1 oýun­da 5 gol ge­çi­ren 3-nji fut­bol­çy

24 Maý 2024
371

Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on 29-njy tap­gyr­da-da bel­li bol­man, ol iň soň­ky tap­gyr­da kes­git­le­ner. 29-njy tap­gyr­da je­mi 39 gol ge­çi­ril­di we bu gör­ke­zi­ji çem­pio­na­ty­ň tä­ze re­kor­dy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Di­na­mo Mosk­wa» öz meý­dan­ça­syn­da «Kryl­ýa So­we­to­wy» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Mosk­wa­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Bal­bue­na (2), Bi­tel­lo hem-de Nga­mal­ýo ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Ze­nit» 3 tap­gyr­dan soň ýe­ňiş ga­za­nyp, sankt-pe­ter­burg­ly­lar myh­man­çy­lyk­da «Ah­mat» to­pa­ry­ny 5-1 ha­sa­byn­da ut­dy. «Ze­ni­tiň» 5 go­lu­ny-da to­pa­ryň ko­lum­bi­ýa­ly hü­jüm­çi­si Ma­teo Kas­si­er­ra ge­çir­di. Oý­nuň 4-nji, 9-njy, 44-nji, 47-nji, 51-nji mi­nut­la­ryn­da ta­pa­wut­la­nan Kas­si­er­ra Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 1 oýun­da 5 gol ge­çi­ren 3-nji fut­bol­çy bo­lup, on­dan öň 1994-nji ýyl­da Wiktor Pan­çen­ko («Ka­maz»—«Spar­tak»: 6–0) hem-de 1998-nji ýyl­da Oleg We­re­ten­ni­kow («Ro­tor»—«Şin­nik»: 6–2) ge­çi­rip­di. «Kras­no­dar» myh­man­çy­lyk­da «So­çi­ni» gar­şy­da­şy­nyň 2-1 öň­de­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, soň­ky mi­nut­lar­da 2 gol ge­çi­rip, 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di we çem­pi­on­lyk gö­re­şi­ni do­wam et­dir­di. «So­çi» bu ýeň­liş­den soň RPL bi­len hoş­la­şan il­kin­ji klub bol­dy.

30-njy tap­gyr­da «Di­na­mo» myh­man­çy­lyk­da «Kras­no­dar» bi­len du­şuş­sa, «Ze­nit» öz meý­dan­ça­syn­da «Ros­to­wy» ka­bul eder. Du­şu­şyk­la­ryň 2-si hem beý­le­ki 6 du­şu­şyk bi­len bir ha­tar­da, 25-nji maý­da 18:30-da baş­la­nar.

Beýleki habarlar