"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Ülje şerbedi

Ýeňiljek torbanyň tikilişi

Torba üçin gerekli esbaplar: — Ini 40 sm, uzynlygy 60 sm bolan güllüje we reňklije mata bölegi

Arpyşdaklamak

Tikiniň bu görnüşiniň düşnükli bolmagy üçin köýnegiň ýakasyny mysal alalyň. Ir wagtlarda ýakanyň gyýysyna-da bir alaja işilip, berklik-owadanlyk üçin tikilerdi. Ýa-da alaja ýüpe derek ýüpegiň gowy hilini nepis işip, iňňä sapyp, ýakanyň gyrasy ýa-da gyýynyň gyrasy ilki özüňe tarap ýörmelerdi, soň bolsa onuň tersine ýörmelerdi. Şeýdip, terslin-oňlyn ýörmelende, iňňäniň girip-çykýan ýerleri birigip, ýaňky ýüpek sapakdan arynyň öýjügine, aýak yzyna meňzeş, şeýle hem hünji düzülen ýaly tikin emele gelýär. Şol tikine hem arpyşdaklamak diýilýär.

Öý bikesi öwrense...

Ýumurtgaly börek Gerekli önümler: 500 g un, 11 sany ýumurtga, 8 nahar çemçe ösümlik ýagy, ýarty desse arpabadyýandyr şibit, gaýmak, suw, duz, gara burç.

Ýyldyzlar näme diýýär? Awgust 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Hamallar bu aýyň başyndan işjeň häsiýetde bolarlar. Bu, aýratyn-da, döredijilik, sungat bilen meşgullanýan hamallar babatda şeýle bolar. Olara aýyň başynda gyzykly tanyşlyklar garaşýar. Bu tanyşlygyň soňunyň has ulurak netije bermegi-de ähtimal. Hamallar meýilleşdiren işlerine juda jogapkärçilikli çemeleşmelidirler. Tejribeli adamlaryň beren degerli maslahatlary olaryň işinde öňegidişlikleriň bolmagyna oňyn ýardam eder.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmäge, ylym-bilimi ösdürmäge, şeýle hem kämil hünärmenleri taýýarlamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bu günki gün Ýer ýüzünde bagtly çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilýär.

Terbiýe — kämilligiň gözbaşy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Şah­sy­ýe­tiň döw­re­bap kä­mil ah­lak keş­bi­ni eme­le ge­tir­mek bo­ýun­ça, esa­san-da, ýaş nes­liň ah­lak ter­bi­ýe­si ba­bat­da türk­men jem­gy­ýe­tin­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da kö­pu­gur­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ah­lak ter­bi­ýe­si bi­len gün­de­lik meş­gul­lan­mak bir­nä­çe döw­let eda­ra­la­ry­nyň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­zi­pe bor­jy bo­lup dur­ýar. Şeý­le-de bol­sa türk­men jem­gy­ýe­tin­de ýaş­la­ra ah­lak ter­bi­ýe­si­ni ber­mek il­ki bi­len maş­ga­la­nyň hem-de bi­lim eda­ra­la­ry­nyň baş we­zi­pe­si ha­sap­la­nyl­ýar.

PEÝNIRLI LAWAŞ

Tomus paslynyň gelmegi bilen tebigatymyzyň gözel künjeklerine maşgala dynç alyş gezelençleri guralyp oňa her dürli tagamlary taýýarlamagyň özboluşly lezzeti bar. Žurnalymyzyň şu sanynda şeýle tiz we elýeterli tagamyň taýýarlanylyşyny paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

ÇAGA TERBIÝESINDE MEKDEBIŇ WE MAŞGALANYŇ SAZLAŞYGY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlary ýokary depginler bilen ösýär. Bu ösüşleriň binýatlyk esasy bolan ylymda-bilimde hem düýpli özgerişler amala aşyrylýar. Bedew batly Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp gitmekde ýaş nesle sazlaşykly bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli ruhda terbiýelemek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Durmuş syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde häzirki alnyp barylýan özgertmelerde ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagyna aýratyn üns berilýär. Çünki ýaş nesliň bagtly durmuşyny üpjün etmekde olara berilýän terbiýäniň ýokary derejelerde bolmagy örän zerurdyr. Şeýle bolansoň nesil terbiýesi iki sany esasy ugruň sazlaşygy bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa terbiýe binýadynyň örän berk bolmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Bu esasy iki ugur: maşgala we mekdepdir. Olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bularyň has täsirlisi we dowamlysy maşgaladyr. Sebäbi maşgalada akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ynsany terbiýelemegiň ilkinji ädimleri başlanýar.

«ÇAGA EZIZ...»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde tanalýar. Bitarap Watanymyzda çagalaryň gülki sesleri erkinligiň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup arşa dolýar. Dünýäň gözelligin dünýäň baýlygyn

Nesil terbiýesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda, parahat ýaşamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şol sanda ýurdumyzyň geljegi bolan nesilleriň watansöýüji, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri barada netijeli işler ýola goýulýar. Türkmen halkymyz her döwürde hem perzent terbiýesine ähmiýet beren halkdyr. Çünki nesilleriň kämil terbiýesi geljegimiziň ösüşiniň binýadydyr. Binýat bolsa, elbetde, irki ösüş döwründen emele gelip başlaýar. Alymlaryň bellemegine görä, çaganyň irki ösüşi onuň durmuşyndaky iň wajyp döwürdir. Çagada üç ýaşa çenli beýleki synalara garanyňda, beýniniň ösüşi has öňe gidýär. Beýniniň 80 göterim maglumaty kabul edişi irki ösüş döwründe bolup geçýär. Bu döwürde çaganyň hemişelik ýady kemala gelip, «tejribeleriň, gaýtalamalaryň» üsti bilen maglumatlar baýlaşdyrylýar.

Dur­muş gur­maz­dan ozal

Dogan JÜJELOGLY,türk ýazyjysy, psiholog Stambul uniwersitetiniň uçurymy bolandan soňra ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetinde bilim psihologiýasy (seljermek, pikirlenmek we aragatnaşyk) ugry boýunça doktorlyk işini alyp bardy.

Maşgala agzybirliginiň binýady

Zenan durmuşyň güli, ýaşaýşyň dowamaty, dünýäniň zynatydyr. Türkmen halky ähli döwürlerde-de wepalylygyň, mähremligiň, gözelligiň beýik nusgasyny görkezen zenanlary ýüzüniň tuwagy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplapdyr. Pederlerimiz merdi-merdana, namysjaň, görüm-göreldeli, eli çeper zenanlara guwanypdyrlar, olara aýratyn gadyr goýupdyrlar. Bu ugurdaky asylly ýörelgeler häzirki döwürde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Şu günler hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlar toparlarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklarda hem bular dogrusynda aýratyn nygtalýar. «Maşgala agzybirliginiň binýady» diýen at bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda öý-ojagyň agzybirliginiň berkemeginde, il-ulsuň abadançylygynyň üpjün edilmeginde, jemgyýetde sagdyn we zähmetsöýer nesilleriň kemala gelmeginde zenanlara möhüm ornuň degişlidigi nygtalýar. Şeýle-de çykyşlarda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olary durmuş ýeňillikleri bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Wekiller öz çykyşlarynda jemgyýetiň abadançylygyny we ösüşini gazanmakda nika we maşgala gatnaşyklaryny berkitmegiň hökmanydygyny bellediler.

Terbiýe mekdebi

Ata-ene we perzent gatnaşyklary asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň uly üns beren meseleleriniň biridir. Halk döredijiliginde, söz ussatlarynyň eserlerinde bular dogrusynda täsirli wakalar bilen beýan edilýär. Ösüp gelýän ýaş çaga ata-enesinden görelde alýar. Olaryň hereketlerini, sözleýişlerini öz durmuşynda gaýtalaýar. Terbiýe mekdebi hakynda aýdanymyzda, eneler ýadymyza düşýär. Çünki eneler perzent terbiýesine örän üns bilen garaýar, süýji sözler bilen nesillere öwüt edýär.

Zähmet — bag, adam — bagban

Hünär öwrenmek kämillige we bagtyýar durmuşa açylýan esasy ýoldur. Şu nukdaýnazardan, hünär babatda kämil nesli kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Çagalykda her kim bir hünäre höwesli bolýar. Biri mugallym bolmagy arzuw etse, beýlekisi lukman, ýene biri uçarman bolmak isleýär. Kämillik ýaşyna ýetilenden soňra bolsa, ýetginjek belli bir käriň eýesi bolmak, ilkinji hünär bilimini almak barada pikir edýär. Durmuşynyň şu gyzykly döwründe her bir adamda hünär barada gyzyklanmalarynyň artmagy tebigydyr. Munuň sebäbi durmuşda kesp-kärleriň, hünärleriň görnüşleriniň köpdürlüligi bilen düşündirilýär. Diňe bir köplügi bilenem tapawutlanman, eýsem, her hünär özboluşly gyzyklylygy, özüne çekijiligi, täsirliligi bilen hem tapawutlanýar. Şonuň netijesinde hem, her bir adam özüniň ukybyna görä hünär saýlap almaga ymtylýar. Islendik kär zähmetsöýerligi, gujurlylygy, gaýratlylygy talap edýär. Islendik kärde-de yhlas siňdirilip, der dökülip, halal zähmet çekilse, üstünlige ýetip bolýar. Çünki hünärleriň ählisi ynsan yhlasynyň miwesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Zähmet endiklerini özleşdirmek hünäre ezberligi hem kemala getirýär» diýip belleýär. Akyldarlar hünärli adamlary miweli daragta, senedi bolsa eliniň altyn bilezigine meňzedipdirler. Ozal bir şägirt halypasyndan haýsy işiň aňsatdygyny sorapdyr. Halypa:

Hakyda hazynasy

Geň galaýmaly, wagt ýyldyrym tizliginde geçip, saçlaryma ak sepelän bolsa-da, çagalygymdaky atamdyr babamyň gulagyma guýan öwüt-ündewleri hiç haçan ýadymdan çykmaýar. Olar heniz hem meniň hakyda hazynamda ýaşap ýör. Olar hemişe maşgala mukaddesligi, ony goramagyň usullary hakynda wagyz-nesihat ederdiler. Şol döwürler atamdyr babamyň şirinden şirin söhbetleri, sargytlary etmesi aňsat zat ýaly bolup görünýärdi. Emma, ýaşadygymça maşgala gurmagyň, onuň abraýyny we agzybirligini gorap saklamagyň nähili uly zähmeti, irginsiz yhlasy, akyl-paýhasy talap edýändigine göz ýetirdim. Türkmençilik däplerini berk berjaý etmek, peder ýoluny saklamak parz işdir. Halkymyzda aýdylyşy ýaly, alma agajyndan daş düşmeýär, ýa-da arpa ekseň arpa alýarsyň, bugdaý ekseň bugdaý. Şu nukdaýnazardan alanymyzda kemally, ilhalar ata-eneden akylly we asylly nesiller döreýär. Uly-uly döwletleriň maşgalalardan başlanyşy ýaly, biziň çagalarymyza berýän gündelik terbiýämiz olaryň röwşen geljegine şamçyrag boljak edep mekdebidir. Hut şonuň üçin hem «edebi başdan, çagany ýaşdan» diýlen nakyla eýerip, biz ýaş nesillerimizi ýaşlykdan ilhalar edip ýetişdirmegiň aladasyny etmeli. Munuň üçin bolsa türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň şygyrlaryna ýüzlenmek has dogrudyr. Sebäbi Magtmguly Pyragy dünýäniň göze görünýän we görünmeýän syrlaryna akyl ýetiren şahyrdyr. Şahyryň goşgularynda türkmen bolup ýaşamagyň beýik

Çaga eziz, edebi ondanam eziz

Çaga terbiýesi islendik maşgalada maşgala abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen meseleleriň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu meseläniň oňyn çözgüdini tapmakda ata-ene bilen çaganyň özara düşünişmegini gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. žurnalist Narjan Kasymowa bu babatda peýdaly maslahatlary bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti Muhabbet Azziýewadan haýyş etdi. Gözegçilik etmek gerek, ýöne...

Terbiýe — röwşen geljegiň açary

Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaý boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda merdana ýaşlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler hakynda täsirli söhbet edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp  eserinde: «Men «Watan» we «Halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Diýmek, ýaşlara bildirilýän bu günki ynam dowamat-dowamymyza, ertirlerimiziň röwşenligine bildirilýän ynamdyr. Şundan ugur alyp, biz — mugallymlar ýaşlara döwrebap bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli, kämil terbiýe almagyny gazanmaly. Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlaryna, müňýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten milli ýörelgämize, Watana

Mähir ojagy

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biz, ilkinji nobatda, milli gymmatlyklarymyza, edebi we medeni mirasymyza, asylly däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza daýanmaly, şeýdip çagalarda milli aňyýetiň berk hem sarsmaz binýadynyň esasyny kemala getirmeli. Gahryman Arkadagymyzyň ündeýşi ýaly, islendik terbiýeçilik işiniň gönezliginde milli mazmun, milli öwüşgin, türkmen ruhy bolmaly. Şahsyýetiň aňynda türkmen milli ruhy kemala gelip, goýazylaşan halatynda onuň öz halkynyň hakyky merdana ogly bolup ýetişjekdigi gümansyzdyr. Şeýle şahsyýetiň ata Watana, ene topraga bolan söýgüsi bimöçberdir, biserhetdir, uç-gyraksyzdyr. Ata Watanyňa, göbek ganyň daman topragyna, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň soňky nesillere galdyran maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç hem mähir duýgulary öz-özünden döremeýär. Bu belent mukaddes söýginiň, guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki-damary maşgala terbiýesinden hem görüm-göreldesinden gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz: «Ýagşy aýal — öýüň rysgalynyň daýanjydyr» diýipdir. Maşgalasyny, çagalaryny açlykdan, hor-homsulykdan başbitin alyp çykmak üçin ýanbermez enelerimiziň asyrlarboýy ähli kynçylyklary egni bilen çekip gelendigi bize geçmiş taryhymyzdan mälim. Olar ýygnanja ätiýaç azyklaryny, çörekdir höreklerini, nandyr huruşlaryny günlere, hepdelere, aýlara bölüşdirip, çagalarynyň gündelik iýjek iými

Rahatlandyryjy daş

Flýuorit özboluşly we özüne çekiji reňkleri bilen tanalýan tebigy, gymmat bahaly daşdyr. Daşyň durmuşymyzda abadançylygy döretmäge we deňagramlylyga täsirini ýetirip biljek güýçli häsiýetleri bar. Flýuoritiň akyl aýdyňlygyny we ünslüligi gowulandyrmaga, duýgy, ruhy taýdan sagdyn bolmaga, duýgurlygy güýçlendirmäge täsiri ýokarydyr. Gadymy döwürde flýuoritden tumar edinseň, zyýandan we ýaramaz täsirlerden goraýar diýlen ynanç bolupdyr. Bu ynançlar häzirki döwürde hem ähmiýetli bolup, flýuorit ylmy taýdan öwrenilen güýçli metafiziki aýratynlyklary sebäpli bejergide möhüm daş bolup galmagyny dowam etdirýär.