"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Yşyklandyryjylaryň taryhyndan

Öýlerimizi yşyklandyrmakda möhüm zat bolan ýagtylandyryjy çyralar barada nämeler bilýäris? Geliň, diňe bir ýagtylyk beriji bolmak bilen çäklenmän, öýüň dizaýn aýratynlygynda hem zerur bolan çyralar barada birnäçe gyzykly maglumatlary öwreneliň! Yşyklandyryjylar dünýäsine syýahata goşulyň! ■ Dünýä meşhur iňlis alymy we oýlap tapyjysy Tomas Edison 1879-njy ýylda ilkinji elektrik çyrasyny oýlap tapýar. Alymyň bu açyşyndan öň adamlar ýag çyrasyny ulanypdyrlar.

Zemm şäheri

Jeýhun boýlarynda halkymyzyň şöhratly geçmişine şaýat bolan gadymy şäherleriň, galalaryň ençemesi bar. At-owazasy äleme dolan taryhy mekanlar dogrusynda gürrüň gozgalanda, gadymy Zemm şäheri hem ýatlanylýar. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, ösen medeniýetli şäher bolupdyr. Gadymy Zemm ýadygärligi häzirki Kerki şäheriniň gündogarynda, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýär. Bu orta asyr şäheri baradaky ýatlamalara biz arap serkerdesi Küteýbanyň Amyderýanyň güzerinden geçişi bilen bagly ýazuw çeşmelerinde duş gelýäris. X asyra degişli çeşmelerde Amyderýa joşan wagtynda suwunyň Zemm şäheriniň merkezine çenli ýetýändigi barada aýdylýar. Beýleki arap syýahatçysy Al-Ýakuby Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň Merweruddan Balha, ondan soň bolsa Zemm şäherine barýandygyny ýazýar. X asyr arap syýahatçysy Al-Makdisiniň ýazgylarynda bolsa: «Zemm derýanyň kenaryndaky uly şäher, onuň bazarynyň merkezinde Juma metjidi ýerleşýär, howlusy eýwan bilen gurşalan, suwy bolsa Jeýhundan alýar» diýlip bellenilýär.

Arzyly tomsuň ýatlamalary

Tomus — her bir ynsan üçin ýatdan çykmajak wakalaryň jemi diýmek. Birsellem oturyp geçmişiň hakynda pikir ýa-da deň-duşlaryň bilen gürrüň etseň, söhbediň hökman bu pasylda bolup geçen wakalara syrygyp gidenini duýman galarsyň. Biz ýurdumyzyň çäginde tomusky dynç alşy täsirli geçirmegiňiz üçin şeýle «Ýol kartasyny» size ýetirmek isledik. Türkmen topragy özüniň taryhy ýadygärlikleridir özboluşly tebigat dünýäsi bilen meşhurdyr. Hakyň nazary düşen bu mekanyň dagyndan başlap, tä sährasyna çenli keramat. Şeýlekin ajaýyp ýerlere syýahat edip görmek üçin amatly wagt tomus möwsümidir. Türkmenler taryhyna sarpa goýýan halk. Geçmiş taryhymyzy geljekki nesillere ýetirmek, asylly wezipelerimiziň biridir. Köplenç çagalaryň gözi bilen gören zatlary aňlarynda ebedi ornaşýar. Olar bilen taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýlanyp görmek aýratyn täsirli boljakdygy ikuçsuz. Dogrusy şol ýadygärlikleri baryp ýerinde görmegiň özi hem tolgundyryjydyr. Esasanam, öz maşgala agzalaryňyz bilen gezelenç gurasaňyz, çagalaryňyz hem halkymyzyň baý geçmiş taryhy barada köp maglumat goruna eýe bolarlar.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagyna giň ýol açyldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda oňyn özgertmelere badalga berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk esasy bolan nebitgaz toplumynda, hususan-da, gaz senagatyny we onuň gaýtadan işleýän pudagyny täze taryhy şertlerde döwrebap ösdürmeklige giň mümkinçilikler döredi. Netijede, dürli ýyllarda açylan Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy, Çymçykly, Garaşsyzlyk we Gündogar Tutly, Gündogar Üçajy — Çägelik — Könegala, Tagtabazar-I gaz känleri synag-senagat we senagat ulanyşa girizilip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilen Prezident maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly goşant goşdy. Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy (Bäşgyzyl) gaz käni Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta-gündogar böleginde, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çäginde, welaýat merkezi Türkmenabat şäherinden 180 kilometr we Mary şäherinden 160 kilometr daşlykda ýerleşýär. Käniň tebigy gazy 92 kilometr uzaklykda ýerleşýän Üçajy käninde hereket edýän gazy toplumlaýyn taýýarlan desgada (GTTD) gutarnykly

Türkmen halkynyň synmaz sütünleri

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Serdar Berdimuhamedow:— Meniň baş maksadym garaşsyzlygymyzyň we bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Seljuk soltanlaryÖmür beýanyII jilt3.

«Ýekegowak» taryhy ýadygärligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Murgabyň çep kenary bilen demirgazyga hereket eden kerwenler Daşköpriniň we Tagtabazaryň töwereginde täsin gowaklar toplumynyň gabadyndan geçipdirler. Gowaklar orta asyrlarda ýaşap geçen başarjaň ussalar tarapyndan derýanyň sag kert kenarynyň ugruna uzalyp gidýän baýyrlygyň galyň gumdaşlary oýulyp gurlupdyr. Ýekegowak diýlip atlandyrylýan köpgatly gowak şolaryň biridir. Häzirki döwürde bu gowak syýahatçylaryň köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Uzynlygy 37 metre çenli, däliz görnüşinde gönüligine uzalyp gidýän gowagyň ýokarsy gümmez görnüşinde gazylypdyr. Däliziň çepinde hem-de sagynda otaglar ýerleşýär, olaryň käbirinde tegelek

Taryha şaýat muzeý gymmatlyklary

Halkymyzyň ümmülmez geçmişe sary uzap gidýän baý hem-de şöhratly taryhy bar. Şeýle şöhratly taryhyň, milli mirasyň ýitip gitmezligi we milliligini dabaralandyrmak üçin olary bir ýere jemläp, ylmy esasda öwrenmek, halk köpçüligine ýetirmek we wagyz etmek muzeýleriň esasy wezipesi bolup durýar. Muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ata Watana söýgini döretmekde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň uly ähmiýeti bar. Şeýle muzeýleriň biri hem Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Muzeýimizde «Garaşsyzlyk», «Arheologiýa», «Etnografiýa», «Tebigat» hem-de «Gazna» bölümleri bar. «Garaşsyzlyk» bölüminde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri, ýeten beýik sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. «Arheologiýa» bölüminde etrabyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar kümmetleriniň, Mürzebeg galanyň, Akmuhammet işanyň medresesiniň, Sakar galanyň, Omar galanyň, şeýle-de şäher merkezinde ýerleşýän Begiň galasynyň, Rus galasynyň, Annaguly depäniň, Daşsaraý köşgüniň, Emin Ýahudy kerwensaraýynyň, keramatly Mihail Arhangeliň prowaslaw buthanasynyň suratlary hem-de ýokarda agzalan ýadygärliklerden dürli ýyllarda tapylan taryhy tapyndylaryň görnüşleri ýerleşdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran Permany bilen «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasy döredildi. Bu goraghana tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki

Ata mähribanlygy

Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow hakdaky ýatlamalaryndan: — Kakam baradaky ýagşy ýatlamalar hemişe ýüregimde ýaşaýar.

«Beýik ynsan asyr saýyn adygýar»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim. Beýik ynsan Mälikguly Berdimuhamedow özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» atly romanynda öz mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň çeper keşbi juda täsirli beýan edilipdir. Bu ajaýyp eserde il-güni üçin jan aýaman zähmet çekip, iliň agysyna aglan, iliň gülküsine begenen päk ýürekli ynsanyň Watanyň asudalygy, geljek nesilleriň sagdyn bolmagy hem-de döredijilik hakdaky pikirleri çuň manyly beýan edilipdir.

