Magtymgulynyň döredijiligi türkmen saz sungatynda

17 Maý 2021
1564

Söz ussady, nusgawy şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Magtymgulynyň döredijiligi indi birnäçe asyrdan bäri sungatyň, şeýle hem Gündogaryň filosofiki pikirleriniň ösüşlerine nusgadyr. Şahyryň döredijiligi örän köptaraplaýyn bolup, ol dünýäniň gurluşyny, adamzat durmuşynyň gymmatlyklaryny, adam bilen tebigatyň sazlaşygyny çuňňur beýan edýär. Şahyryň goşgy setirleri halk arasynda nakyllara, atalar sözüne, halk aýdymlaryna öwrüldi.

Magtymguly hakdan içen şahyr. Onuň döredijiligini öwrenijiler şahyryň goşgularynyň adaty bolmadyk mukamlylygyny, olaryň içki heňini we bitewiligini belleýärler. Şahyryň bir goşgusynda: «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň, uz bolar” diýşi ýaly, onuň aýdyma öwrülen ganatly setirleri, henize bu güne çenli aşa özüne çekijiligi, dil baýlygy we şahyrçylyk ussatlygynyň ajaýyp nusgalaryna eýedigi bilen diňleýjileri heýjana getirip gelýär.