Taryha şaýat muzeý gymmatlyklary

12 Awgust 2024
180

Halkymyzyň ümmülmez geçmişe sary uzap gidýän baý hem-de şöhratly taryhy bar. Şeýle şöhratly taryhyň, milli mirasyň ýitip gitmezligi we milliligini dabaralandyrmak üçin olary bir ýere jemläp, ylmy esasda öwrenmek, halk köpçüligine ýetirmek we wagyz etmek muzeýleriň esasy wezipesi bolup durýar. Muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ata Watana söýgini döretmekde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň uly ähmiýeti bar. Şeýle muzeýleriň biri hem Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Muzeýimizde «Garaşsyzlyk», «Arheologiýa», «Etnografiýa», «Tebigat» hem-de «Gazna» bölümleri bar. «Garaşsyzlyk» bölüminde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri, ýeten beýik sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. «Arheologiýa» bölüminde etrabyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar kümmetleriniň, Mürzebeg galanyň, Akmuhammet işanyň medresesiniň, Sakar galanyň, Omar galanyň, şeýle-de şäher merkezinde ýerleşýän Begiň galasynyň, Rus galasynyň, Annaguly depäniň, Daşsaraý köşgüniň, Emin Ýahudy kerwensaraýynyň, keramatly Mihail Arhangeliň prowaslaw buthanasynyň suratlary hem-de ýokarda agzalan ýadygärliklerden dürli ýyllarda tapylan taryhy tapyndylaryň görnüşleri ýerleşdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran Permany bilen «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasy döredildi. Bu goraghana tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki taryhy ýadygärlikler hasaba alyndy we goraghana tarapyndan goralýar.

Türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti bolup, ol özüniň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşanlaryň biridir. Munuň şeýledigine taryhy maglumatlar bilen bilelikde dünýäniň ençeme muzeýleriniň ekspozisiýalaryny bezeýän maddy gymmatlyklarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Türkmen milli lybaslary baradaky has irki maglumatlara biz orta asyrlara degişli bolan edebi çeşmelerde we şol döwürlerde Merkezi Aziýa syýahat eden daşary ýurtly jahankeşdeleriň, täjirleriň, ilçileriň, harby gullukçylaryň taryhy maglumatlarynda hem duş gelýäris. Olar öz ýazgylarynda Orta Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmenleriň hem taryhyna, medeniýetine we lybaslaryna degişli örän täsirli maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. XIX asyryň 70-80-nji ýyllarynda Türkmenistanda ilkinji gezek rus alymlarynyň başlangyjy esasynda türkmenleriň taryhyny hem-de medeniýetini öwrenmek maksady bilen ilat arasynda köpsanly ekspedisiýalar, meýdan ýazgygeçirijiler, eksponatlar, fotoresminamalaýyn materiallar toplanyp başlanylypdyr. Bu işleriň netijesinde biziň ýerli muzeýlerimizde halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny hem-de medeniýetini häsiýetlendirýän eksponatlaryň ep-esli bölegi jemlenildi. Olar muzeýimiziň «Etnografiýa» bölüminde mynasyp orny eýeleýärler.

Selbi ÝAZJUMAÝEWA,
Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar