Arzyly tomsuň ýatlamalary

14 Awgust 2024
178

Tomus — her bir ynsan üçin ýatdan çykmajak wakalaryň jemi diýmek. Birsellem oturyp geçmişiň hakynda pikir ýa-da deň-duşlaryň bilen gürrüň etseň, söhbediň hökman bu pasylda bolup geçen wakalara syrygyp gidenini duýman galarsyň. Biz ýurdumyzyň çäginde tomusky dynç alşy täsirli geçirmegiňiz üçin şeýle «Ýol kartasyny» size ýetirmek isledik.

Türkmen topragy özüniň taryhy ýadygärlikleridir özboluşly tebigat dünýäsi bilen meşhurdyr. Hakyň nazary düşen bu mekanyň dagyndan başlap, tä sährasyna çenli keramat. Şeýlekin ajaýyp ýerlere syýahat edip görmek üçin amatly wagt tomus möwsümidir. Türkmenler taryhyna sarpa goýýan halk. Geçmiş taryhymyzy geljekki nesillere ýetirmek, asylly wezipelerimiziň biridir. Köplenç çagalaryň gözi bilen gören zatlary aňlarynda ebedi ornaşýar. Olar bilen taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýlanyp görmek aýratyn täsirli boljakdygy ikuçsuz. Dogrusy şol ýadygärlikleri baryp ýerinde görmegiň özi hem tolgundyryjydyr. Esasanam, öz maşgala agzalaryňyz bilen gezelenç gurasaňyz, çagalaryňyz hem halkymyzyň baý geçmiş taryhy barada köp maglumat goruna eýe bolarlar.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar