Bedewe aşyk nakgaş
Gyzdan gylykly, uz ýörişli, ýyndam bedewler — türkmen durmuşynyň bezegi. Ahalteke bedewleri milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, türkmen milli seýisçilik mekdebiniň baý tejribesini, şeýle hem pederlerimizden miras galan beýleki milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek, wagyz etmek hem möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde alyp barýan işleri hem bellärliklidir. 15 — 17-nji maýda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi I.Işangulyýewiň «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik sergisi geçirildi. Sergide ussat nakgaşyň döreden iň kämil eserleri görkezildi. Halkyň beýik şahsyýetleri, türkmen durmuşy, milli gymmatlyklarymyz, dünýäniň gözel künjekleri baradaky eserler döredijilik sergisine tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sergide nakgaşyň türkmen bedewleri baradaky eserlerine hem giňden orun berildi. Olarda ahalteke bedewiniň keşbi, häsiýetli aýratynlygy, onuň türkmen durmuşyndaky mynasyp orny, milli seýisçilik mekdebini