Buýsanç

23 Mart 2023
1185

Biziň eserde görmek isleýän gahrymanlarymyzyň köpüsi ýyllarboýy aramyzda ýaşap ýörler. Emma, köplenç, biz muňa üns bermeýäris ýa-da başga aladalar bilen unudylyp galýar. Soň ýene toý-märekede duşsaň, olar birsalym ünsüňi özüne çekýär. Şeýle ynsanlardaky özüne çekýän üýtgeşikligiň nämedigi barada oýlanýarsyň. Bu gezegem şeýle boldy. Uýamyň märekeleriniň birinde onuň bilen sataşdyk. Saçyna biraz ak sepenligi oňa garrylyk sypatyny bermändir. Henizem gözlerinde durmuşa söýgüsi şöhle saçyp dur. Uzyn boýly, ak ýüzli bu zenanyň edil ulugyz wagty ýadyma düşmese-de, gelinlik döwrüni özümçe göz öňüme getirýärin. Ol biziň obamyzyň gyzydy. Soňra obamyzyň gelni boldy. Özüni ýürekden söýen Agamyrat bilen durmuş gurdy. Olaryň gülüň gunçalary ýaly dört çagasy bar, durmuşlaram allanäme. Bu maşgala barada başga hiç bir bilýän zadymyz ýokdy.

Ilki-ilkiler daşyndan görüp, bu zenany özüne aşa göwni ýetýändir öýderdim. «Gürleşip bir bolýarmyka» diýip, pikir ederdim. Emma gudaçylyk gatnaşygy munuň asla beýle däldigini basym görkezdi. Ol diýseň pespäl, sada ekeni. Ýöne beýle häsiýetli zenanlaryňam ählisi özüne çekäýenok. Baýdak boýly bu zenany özgelerden tapawutlandyrýan üýtgeşiklik nämedenkä?! Belki, ony adamsynyň juda gowy görenligindendir. Söýülýän zenanlar şeýle bolýarmyka?! Diňe gaýynene, gaýynata, baldyzdyr ýüwürjileri däl, adamsynyň doganlaryna, dolananlaryna çenli ony hormatlaýarlar. Ýaşululary: «Gelin jan!», ýaşkiçileri: «Gelneje jan!» diýip ýüzlenýärler. Toý-märekelerde onuň orny mydama törde.

Aýjemal OMAROWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar