Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat

17 Maý 2021
960

14-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralan çärä türkmen alymlary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de beýleki döwletleriň iri ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Maslahatlar zalyna Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Wideoaragatnaşyk boýunça olara dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller goşuldy. Olaryň ylmy we döredijilik gyzyklanmalary Gündogaryň orta asyr eýýamy bilen baglydyr.

Täjigül ANNAGURBANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.