Miweleri we gök önümleri gyşa taýýarlamak

5 Sentýabr 2024
147

Her möwsümiň iýmitleriniň özüne mahsus tagamy, süýjüligi we ýakymy bolýar. Iň esasy bolsa, olaryň ýokumlylygyny saklamak. Tomus paslynda gyşa huruşlyk taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu döwür öý bikeleriniň hysyrdysy köp bolýar.

Tomus-güýz aýlary gelin-gyzlarymyz datly ir-iýmişlerden, miwelerden dürli şiredir mürepbeleri, duza basylan önümleri taýýarlamak bilen meşgul bolýarlar. Tebigatyň eçilen peşgeşini diňe bir çüýşe gaplara gaplaman, başga-da birnäçe usullar arkaly olaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Şol usullaryň biri-de gök önümleri we miweleri doňdurmak we guratmakdyr.

Owadan ÖWEZOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar