"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

1 oýun­da 5 gol ge­çi­ren 3-nji fut­bol­çy

Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on 29-njy tap­gyr­da-da bel­li bol­man, ol iň soň­ky tap­gyr­da kes­git­le­ner. 29-njy tap­gyr­da je­mi 39 gol ge­çi­ril­di we bu gör­ke­zi­ji çem­pio­na­ty­ň tä­ze re­kor­dy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Di­na­mo Mosk­wa» öz meý­dan­ça­syn­da «Kryl­ýa So­we­to­wy» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Mosk­wa­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Bal­bue­na (2), Bi­tel­lo hem-de Nga­mal­ýo ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Ze­nit» 3 tap­gyr­dan soň ýe­ňiş ga­za­nyp, sankt-pe­ter­burg­ly­lar myh­man­çy­lyk­da «Ah­mat» to­pa­ry­ny 5-1 ha­sa­byn­da ut­dy. «Ze­ni­tiň» 5 go­lu­ny-da to­pa­ryň ko­lum­bi­ýa­ly hü­jüm­çi­si Ma­teo Kas­si­er­ra ge­çir­di. Oý­nuň 4-nji, 9-njy, 44-nji, 47-nji, 51-nji mi­nut­la­ryn­da ta­pa­wut­la­nan Kas­si­er­ra Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 1 oýun­da 5 gol ge­çi­ren 3-nji fut­bol­çy bo­lup, on­dan öň 1994-nji ýyl­da Wiktor Pan­çen­ko («Ka­maz»—«Spar­tak»: 6–0) hem-de 1998-nji ýyl­da Oleg We­re­ten­ni­kow («Ro­tor»—«Şin­nik»: 6–2) ge­çi­rip­di. «Kras­no­dar» myh­man­çy­lyk­da «So­çi­ni» gar­şy­da­şy­nyň 2-1 öň­de­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, soň­ky mi­nut­lar­da 2 gol ge­çi­rip, 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di we çem­pi­on­lyk gö­re­şi­ni do­wam et­dir­di. «So­çi» bu ýeň­liş­den soň RPL bi­len hoş­la­şan il­kin­ji klub bol­dy. 30-njy tap­gyr­da «Di­na­mo» myh­man­çy­lyk­da «Kras­no­dar» bi­len du­şuş­sa, «Ze­nit» öz meý­dan­ça­syn­da «Ros­

Hepdäniň esasy duşuşyklary

25-nji maý (şenbe) Zenit – Rostow (18:30)

10 ýyl­dan bä­ri 1-nji bo­lup gel­ýär­di

Awst­ri­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» çem­pi­on soň­ky tap­gyr­da belli bo­lup, Gras şä­he­ri­niň «Şturm» to­pa­ry «Red Bull Sals­bur­gyň» 10 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny soň­lan­dyr­dy. Çem­pio­na­ty «Red Bull Sals­burg­dan» 2 utuk öň­de ta­mam­lan «Şturm Gras» to­pa­ry 13 ýyl­dan soň 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Gras şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 1998-nji, 1999-njy hem-de 2011-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. «Şturm Gras» to­pa­ry tä­ze möw­süm­de UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gö­nü­mel gat­na­şar. «Şturm Gras» to­pa­ry soň­ky ge­zek 2000/01 möw­sü­min­de, ýag­ny 24 ýyl mun­dan ozal UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na we­kil­çi­lik edip­di. Awst­ri­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» paý­tagt We­na­nyň «Ra­pid» to­pa­ry iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan klub­dur. «Ra­pid» to­pa­ry­nyň 32 çem­pi­on­ly­gy bar. «Aust­ria Wi­en» to­pa­ry 24, «Red Bull Sals­burg» 17 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Şweý­sa­ri­ýa­da «Ýang Boýz» to­pa­ry soň­ky 7 ýyl­da 6-njy, umu­my­lyk­da-da 17-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Gre­si­ýa­nyň Su­per Li­ga­syn­da-da PA­OK 2019-njy ýyl­dan soň il­kin­ji, umu­my­lyk­da-da 4-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen de­re­jä­ni al­dy. Çe­hi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da-da Pra­ga şä­he­ri­niň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da­ky gö­reş­de ýe­ňiş bas­syr 2-nji ge­zek «Spar­ta­nyň» ta­ra­pyn­da bol­dy. Bu ola­ryň 1992-nji ýyl­dan bä­ri ha­sa­ba

