Paýtagtymyzyň ilkinji bilim ojaklary: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

17 Maý 2021
1478

Aşgabat — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ählitaraplaýyn ösüşleriniň aýnasy, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ussatlygynyň gaýtalanmajak nusgasy. Onuň goýnunda görküne görk goşup oturan kaşaň binalaryň her biri baş şäherimiziň juwanlykdan, bagtyýarlykdan hem taryhdan söz açýan soňlanmajak aýdymyna öz «sesini» goşýar. Şeýle binalarda nesilleriň onlarça tapgyryny ylymdan, hünärden paýly eden şäherimiziň iň ilkinji bilim ojaklarynyň biri-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetidir.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň döreýiş taryhy 91 ýyly öz içine alýar. 1930-njy ýylda esaslandyrylan bu bilim ojagynda häzirki güne çenli ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ýokary bilimli hünärmenleriň müňlerçesi taýýarlanyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uniwersitetde oba hojalygy we dokma senagaty üçin ussat agronomlar, maldarlar, mal lukmanlary, gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy boýunça inženerler, ykdysadyýetçiler, buhgalterler, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji inžener-tehnologlar, dokma we ýeňil senagaty boýunça hünärmenler ýetişdirilýär.

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».