Bagtyýar mekanyň ak şäheri

17 Maý 2021
1044

Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Olaryň hatarynda ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat — siti» şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň binagärlik taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň taslamalary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärligi aýratyn orun eýeleýär. Bu ugurda medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, binalarda häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Bu gün paýtagtymyzyň halkara ähmiýetli işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändigi nazara alnyp, şu ugra degişli desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. «Aşgabat» işewürlik toplumynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň we ýokary halkara ülňüleriniň göz öňünde tutulmagy möhüm şertdir. Şeýlelikde, gurulýan desgalaryň hil derejesine, bezeg aýratynlyklaryna we bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegine yzygiderli gözegçilik ýola goýulýar.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, içerki gullugyň maýory.