Köneürgenjiň täsin ýadygärligi

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, arhitektura ylymlarynyň doktory Muhammetdurdy Mämmedowyň ylmy ýolbaşçylygyndaky arheologik topar «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyndaky şäher merkezinden günorta tarapa ýaýlyp gidýän arhitektura ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginiň gurluşyk maksadyny anyklamak, ony ylmy dolanyşyga girizmek işlerine başlady. Bu orta asyr ýadygärligi biziň döwrümize çenli diňe girelge görnüşinde saklanyp galmak bilen, ol haýsydyr bir ymarata esasy derweze bolup hyzmat edipdir. Gazuw-barlag işleriniň netijesinde, demirgazyga bakyp duran esasy peştagyň (girelgäniň) günbatar tarapyndan günbatarlygyna 20.9 metr uzalyp gidýän, 1.5 metr inlilikde, 22x22x5 ölçegdäki bitin we döwük kerpiçlerden peýdalanylyp örülen diwar galyndylary ýüze çykaryldy. Peştagdan 20.9 metr aralykdan diwaryň günortalygyna 90 derejedäki öwrümi onuň howly tarapyny açyp görkezdi. Günbatar diwaryň dowamynyň 24.05 metr nokadynda demirgazyk peştagy bilen deň ölçegdäki ýene-de bir günbatar tarapdaky peştagyň galyndysy tapyldy.

Sardoba

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw ulgamynyň işine aýratyn üns berilýär. Bir mahallar az suwly, gurak howaly ýurt hökmünde tanalan Türkmenistan, bu günki gün bol suwuň hözirini görýär. Halkymyz üçin teşnelik diýen düşünjäniň ymykly ýat bolmagy, geljekki nesillerimiziň ol derdi hiç mahal duýmazlyklary üçin suw goruny döretmek hem häzirki döwürde döwletimiziň suw syýasatynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda bar bolan suwlary tygşytly ulanmakda howdanlar we bentler aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin, irki döwürlerden bäri daýhançylygy kesbine öwrüp, bereket tapan ata-babalarymyz suw howdanlarynyň ençemesini el zähmetleri bilen gurupdyrlar. Şolaryň biri-de sardobadyr. Sardobalar, esasan, tegelek görnüşli gurulýan hem bolsa, kähalatda olaryň inedördül görnüşleriniň duş gelýändigi baradaky maglumatlara-da gabat gelinýär.

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda ownukly-irili gaz känleriniň birnäçesiniň — Üçajy, Seýrap, Şorköl, Malaý, Garaçöp, Gündogar Tejen, Bagaja gaz känleriniň synag-senagat we senagat ulanyşyna girizilmegi bilen, ýurdumyzyň gaz senagatynyň ösüşli ýoly netijeli dowam edip, çykarylýan «mawy ýangyjyň» möçberleri has-da artdyryldy. Seýrap gaz käni 1978-nji ýylda açylyp, ol 1984-nji ýylyň awgust aýynda synag-senagat ulanyşa girizildi. Käniň senagat taýdan gazlylygy aşaky goteriwiň terrigen çökündilerinde (şatlyk gorizonty) ýüze çykaryldy.

Amyderýa sebitlerinden tapylan Parfiýa teňňeleri

Diýarymyzyň gündogar sebitlerindäki käbir taryhy we medeni ýadygärlikleriň çäklerinden ýüze çykarylan Parfiýa patyşalygy zamanasynyň dürli döwürlerine degişli teňňeler alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle tapyndylaryň ýüze çykarylan ýerleriniň biri hem Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň günorta böleginde ýerleşýän Mürzebeg galasydyr. 1967 — 1975-nji ýyllar aralygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýadygärligiň keşbi uly depe görnüşinde bolup, ol ýerde keramika gaplarynyň böleklerine, diwarlaryň galyndylaryna, şeýle hem ýyllaryň geçmegi bilen çüýrüntgä öwrülen gatlaklara duş gelmek bolýar. Ýadygärligiň medeni gatlagynyň galyňlygy onuň köpasyrlyk taryhyna şaýatlyk edýär. Arheologik barlaglaryň netijesinde Mürzebeg galasynda ýaşaýşyň sekiz-dokuz asyra golaý dowam edendigine şaýatlyk edýän köpsanly tapyndylar ýüze çykaryldy. Bu ýerdäki ilkinji ýaşaýyş jaý galyndylary b.e. öňki III-II asyrlara degişlidir. Biziň eýýamymyzyň başlarynda bu ýerde medeni-durmuş şertleri ýokary derejä ýetip, gala umumy meýdany bir inedördül kilometr meýdany eýeleýän şähere öwrülipdir.

Ussat halypany ýatlap

Gündogaryň akyldar şahyry, şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda magtymgulyşynas alym, akademik Baýmuhammet Garryýewiň hem doglan gününe 110 ýyl dolýar. Magtymgulynyň adynyň dünýä dolmagynda bu alymyň uly hyzmaty bar. Onuň 600-e golaý ylmy işiniň 100-den gowragynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegine bagyşlanandygy hem munuň aýdyň mysalydyr. Alym ýaşan 67 ýaşynyň elli ýylyna golaýyny akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmäge bagyşlady. Ol belli magtymgulyşynas, folklorşynas, göroglyşynas hökmünde tanalyp, bu ugurlarda önjeýli iş alyp baran alym. Yssy diýmän, sowuk diýmän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döreden mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan folklor eserlerini toplap, ýazga geçiren, nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserlerini hem halkdan ýazyp alyp, kätipleriň, hatdatlaryň ýazan golýazmalaryndan göçürip, halka düşnükli bolan täze ýazuwa geçirip, halka ýetirenleriň biridir. Onuň işleýiş usulyna döwürdeş alymlarynyň köpüsi beletdir. Şu setirleriň awtory hem, alymyň şägirdi hökmünde ýanyna gatnan ýyllarynda onuň çekýän uly zähmetiniň şaýady bolupdy. Görnükli alym hakyndaky ýatlamalar onuň erjelligi, maksada okgunlylygy, köp ugurdan iş alyp baranlygy dogrusynda söhbet açýar. Baýmuhammet Garryýewiň halk arasynda bolup, folklor eserlerini toplaýşy dogrusynda filol

Şahyryň sowgady

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede wagyz etmek maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat guraldy. Bu zyýarata Türkmenistandan baran wekiliýetiň düzüminde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekili hökmünde maňa hem gatnaşmak miýesser etdi. Türkmen edebiýatynyň iki ägirdiniň egin deňläp ýatan aramgähinde dünýä meşhur akyldarlarymyzyň ruhlaryna salama barlan pursatlarda Türkmenistandan baranlar ýerli türkmen watandaşlarymyz bilen örän tolgundyryjy duýgulary başdan geçirdiler. Goňşy döwletde ýaşaýan ildeşlerimiziň senaly dillerinde Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň ruhlaryny tirsegine galdyryp, olary hatyralap, şeýle-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, daşary ýurtly türkmen doganlarymyzyň türkmenistanly watandaşlary bilen didarlaşmagyna döreden mümkinçilikleri üçin iki ýurduň Prezidentlerine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza soňsuz alkyşlar beýan tapdy. Sapar tamamlanyp, ulaga münjek bolup duran wagtymyz ýanymyza Eýranda ýaşaýan iki sany türkmen gelni gelip, salaml

Rowaýatyň mesgeni

Giň meýdany tutýan Daýahatyn kerwensaraýy (il arasynda «Baýhatyn» diýlip atlandyrylýar) gadymy Jeýhunyň çep kenaryndan uzak bolmadyk çäkde ýerleşýär. Ol bir müň ýyla golaý mundan öň Amuldan Horezme alyp barýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, häzirki Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazyk-günbatarda bina edilipdir. Bu Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoly boýunça Gündogaryň we Günbataryň arasynda güýçli söwda bolan döwürden has kämil görnüşde saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir. Onuň diwarlary, derwezeleri, toplumlary we gümmezleri çig we bişen kerpiçden gurlupdyr. Kerwensaraý ýerleşiş meýilnamasy boýunça 53 metr bolup, taraplary dörtburçluk görnüşe eýedir. Içerki dört eýwanly howlusynyň daşyny gurşaýan otaglaryň öňünde gaýtalanýan arkaly däliz ýerleşýär. Daýahatyn kerwensaraýy gala diwarlary bilen emele gelen örän uly gönüburçly howly giňişliginde bina edilipdir. Galanyň burçlarynda hem tegelek minaralar gurulypdyr. Olaryň arasynda peştag böleginden başga-da simmetrik ýerleşdirilen gönüburçly diňjagazlar bar. Arheologik gözlegler onuň diwarynyň IX-X asyrlarda gurlandygyny we «tahyriýa» diýlip atlandyrylan arap köşgüniň galan bölegi bolup durýandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Soltan we imperator

