10 ýyl­dan bä­ri 1-nji bo­lup gel­ýär­di

24 Maý 2024
312

Awst­ri­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» çem­pi­on soň­ky tap­gyr­da belli bo­lup, Gras şä­he­ri­niň «Şturm» to­pa­ry «Red Bull Sals­bur­gyň» 10 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny soň­lan­dyr­dy. Çem­pio­na­ty «Red Bull Sals­burg­dan» 2 utuk öň­de ta­mam­lan «Şturm Gras» to­pa­ry 13 ýyl­dan soň 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Gras şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 1998-nji, 1999-njy hem-de 2011-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. «Şturm Gras» to­pa­ry tä­ze möw­süm­de UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gö­nü­mel gat­na­şar. «Şturm Gras» to­pa­ry soň­ky ge­zek 2000/01 möw­sü­min­de, ýag­ny 24 ýyl mun­dan ozal UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na we­kil­çi­lik edip­di. Awst­ri­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» paý­tagt We­na­nyň «Ra­pid» to­pa­ry iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan klub­dur. «Ra­pid» to­pa­ry­nyň 32 çem­pi­on­ly­gy bar. «Aust­ria Wi­en» to­pa­ry 24, «Red Bull Sals­burg» 17 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.

Şweý­sa­ri­ýa­da «Ýang Boýz» to­pa­ry soň­ky 7 ýyl­da 6-njy, umu­my­lyk­da-da 17-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Gre­si­ýa­nyň Su­per Li­ga­syn­da-da PA­OK 2019-njy ýyl­dan soň il­kin­ji, umu­my­lyk­da-da 4-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen de­re­jä­ni al­dy. Çe­hi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da-da Pra­ga şä­he­ri­niň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da­ky gö­reş­de ýe­ňiş bas­syr 2-nji ge­zek «Spar­ta­nyň» ta­ra­pyn­da bol­dy. Bu ola­ryň 1992-nji ýyl­dan bä­ri ha­sa­ba al­nan­da 14-nji, Çe­hos­lo­wa­ki­ýa döw­rün­den beýlägem 35-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr.

Beýleki habarlar