Adyň dillerde dessan

17 Maý 2021
1044

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi giňden baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taryhy Kararyna laýyklykda, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem dabaraly bellenilmegi halkymyzyň, aýratyn-da, Aziýanyň merjeni hasaplanylýan şäherimiziň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny göge ýetirýär.

Çünki türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyz paýtagtymyz Aşgabada hem täze ömür berdi! Ony tanalmaz derejede özgertdi. Aşgabadyň taryhy fotosuratlarda saklanyp galan ozalky keşbini häzirki zaman ajaýyp, owadan görnüşleri bilen deňeşdirip göreniňde, ýer bilen gök ýaly tapawudyň bardygyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleriniň sanardan kändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu günki günde döwrümiziň beýik binagäri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, merjen şäherimiz Aşgabat dünýäniň iň howpsuz ýurdunyň paýtagty, ýaşamak üçin ähli amatly şertleriň bir ýerde jemlenen ajaýyp şäheri hökmünde ykrar edilýär.

Ogulşirin MERETLIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.