Bä­bek to­ýy

15 Sentýabr 2024
31

«7/24.tm»:№38 (22516.09.2024

Her bir türk­men maş­ga­la­sy ça­ga dün­ýä ine­nin­den, maş­ga­la tä­ze bir ki­çi­jik yn­sa­nyň ge­lip go­şul­ma­gy­ny uly buý­sanç-şat­lyk bi­len bel­läp, ony toý tut­mak bi­len gar­şy al­ýar. Mu­ňa «Bä­bek to­ýy», kä­bir we­la­ýat­lar­da «Piş­me to­ýy» di­ýil­ýär. Bu to­ýa her bir tä­ze dur­muş gu­ran maş­ga­la uly hö­wes bi­len ga­raş­ýar. Ge­lin edi­ni­len­de tä­ze gel­niň ete­gi­ne ogul bä­be­giň atyl­ma­gy­nyň hem «Tä­ze gel­niň aýa­gy ýer tut­sun, ör­ňe­sin-kö­pel­sin» di­ýen ma­ny­sy bar. Şeý­le hem toý gat­la­ma­sy bi­şi­ri­len­de «Tä­ze maş­ga­la hem ile go­şu­lyp, gat-gat bo­lup kö­pel­sin» di­ýip, yrym edil­ýär. Mu­nuň özi türk­me­niň «Kö­pe­lip köl bol!» di­ýen aja­ýyp ar­zuw­la­ry­nyň, uly maş­ga­la bo­lup ag­zy­bir ýa­şa­mak ba­ra­da­ky ýag­şy ni­ýet-pä­li­niň dur­mu­şy be­ýa­ny­dyr.

www.me­de­niyet.gov.tm
Beýleki habarlar