"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Buýsanç

Biziň eserde görmek isleýän gahrymanlarymyzyň köpüsi ýyllarboýy aramyzda ýaşap ýörler. Emma, köplenç, biz muňa üns bermeýäris ýa-da başga aladalar bilen unudylyp galýar. Soň ýene toý-märekede duşsaň, olar birsalym ünsüňi özüne çekýär. Şeýle ynsanlardaky özüne çekýän üýtgeşikligiň nämedigi barada oýlanýarsyň. Bu gezegem şeýle boldy. Uýamyň märekeleriniň birinde onuň bilen sataşdyk. Saçyna biraz ak sepenligi oňa garrylyk sypatyny bermändir. Henizem gözlerinde durmuşa söýgüsi şöhle saçyp dur. Uzyn boýly, ak ýüzli bu zenanyň edil ulugyz wagty ýadyma düşmese-de, gelinlik döwrüni özümçe göz öňüme getirýärin. Ol biziň obamyzyň gyzydy. Soňra obamyzyň gelni boldy. Özüni ýürekden söýen Agamyrat bilen durmuş gurdy. Olaryň gülüň gunçalary ýaly dört çagasy bar, durmuşlaram allanäme. Bu maşgala barada başga hiç bir bilýän zadymyz ýokdy. Ilki-ilkiler daşyndan görüp, bu zenany özüne aşa göwni ýetýändir öýderdim. «Gürleşip bir bolýarmyka» diýip, pikir ederdim. Emma gudaçylyk gatnaşygy munuň asla beýle däldigini basym görkezdi. Ol diýseň pespäl, sada ekeni. Ýöne beýle häsiýetli zenanlaryňam ählisi özüne çekäýenok. Baýdak boýly bu zenany özgelerden tapawutlandyrýan üýtgeşiklik nämedenkä?! Belki, ony adamsynyň juda gowy görenligindendir. Söýülýän zenanlar şeýle bolýarmyka?! Diňe gaýynene, gaýynata, baldyzdyr ýüwürjileri däl, adamsynyň doganlaryna, dolananlaryna çenli ony hormatlaýarlar. Ýaşulular

Ene pendine uýup

Togsanyň onlugyndan alan Ogulgözel ene, endigine görä, bu gün hem ir oýandy. Howlynyň bir çetini tutup, giň meýdany eýelän mellegine aýlandy, ösüp oturan baglaryna buýsandy. «Gör-ä muny, Gurbangeldi bilen eken baglarymyz ösüp otyr. Şaha ýaýyp barýarlar. Adamyň ömri hem şular kysmy bir zat» diýip, birsalym teläriň aşagyndaky agaç sekide arassa howadan dem alyp oturyşyna pikirlendi. Oňa çenli ogly-gelnidir agtyk-çowluklary yzly-yzyna gelip: «Ene, sag-aman ördüňmi?» diýşip salamlaşdylar, hal-ahwal soraşdylar. Ululardyr çagalar gözleri mähirden doly eneleri bilen ertirlik desterhanynyň başyna jem boldular. Ogulgözel ene Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dünýä inip, şol ýerde hem ösüp-ulalýar. Ýaşlygyndan obanyň gelin-gyzlary bilen ene pendine uýup, nepis nagyşlary sünnäläp, keşde çekýär, keçe basyp, haly dokaýar.

Peýdaly maslahatlar

Ýatmazdan ozal suw goşulan gyzgyn süýt içmek maslahat berilýär. Ol sagdyn ukyny almaga ýardam edýär. * * *

Öý bikeleriniň kömekçileri

Gök we bakja önümlerini arassalaýan gural öý bikeleri, aşpezler tarapyndan gündelik ulanylýar. Bu gural önümleri tygşytlamak, adamyň tenine howpsuz we önümlere zeper ýetirmesiz arassalamak maksady bilen döredilipdir. Aşhanada ulanylýan iň ýönekeý we peýdaly gurallaryň biri bolan gök we bakja önümlerini arassalaýjynyň gelip çykyşyny öwrenmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ol, ilki ýeralma arassalamak üçin döredilendigine garamazdan, häzirki wagtda ähli önümler üçin peýdalanylýar. Bu gural fransuz oýlap tapyjysy Wiktor Puz tarapyndan 1928-nji ýylda oýlanyp tapylýar. Wiktor Puzuň döreden gök we bakja önümlerini arassalaýan guraly örän ýönekeý we agaç saply bolupdyr. Ol köp gezeklik üçin örän çydamsyz bolandygy sebäpli, restoranlaryň we kafeleriň aşhanalarynda ulanmakda kynçylyk döredipdir. Şol sebäpli, bu guraly halk köpçüliginiň ulanmagy üçin has amatly ýollar gözlenilýär we birnäçe gezek dizaýn taýdan üýtgedilýär. Gök we bakja önümlerini arassalaýan guralyň täze we ýokary hilli bolup çykmagynda tagallalar eden oýlap tapyjylar Alfred Nýusersalyň we Jo Adesiň goşantlaryny agzap geçmek gerek. Bu gural XX asyryň ikinji ýarymynda satuw nokatlarynda satylyp başlanyp, ilki Ýewropa ýurtlarynda, soň ABŞ-da halk köpçüligine ýetirilýär. Hytaýyň we Ýaponiýanyň oýlap tapyjylary özleriniň täze döreden gök we bakja önümlerini arassalaýan guralynyň Aziýa ýurtlarynyň bazaryna çykmagyna ý

Öý bikesi öwrense...

Towukly tagam Gerekli önümler:

Maşgalanyň berkligi — döwletiň mizemezligi

«Maşgalam — baş galam» diýen pähimi miras galdyran ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap many-mazmuna beslenip, mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala gurmak bilen, islendik adam täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Döwletimiz tarapyndan maşgalanyň binýadynyň berk bolmagy, onuň agzalarynyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň buýsançly hakykatydyr. Bu bolsa «Maşgala näçe berk boldugyça, döwlet hem şonça berkdir» diýen ýörelgäniň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Gadymy zamanlardan bäri maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddeslik saýylyp, ol milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan, goralýan, kämilleşdirilýän ýeridir. Maşgalada watansöýüjilik, namysjaňlyk, halallyk, dogruçyllyk, rehimdarlyk, ejize howandarlyk ýaly ýokary adamkärçilik sypatlary perzentleriň aňyna guýlupdyr. ªonuň netijesinde hem tutuş jemgyýetde adamlaryň özara gatnaşyklarynda şol ýörelgeleriň rowaçlanmagy gazanylypdyr.

Naşyja güljagazlar

Mähriban jigilerimiz, «8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli öz ejelerimizi, uýalarymyzy, joralarymyzy begendirmek üçin nähili sowgat berip bileris?» diýen sowal siziň her biriňizde ýüze çykýan bolsa gerek. Öz ellerimiz bilen ýerine ýetirilen sowgat has ýatda galyjy, täsin hem deljeligi bilen tapawutlanýar. Sebäbi ony öz eliň bilen ýerine ýetirseň, oňa yhlasyň siňýär. Žurnalymyzyň bu sanynda dürli sapaklardan güljagazlary örmegi öwredýäris. Bu naşyja gülleri örüp, ejeleriňiziň ýakasyna daksaňyz, olar, gör, nähili begener. Güljagazlary saçbagyna ýelimläp, boýdaş joralaryňyza sowgat berip bilersiňiz. Naşyja güljagazlaryň örülişi örän aňsat, şonuň üçin muny siziň her biriňiz hökman başararsyňyz! Hany, onda eziz jigiler, iş başyna!

Baýramçylyk işdäaçary

Gerekli önümler: • 300 gram towuk eti;

Ene ýüregi

Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz,Enäniň ýüregi gülden näzikdir.Enäniň hiç erbet arzuwy bolmaz,Arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr. Enäniň ýüregi her derdi syzar,Her derdiň dermany onuň sözüdir.Enäniň gül ýüzi gaharňy ýazar,Ene — ýaşaýşyň, bagtyň gözüdir.

Milli ter­bi­ýä­niň ähmiýeti

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş nes­liň edep­li-ter­bi­ýe­li, bi­lim­li-hü­när­li, wa­tan­sö­ýü­ji, zäh­met­sö­ýer, mak­sa­da ok­gun­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Şol ta­gal­la­la­r ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­ne, be­lent ah­lak sy­pat­la­ry­nyň ter­bi­ýe­len­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ýaş ne­sil­ler mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­ýär. Şo­nuň üçin hem olar mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, ene di­li­mi­ze sar­pa goý­ýar­lar. Ýo­ka­ry me­de­ni­ýet­li­lik her bir ada­myň he­re­ke­tin­de, gün­de­lik işin­de, maş­ga­la dur­mu­şyn­da aý­dyň gö­rün­me­li­dir. Ýaş­la­ryň özü­ni me­de­ni­ýet­li alyp bar­ma­gy, okuw­la­ry­na oňat ýe­tiş­me­gi, me­de­ni­ýet­li söz­le­me­gi mil­li ter­bi­ýä­niň öze­ni­dir.

Uçmagy özlerine öwrederdim

Maşgala diýlende her bir ynsanyň önüp-ösüp, kemala gelen ýeri göz öňüňde janlanýar. Maşgala gymmatlyklaryny goramak, aýamak öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmen halky «Maşgalam — baş galam» diýýär. Halk içinde kimdir birini tanajak bolsalar, ilki bilen, onuň maşgalasyny sorap-ideýärler. Maşgalada edep-terbiýe, görüm-görelde bolanda, şol ojakda beden hem ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer çagalar kemala gelýär. Her bir ene-atanyň arzuwy perzentleriniň il-güne haýyrly adamlar bolup ýetişmegidir. Perzentlerimize nähili terbiýe bersek, biziň dowamatymyz hem şoňa bagly. Gadym döwürlerde bir adam Abu Bekr As-Suludan çagalaryň asylly, ene-atasyna gulak asýan, edep-terbiýeli bolmagy üçin näme etmelidigi barada sorapdyr. Şonda ol: «Ene-atalar toprak, perzentler şol toprakda biten ösümlikdir. Ösümligiň ýagdaýy topragyň hiline bagly. Çagany eý görmeli, ýöne oňa gowy terbiýe hem bermeli» diýipdir. Kolumbiýaly beýik ýazyjy Gabriel Markesiň: «Men çagalara ganat berip, özlerine uçmagy öwrederdim» diýşi ýaly, biz ýaş nesle durmuş atly möwç urýan ummanda özbaşdak ýüzmegi, olaryň ýetmeli menzillerine biziň beren öwüt-ündewlerimiziň, edep-terbiýämiziň, görüm-göreldämiziň kömegi bilen ýetmegini öwretmeli.

Eneler keramat ak süýdi kimin

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Käbä deňelýän mähriban enelerimiz, öý-ojagyna wepaly gelinlerimiz, edep-ekramly gyzlarymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Olar erkekler bilen deň hatarda döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Biziň döwletimizde zenanlaryň hukugy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylda gol çeken «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen berkidilendir. Ýurdumyzda zenanlaryň çekýän zähmetine, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki hyzmatyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de peder ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp baha berilýär. Muňa golaýda bütin ýurdumyz boýunça ýokary derejede bellenip geçirilen Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlarymyzyň birnäçesiniň «Zenan kalby» ordenine, sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen enelerimiziň «Ene mähri» diýen hormatly ada hem-de ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryna mynasyp bolmaklary hem şaýatlyk edýär. Baýramçylygyň öňüsyrasy dili senaly enelerimizden başlap, ýaşajyk gyzjagazlara çenli hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa, ata Watanymyzda zenanlaryň hiç biriniň-de gözden salynmaýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Bagtyň özi birikmekde

Türkmen halkynyň gadymy we müdimi taryhyna ser salyp, onuň aýal-gyzlarynyň tarypynyň nusgawy şahyrlaryň goşgy setirlerinde çeper beýan edilendiginden ýa-da gelin-gyzlarymyzy zergärleriň elinden sünnälenip çykan nepis altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezändiklerinden hem milletimiziň zenanlara uly hormat goýandyklaryny görmek bolýar. Pederlerimiziň: «Iki baş maşgala» diýip nygtaýyşlary ýaly, ata-babalarymyz we ene-mamalarymyz ogul-gyzlary ýetişenden soň, olary gözli-başly etmegiň aladasynda bolupdyr.