Sport

Woleýbol boýunça ýaryşlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» diýen at bilen oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebinde geçirilen bu ýaryşa Daşoguz şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Sport habarlary

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdepde düzzüm boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Oňa 2006-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlar gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça şahsy görnüşde gyzlardan Dilnaza Jumaniýazowa, Selbi Maşaripowa, Mähri Aýmakowa, oglanlardan Amir Öwezow, Gaýrat Bahtiýarow, Ikram Zaripjanow degişli baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Öňdeligi saklaýar

Ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynda Marynyň «Energetigini» kabul eden «Arkadag» topary 6-0 hasap bilen ýeňiş gazandy. Oýnuň 30-njy minutynda Resul Hojaýewiň garşydaş derwezä geçiren goly bilen hasap açyldy. Ondan bary-ýogy 5 minut soň, Arzuwguly Sapargulyýew hem «Energetigiň» derwezesine bir pökgi saldy. 47-nji, 49-njy minutlarda bolsa, gol sany bilen tapawutlanmagy başarýan Didar Durdyýewiň awtorlyk etmeginde 2 gezek pökgi garşydaş derwezä girdi. Begmyrat Baýow 51-nji minutda, Mekan Saparow 77-nji minutda geçiren gollary bilen öz toparlarynyň ýeňiji bolmagyna goşant goşdular. Şeýle-de düýn «Arkadag» futbol topary bilen «Merw» duşuşdy. Çekeleşikli geçen bu oýunda ýene çempion topar ýeňiji boldy. Arkadag şäheriniň adybir topary 2-0 hasap bilen möwsümdäki utuk sanyny 45-e ýetirdi.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň hem yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan tutumly işleri türkmen sportunyň dünýä çykmagyny, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde hem dünýädäki abraýyny pugtalandyrýar. Şu ýylyň aprel aýynyň 15 — 20-si aralygynda paýtagtymyzda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi, onda türgenlerimiziň gazanan ýeňşi ata Watanymyzyň sport abraýyny äleme ýaýdy. Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň bu ýaryşda gazanan ynamly ýeňşi berkarar döwletimizde türkmen sportunyň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Sport — sagdynlygyň sakasy

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamzada ähli işde aýratyn güýç-kuwwat, ruhy galkynyş, egsilmez joşgun paýlaýar. Şulary özünde jemlän berk bedenli, sagdyn ruhly ynsanlar şu günüň hazynasy bolmak bilen, geljegiň mynasyp dowamatyny döredijilerdir. Edil şonuň ýaly-da, sporty hemra edinen sagdyn bedenli raýatlar döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Häzirki döwürde ýurdumyz sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň, iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän abraýly merkezine öwrüldi. Bu, elbetde, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň döwletimize eçilen ajaýyp miweleriniň nyşanydyr. Ýurdumyz sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Bilşimiz ýaly, ýakynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem türkmen sportunyň dünýä derejesindäki belent abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bu sport ýaryşynda «Galkan» toparynyň gazanan ýeňşi bolsa, türkmen türgenleriniň ezberliginiň hem-de Türkmenistanyň iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýändiginiň, ýurdumyzyň şeýle ugurdaky halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramagy başarýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Yhlas — üstünligiň gözbaşy

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek maksady bilen sport ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşda bäsdeşler sportuň «Bodibilding (kenarýaka görnüşi)», «Armrestling (el göreşi)», agyrlyk daşlary götermek, «Mas-restling», «Pauerlifting» ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Örän çekeleşikli ýagdaýda geçen bu ýaryşda dürli agramlar boýunça türgenler çykyş etdiler. Bäsleşige Harby institutyň harby talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olardan 3-nji ýyl harby talyby Ybraýym Taşliýew sportuň «Mas-restling» görnüşi boýunça 105 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 4-nji ýyl harby talyby Abdyrahman Nurgeldiýew sportuň «Pauerlifting» görnüşi boýunça 66 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 5-nji ýyl harby talyby Çaryýar Zakirjanow sportuň «Pauerlifting» görnüşi boýunça 83 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, 3-nji ýyl harby talyplar Babajan Bäşimow, Sanjar Jomardow sportuň «Bodibilding (kenarýaka görnüşi)» görnüşi boýunça çykyş edip, baýrakly 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Harby talyplaryň bu üstünligi olaryň irginsiz zähmetiniň we yhlasly türgenleşiginiň miwesidir. Sport bäsleşiginiň ahyrynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlara we türgenleri bäsleşige ta

Gujur-gaýratly ezberler

Ynsan saglygyny ähli zatdan möhüm hasaplaýan, ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň berk bedenli, ahlak taýdan arassa, Watana wepaly nesil bolup ýetişmeklerini alada edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly şertleri döredip berýär. Häzirki wagtda türkmen türgenleri sport ulgamynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Olar döwletimiziň abraýyny artdyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Ýaňy-ýakynda Özbegistanda Eýranyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň toparlarynyň gatnaşmagynda Karate-do-nyň WKF görnüşi boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hem harby türgenlerimiz özleriniň ezberliklerini görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde gara guşagyň eýeleri — tejribeli türgenler, uly leýtenant Güýç Gökow, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Maksat Ödäýew we borçnama boýunça harby gullugyň uly seržanty Şatlyk Tekäýew dagy baýrakly 2-nji orna eýe bolmagy başardylar. Ýekebara tutluşykda bolsa, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň halypalyk etmeginde harby talyp Daýanç Keletliýew ussatlyk görkezip, baýrakly 3-nji orny eýeledi. Şeýle-de halypa tälimçi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň Aziýa Karate federasiýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda tälimçileriň arasynda geçirilen synaga gatnaşyp, bu synagy üstünlikli tabşyryp, 3 ýyllyk möhlet bilen «Aziýa

Ýeňişler we ýeňlişler

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň 15-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçisi» myhmançylykda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary bilen duşuşdy. Ol oýunda diňe ýer eýeleriniň oýunçylary, ýagny 23-nji minutda Akmämmet Metdäýew, 59-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Elman Tagaýew, 62-nji, 85-nji minutlarda Gurbanmuhammet Esenow tapawutlandylar.

Zähmetkeşler ussatlygyny görkezdi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Sarahs etrabynyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşa edara-kärhanalardan we daýhan birleşiklerinden toparlaryň sekizi gatnaşdy. Zähmetkeşleri sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşda “Sarahs” topary birinji, “Aýhan” topary ikinji, “Dagdan” topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport mekdebiniň birinjiligi

Sportuň erkin göreş görnüşinden Sarahs etrabynyň sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda geçen ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Bu ýaryşda 2011—2015-nji ýyllarda doglan ýetginjekler gatnaşyp, degişli agramlar boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşda 22 kilogram agram derejesinde Selim Şageldiýew, 24 kilogram agramda Meýlis Bäşimow, 27 kilogram agramda Mergen Batyrow, 30 kilogram agramda Han Arslanow, 33 kilogram agramda Abubekir Dörtgulyýew, 37 kilogram agramda Yslam Babageldiýew, 42 kilogram agramda Arslan Parahadow, 47 kilogram agramda Babahan Gurbanow ýeňiji boldular. Ýeňijilere sport mekdebi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

Ýaryş güýçlüleri saýlady

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça mekdebiň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa toparlaryň altysy gatnaşyp, sport ussatlygyny görkezdiler. Ýaryşda G.Bekiýewiň tälim berýän “Akgaýa” topary birinji, tälimçi Ş.Rejepowyň “Dagdan” topary ikinji, Ý.Jumagylyjowden tälim alýan “Ýyldyz” toparynyň oýunçylary üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport

Kikboksingçileriň ýeňşi Golaýda sportuň kikboksing görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň “Gökçe” sport desgasynda Aşgabat şäheriniň kubogy ugrunda açyk ýaryş geçirildi. Şol ýaryşa jemi 400-e golaý türgen gatnaşdy.

Olimpiada — ýylyň esasy sport wakasy

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýeri Sporty hemra edinen adamlaryň arzuwlary bilen gyzyklanyp görüpmidiňiz?! Medal almak, kubok gazanmak, hormat münberine çykmak — bu sanalanlar hemme ýaryşlara mahsus bolan pursatlary göz öňünde janlandyrýar. Türgeniň şondan gaýry arzuwy bolup bilermi? Elbetde, bilmez. Ine, şu ýerde sporty hemra edinen ynsanyň arzuwy hakyndaky söhbediň soňky nokadynyň goýulmaly ýeri gelýär. Emma günleriň günlerden tapawutlanýandygy, hepdeleriň hepdelerden parhlanýandygy, pasyllaryň pasyllardan üýtgeşikdigi türgenleriň hem ýaryşlar baradaky garaýyşlaryna has çuňrak aralaşmaga çakylyk bolýar. Olaryň dünýäsi adaty adamlaryňka meňzemeýär. Köpçülikden tapawutlanýan bolsa, diýmek, bir aýratynlygy, belki-de, artykmaçlygy bardyr. Şol pikiriň yzyna düşüp hem türgenlere, hem-de olaryň tälimçilerine dil açdyryp bilseň, seni täsin bir dünýä çagyrar.

Altyn medala mynasyp boldy

Türkmenistanly tennisçi Aýlar Kakabaýewa Katarda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşyň jübütleýin duşuşyklarynda altyn medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi gazagystanly tennisçi Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy. Ýarym finalda gazagystanly Arujan Erjanowa bilen kanadaly Ewa Sawinony 6:2, 6:3 hasabynda ýeňen Kakabaýewa — Suşkowa jübüti çempiony kesgitlejek aýgytlaýjy duşuşykda hindistanly Honi Jumani bilen katarly Danu Halifuny 7:5, 6:0 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Türkmen sportunyň şöhraty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ildeşlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri buýsançly duýgulary döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda guralan dürli derejedäki ýaryşlarda mynasyp bolan medallarynyň sany onlarçadyr. Bilşimiz ýaly, geçen aýda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary gazanan ajaýyp üstünligi bilen ulus-ilimizi begendirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň» ýylynyň şanly günlerinde türgenlerimiziň gazanan şol taryhy üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň barha rowaçlyga beslenýändiginiň subutnamasy bolup dabaralandy.

Meýletinçi ýaşlar ýaryşdy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň «Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek» taslamasynyň çäginde ýaşlaryň arasynda täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň ýörite meýilnamasy esasynda guralan woleýbol ýaryşy hem täsirli çäreleriň biri boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işiniň aýratynlyklary, meýletinçilik işiniň ýörelgeleri barada gürrüň berildi hem-de üstünlikler arzuw edildi. Bilim ojagynyň döwrebap enjamlaşdyrylan woleýbol zalynda geçirilen ýaryşda mekdep okuwçylaryndan — meýletinçilerden düzülen toparlar öz aralarynda bäsleşdiler.

Woleýbolçylaryň üstünligi

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldular. Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ýeňen türkmen woleýbolçylary halkara ýaryşyň çempionyny kesgitlejek final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Olar finalda ýer eýeleri — Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda ýeňildiler we ýaryşy kümüş medal bilen tamamladylar.