Watansöýüjilige ýugrulan eserler

17 Maý 2021
1369

Düýn Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» toý ýylymyzyň 12 — 16-njy maýy aralygynda yglan edilen «Türkmen teatr sungaty» atly teatr bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Dabarada bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryndan badalga alan bäsleşikde görkezilen eserler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine mynasyp sowgat boldy.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.