyýetde ýüze çykýan gaýry zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylmagynyň aýdyň netijeleri ykdysadyýete umumylykda oňaýly täsirini ýetirýär.

Beýleki habarlar