Beýik işleriň waspy

17 Maý 2021
923

Ýakynda paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram edilýän günlerinde milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi halkymyzyň baýramçylyk joşgunyny goşalandyrdy. Dabarada gysga wagtda halkymyzyň söýgüli kitabyna öwrüljek bu eseriň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda hem giňişleýin gürrüň edildi. Dabaranyň dowamynda ak mermerli Aşgabadyň waspnamasyna öwrülen «Ak şäherim Aşgabat» atly kitapdan okalan bölekler täsirli çykyşlar bilen utgaşdy. Kitap 6 bölümden ybarat bolup, ol paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içindäki ösüşi, özgerişi, şähergurluşyk-binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi hakynda ençeme gymmatly maglumatlaryň ýokary çeperçilikli beýanyny özünde jemleýär. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýörite habarçymyz.