1071-nji ýylda Beýik Seljuk we Wizantiýa imperiýalarynyň taryhynda iň baý hyýala getirme bilen hem oýlap tapyp bolmajak bir waka bolup geçdi. Bu babatda Fýodor Dostoýewskiý: «Hiç haçan fabulalary, hileleri oýlap tapmaň. Durmuşyň berýänlerini alyň. Durmuş biziň ähli oýlap tapjaklarymyzdan has baýdyr!» diýende, juda mamla bolsa gerek. Seljuklar ozal parahatçylyk barada ylalaşyk baglaşan ýurdunyň özlerine garşy uruş turzup biljekdigine iň soňky pursatlara çenli ynanmandyrlar. Hatda aňtawçylar Alp Arslana üstüne ägirt uly goşunyň sürnüp gelýändigini aýdanlarynda-da, ol imperator Roman Diogeniň ýanyna ilçi ugradypdyr. Emma Diogen onuň parahatçylyk hakyndaky teklibini gopbamsylyk bilen ret edipdir. Imperatoryň özüne çendenaşa ynamynyň nämä esaslanandygyna düşünse bolar, çünki britan ylmy barlagçysy Kerol Hillenbrandyň ýazmagyna görä, ol Alp Arslanyň 40 müň atlysynyň garşysyna 600 müň adamlyk goşuny sürüpdir.

Müňýyllyklaryň müdimi ýaňy

Gündogaryň beýik söz ussady, akyldary hem danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýäde giňden dabaralandyrylýan ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp ylmy-populýar kitabyny halkymyza peşgeş bermeginiň aýratyn çuňňur manysy bar. Hormatly  Prezidentimiz bu kitabynda: «Ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýäniň ykbaly bilen dahyllydygyna, oňa diňe oňyn tarapdan täsir edýändigine tüýs ýürekden ynanýaryn» diýip belleýär. Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat köptaraply häsiýete eýe boldy. Onuň esasy maksady binagärlik, dizaýn we gurluşyk pudagynda taryhy tejribäni paýlaşmak hem-de täze tehnologiýalary öwrenmekde ylmyň ösmegine we ýaýramagyna goldaw bermek bolup durýar. Şeýle maslahaty geçirmek arkaly tejribe we gazanylan üstünlikler boýunça alyş-çalyş etmek maksady bilen, ylmy-amaly aragatnaşygy giňeltmek hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda beýleki ýokary okuw mekdepleriň ýaş alymlarynyň geňeşleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek göz öňünde tutuldy. Bu halkara forumda diňe bir ýokary okuw mekdebiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň binagärlik-g

Köne Sarahsyň taryhyndan

Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-barlag, rejeleýiş, berkidiş işlerini geçirmäge döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berlip, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işlere Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, onuň düzüminde hereket edýän goraghanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, daşary ýurtly alym arheologlar işjeň gatnaşýarlar. Köne Sarahs şäheriniň öwreniliş taryhyna nazar aýlasak, Zakaspiý oblastynyň naçalnigi A.Komarow ilkinji gezek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda ol ýerden ýerüsti tapyndylary ýygnapdyr. XX asyryň başlarynda akademik W.Bartold bu şähere degişli taryhy çeşmeleri öwrenipdir. Köne şäherde ilkinji gezek gazuw-barlag işlerini 1953-nji ýylda alym A.Maruşenko geçirýär. Şeýlelikde, köne Sarahs şäheri alymlaryň, arheologlaryň üns merkezine öwrülipdir. 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasynyň XIII topary G.Adykowyň ýolbaşçylygynda bu ýerde barlag işlerini alyp barýar. Şondan soň köne şäheriň merkezi galasynda we şähristanynda öňki TSSR Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Ö.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky arheologik ekspedisiýasy gazuw-barlag işlerini geçirdi.

Änew medeniýeti — milli buýsanjymyz

Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döreden medeni gymmatlyklary diňe sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine uly goşant goşdy. Mälim bolşy ýaly, mundan ençeme asyrlar öň dörän taryhy, medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Olar häzirki döwürde-de düýpli öwrenilip, geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi-de, munuň aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, tutuş ýylyň dowamynda bu gadymy şäheriň ýadygärlikler toplumynyň şanşöhratyny bütindünýä ýaýmaga, Änew medeniýeti bilen dünýä halklaryny içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilikler döredi. Ylmy çeşmelerden bilşimize görä, Änew şäheriniň at-owazasy asyrlara uzan künjegiň taryhyny öwrenmäge gatnaşan, bu ugurda uly işleri amala aşyran alymlar, arheologlar gadymy mekanyň geçmişini öwrenmekde asylly goşant goşdular. Änew medeniýetini öwrenmek bilen, köp sanly ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň üsti açyldy. Şol tapylan ýadygärlikleriň we gymmatlyklaryň örän gadymylygy, gymmatlydygy subut edildi.