Hamyrmaýa

Hamyrmaýa her öýüň rysgal-maýasy saýylýar. Ol hamyry aldyrmak üçin içine goşulýan turşadylan hamyr bölegidir. Oňa il içinde hamyrturşy hem diýilýär. Hamyrmaýanyň taýýarlanylyşynyň dürli görnüşleri bar. Meniň mamam, ejem dagy hamyrmaýany dagda kerkawyň, arçanyň düýbünde, ýumşak toprakly ýerlerde ösýän alwan diýen ösümlikden taýýarlardylar. Alwanyň baldagy golboýudan uzynrak bolup, onuň miwesi topragyň astynda ýerleşýär. Her alwanyň diňe ýekeje miwesi bolýar. Alwanyň baldagyndan tutup çekseň, onuň çaga ýumrugy ýaly miwesi topragyň ýüzüne çykýar. Hamyrmaýalyk üçin bolsa diňe bir miwe ýeterlik. Alwan miwesini gowy ýuwsaň, ol ap-ak bolýar.

Adyň käbe, özüň käbe!

Käbäm! Eller bu sözi nepislik bilen ýazýan bolsa, ýürek mähir-muhabbete eýläp aýdýar. Şu güne çenli näçe gezek mähir bilen, «Käbäm!» diýip ýüzlenibem, onuň mukaddes Käbäniň ady bilen baglanyşyklydygy dogrusynda oýlanmandyryn. Özem bu söz — enä ýüzlenilip aýdylýan käbäm sözi hiç bir milletde hatda bir-birine golaý bolan türki dilli halklarda-da ýok söz. Diýmek, mähriban enesini Käbä deňän milletiň nesilleri biz! Şonuň üçinem bu millet, onuň nesilleri «Jennet eneleriň aýagynyň aşagyndadyr» diýen sözlere örän ähmiýet berip aýdýar. Jenneti bu barlykda başga ýerden däl-de, ejeleriň aýagynyň aşagyndan gözleýär. Duýgularym halasdyr meň duzakdan,Saz ýazsamam bardyr dokma darakdan,Käbäm gaýdyp geljek ýaly uzakdan,Ýazyň gelerine garaşýardym men...

Ümmülmez dünýänem saňa deňeýän

Öňem bir akyldardan «Dünýä nirden başlanýar» diýip soranlarynda akyldar: «Dünýä eneden (enäniň gujagyndan) başlanýar» diýip jogap beripdir. Dogrudan-da, her bir çaga doglanyndan, ilki bilen, enäniň gujagyna berilýär, enesini görýär, ak süýdüni emip, mährem hüwdüsine maýyl bolup, ýatýar. Enesiniň söýgüsinden kemal tapyp ösýär, ulalýar. Ene söýgüsinden kemal tapan çagalar bu ajaýyp dünýä bilen kem-kemden tanşyp, ile goşulyp gidýär. Ýaşaýşyň gönezligi bolan eneler mydama çagalarynyň ilhalar, zähmetsöýer, gowy adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Eneler hemişe, hemme wagt, çagalaryna öwüt-nesihat berýär, olara älem gowulyklaryny arzuw edýär. Eneleriň öwüt-nesihatlary, päk arzuwlary, doga-dilegleri bizi durmuşyň päk ýoluna atarýar. Durmuş ýolumyzda ýagty şamçyrag bolup durýar. Halk arasynda «Enäniň basan basgançagynda balasy awunmaz», «Enäniň öpen maňlaýyna dert gelmez», «Enäniň öpen maňlaýy, balasyna bagt islär durarmyş» diýen aýtgylar ýörgünlidir. Ynsan üçin ene hüwdüsi, ene söýgüsi iň beýik mukaddeslik hasap edilýär. Enäniň ýüzünde dünýäniň nury, sözünde dünýäniň düri, bakyşynda dünýäniň mähir-muhabbeti, ýüreginde bolsa dünýä ýaly giň we müdimi söýgi bar. Şahyr ony şygrynda:

Salam, bahar!

Salam, serwi kamatly, elwan köýnekli, gülgün ýaglykly «biri ýaşyl, biri sary, biri al» älemgoşarly, şahyr aýtmyşlaýyn: «edepli-ekramly, gunduz goşarly» bahar! Hoş geldiň, biziň illere! Biziň görke, gözellige baý, dünýäniň gyzgyn ýüregi ýaly gürsüldäp urup duran gadymy hem müdimi Garaguma — gyzgyn gonalgamyza, ýaşyl ýaşalgamyza! Sen nurly Güneşiň, mylaýym mähriň bilen ynsanlaryň kalbyna ýagşylyk, ýagtylyk eçil, köňüllere güneş bolup çaýyl, adamzat ählini iň kämil, iň tämiz, iň nurana duýgularyň bilen baharlaşdyr. Baharyň buşlukçysy bugdaý damjalar «ös, saçym, ös, bilime guşak» diýip, oýnap ýören güneş gulpaklyja gyzjagazlaryň aýasyna seçelensin. Goý, türkmen sährasynda baky solmaz köz-köz gülälekler, al-al çigildemler, elwan läleler bark ursun, ýuwa, ýelmik bol bolsun, ýaşyl ýylaklar ýüwrük ýellere ygşyldasyn, selmeler parç bolsun, ýaşmakly gelin kömelekler ýer astyndan jyklap, bahar güneşine sary ymtylsynlar, maýsaly meýdanlar gözüňi dokundyrsyn, baglar pyntyk ýaryp, erikleriň, alçalaryň... pyntyklary ak patrak bolup açylsyn, aňrysyna göz ýetmeýän çaga umytlary ýaly biserhet ýaşyl ýaýlalar toý lybasyny geýsin, gözelligiň göz görmedik güwäsi, päkizeligiň peýker perişdesi hasaplanýan başýuwluga saçyny ýuwan gyz bütin beýik barlykdan bidin ýürekden eý görýän çopan ýigidini ýatlap:

«Çaga eziz, edebi ondan-da eziz»

Öňem bir dananyň aýdyşy ýaly, dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da taglymat bar. Çaga terbiýesi hakynda hem her kim öz pikirini öňe sürýär. Milli ýörelgelerimize uly ähmiýet berýän halkymyz çaga terbiýesinde hem ata-babalarymyzdan gelýän düzgün-kadalara berk eýerýär. Perzentleriniň il içinde abraýly, mertebeli, watansöýüji çagalar bolup ýetişmegi ugrunda ähli aladalary edýär.

Ejemiň nurana ýüzi

...Ene — ol mähribanlygyň iň kämil nusgasy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda mähriban enelerimiz hakynda şeýle ýazýar:  «Ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe söýgi diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin hem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr».

Zenanlaň bagtyndan gülleýär Watan

Eneleriň bagtyndan Watan gülleýär. Çünki enäniň hüwdüsinde egsilmez watançylyk söýgüsi, halkyna wepadarlyk duýgusy möwç urýar. Dünýäniň manysy, ýaşaýşyň belent mukamy enäniň pessaýja ýaňlanýan şirin hüwdüsinde jemlenendir. Eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Zeminiň göwher täjine deňelýän zenanlarymyzyň syýasatda, adalat, kanunçylyk ulgamynda, döwlet dolandyrylyşynda, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynda bitirýän hyzmatlaryna diýseň uly baha berilýär hem-de mähriban zenanlarymyz ýokary derejeli döwlet sylaglary bilen yzygiderli sylaglanýar, olara hormatly atlar dakylýar. Eneligi we çagalygy goramak boýunça bahasyna ýetip bolmajak beýik işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, hormatly dynç alyşdaky mährem enelere, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli düzümlerde zähmet çekýän gelin-gyzlara, talyp, okuwçy gyzlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara hem pul sowgatlarynyň gowşurylmagy bagtyýarlykdan, mizemez döwletlilikden nyşandyr. Arkadagly Serdarymyzyň Permanyna laýyklykda, bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, zenanlarymyzyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dak