Türkmen arwanasy

17 Maý 2021
1063

Hekaýa

Saryja sarwanyň eý görýän arwanasy şol gün ýaban çökdi. Dagy näme, köşegi torum çykýança saglar-da, süýdi sogulmazmy? Şunça saglany azmy?  Arwanadan özge düýe munça wagtlap sagdyrmaýaram. Şonuň üçin bolsa gerek, Dürnabat eje-de ony apalap, dilinden düşürmezdi: «Bir düýäm bar arwana, sürseň gitmez kerwene». «Mal eýesine çekmese şumluk» diýleni. Özüm ýaly hamrak-la, gyz».

Toýjan BORJAKOW.