Öý bikeleriniň kömekçileri

23 Mart 2023
1360

Gök we bakja önümlerini arassalaýan gural öý bikeleri, aşpezler tarapyndan gündelik ulanylýar. Bu gural önümleri tygşytlamak, adamyň tenine howpsuz we önümlere zeper ýetirmesiz arassalamak maksady bilen döredilipdir. Aşhanada ulanylýan iň ýönekeý we peýdaly gurallaryň biri bolan gök we bakja önümlerini arassalaýjynyň gelip çykyşyny öwrenmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ol, ilki ýeralma arassalamak üçin döredilendigine garamazdan, häzirki wagtda ähli önümler üçin peýdalanylýar. Bu gural fransuz oýlap tapyjysy Wiktor Puz tarapyndan 1928-nji ýylda oýlanyp tapylýar. Wiktor Puzuň döreden gök we bakja önümlerini arassalaýan guraly örän ýönekeý we agaç saply bolupdyr. Ol köp gezeklik üçin örän çydamsyz bolandygy sebäpli, restoranlaryň we kafeleriň aşhanalarynda ulanmakda kynçylyk döredipdir. Şol sebäpli, bu guraly halk köpçüliginiň ulanmagy üçin has amatly ýollar gözlenilýär we birnäçe gezek dizaýn taýdan üýtgedilýär. Gök we bakja önümlerini arassalaýan guralyň täze we ýokary hilli bolup çykmagynda tagallalar eden oýlap tapyjylar Alfred Nýusersalyň we Jo Adesiň goşantlaryny agzap geçmek gerek. Bu gural XX asyryň ikinji ýarymynda satuw nokatlarynda satylyp başlanyp, ilki Ýewropa ýurtlarynda, soň ABŞ-da halk köpçüligine ýetirilýär. Hytaýyň we Ýaponiýanyň oýlap tapyjylary özleriniň täze döreden gök we bakja önümlerini arassalaýan guralynyň Aziýa ýurtlarynyň bazaryna çykmagyna ýardam edipdir. Bu guralyň döremegine kafeleriň we restoranlaryň aşhanalarynda işleýän aşpezleriň beren teklipleriniň hem sebäp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu teklip, esasan, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we Meksikanyň restoranlarynda işleýän aşpezler tarapyndan öňe sürlüpdir.

Selbi ALTAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar